Türkmenistanyň Döwlet Lukmançylyk Uniwersitetiniň hünärmenleri ...

Туркмены-народ, искони культивирующий традиции здорового образа жизни.

- Türkmenistanda ilkinji gezek Mollagara şypahanasynyň ýokary immunomodulirleýji palçygynyň hem-de rapasynyň bejerijilik häsiýetleri öwrenilýär. 
Alynan netijeler but çanaklyk bogunlarynyň deformirleýji osteoartrozyndan ejir çekýän syrkawlaryň toplumlaýyn bejergisi immunomodulýasiýa torlaryny öz içine alýandygy baradaky edebiýat maglumatlaryny tassyklady.  
Dyz bognunyň deformirleýji osteoartrozyndan  we but çanaklyk bogunlarynyň deformirleýji osteoartrozly näsaglarda miýeloperoksidazanyň fermentiniň fon defisitiniň bardygyny görkezdi, ol bolsa ganyň neýrofilleriniň fagositar işjeňliginiň peselýändigni subut edýär. Şypahana şertinde 5-7 güniň dowamynda alnyp barylan peloidaterapiýa kursy syrkawyň diňe bir kliniki tarapdan däl-de, eýsem immunologiki taýdan-da dikelmegine ýardam berdi. Mollagara şypahanasynyň palçygy hem-de rapasy ýokary immunomodulirleýji häsiýetine eýedir, munuň özi olary diňe bir daýanç-hereket  ulgamynyň kesellerini giňden bejermekde däl-de, eýsem bedeni umumy berkidiji serişde hokmünde hem peýdalanmaga mumkinçilik berýär.
-  Türkmenistanda ilkinji gezek Mollagara şypahanasynyň palçygynyň adam bedeninde kalsiý çalşygy hadysasyna täsiri öwrenildi. Mollagara şypahanasynyň palçygyny osteoartrozy bejermekde ulanmaklyga hödürlemek barada ylmy-barlag işleri alnyp barylýar. 
- Türkmenistanda  ilkinji gezek Hazar deňiziniň kenarýakasynda  ýerleşen  "Akpatlawuk" wulkanynyň palçygy öwrenilip başlandy. Sanitar – mikrobiologiki barlaglar geçirildi. Dürli temperaturalarda (29,5 °C we 37°C) saklanan wulkaniki palçygyň ekişlerinde  mikroorganizmleriň  ösüşi bolmady. Palçygyň  altynsöw stafilokokka bakterisid täsiriniň bardygy ýüze çykaryldy. Içege taýajygyna bolsa  palçygyň  ulanylan suspenziýalary  bakteriostatiki  täsir etdiler.  Häzirki döwürde wulkaniki palçygyň himiki düzümi, zäherliligi we tejribe haýwanlarynda deri örtüginde ýüze çykaryp biljek täsirleri barada barlaglar alnyp baryldy.
 - Türkmenistanda ilkinji gezek adaty ýüzärlik otunyň (Peganum garmala L.) 1:10,1:20,1:30 gatnaşykdaky tinkturasy alyndy we olaryň tejribe haýwanlarynda antebakterial häsiýetleri hem-de zäherlilik derejesi öwrenilip başlandy.

Свяжитесь с нами

Туркмены-народ, искони культивирующий традиции здорового образа жизни.