TÜRKMENISTANYŇ SAGLYGY GORAÝYŞ WE DERMAN SENAGATY MINISTRLIGINIŇ SAGLYGY GORAÝŞYŇ HABARLAR MERKEZI


Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda işlenip düzülen “Saglyk” döwlet maksatnamasyny durmuşa ornaşdyrmak maksady bilen  Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty  ministrliginde  ýeke-täk habar beriş ýoluny düzmek, jemgyýetçilik pikirlerini jemlemek, ilata ýýllyk meýilnama boýunça ýa-da kähalatda gyssagly ýagdaýda habar bermek, ilatyň lukmançylyk aň-bilimini ösdürmek, köpçülikleýin habar-beriş serişdeleriniň (tele- we radio yaýlymlary, gazet-žurnallar) üsti bilen halkyň saglyk babatda düşünjelerini, bilim we medeni derejelerini ýokarlandyrmak, sagdyn durmuşda ýaşamaklygyň ýollaryny wagyz etmek, ministrlikler, edara -kärhanalar, okuw mekdepleri, ýokary we orta okuw mekdepleri, abraýly halkara guramalary, jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde gurnalýan cärelere işjeň gatnaşmak maksady bilen 2000-nji ýylda 2000-nji ýylda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty  ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi döredildi.


MAKSADY:


Merkeziň esasy maksady Türkmenistanyň Prezidentiniň „Saglyk“ Döwlet maksatnamasyndan  ugur alyp, halkyň saglyk babatda bilim we medeni derejesini ýokarlandyrmak, sagdyn durmuşda ýaşamaklygyň ýollaryny wagyz etmek, halkyň saglygyny, işjeňlig­ini we uzak ýaşamaklygyny üpjün edýän sagaldyş çäreleriniň ähmiýetini wagyz etmekden ybarat.


 2015-nji ỳylyň iỳul aỳynyň 17-ne hormatly Prezidentimiziň karary bilen Türkmenistanyň Prezidentiniň “Saglyk” döwlet maksatnamasy we ony ỳerine ỳetirmegiň 2015-2017-nji ỳyllar üçin Milli meỳilnamasy tassyklanyldy. 2015-nji ỳylyň noỳabr aýynyň 6-na Türkmenistanyň Prezidentiniň “Saglyk” döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmek, saglygy goraỳyş ulgamyny halkara kadalaryna laỳyklykda has-da ösdürmek, bitewi öňüni alyş ulgamyny döretmek, saglygy goraỳşy dolandyrmagy kämilleşdirmek, raỳatlaryň saglygyny goramak boỳunça alnyp barylỳan işleri utgaşdyrmak, olaryň ỳerine ỳetirilişine gözegçilik etmek, sagdyn durmuş kadalaryny ornaşdyrmak, keselleriň öňüni almak boỳunça zerur çäreleri üstünlikli durmuşa geçirmek hem-de hyzmatdaşlygyny ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen Saglygy goraỳyş boỳunça köpulgamlaỳyn pudagara topary döredildi we toparyň düzümi tassyklanyldy. Bu resimanama laỳyklykda Saglygy goraýşyň habarlar merkeziniň utgaşdyrmagynda pudagara köpulgamlaýyn wagyz-nesihat topary hereket edip.ilatyň arasynda  giň gerimli işler alnyp barylỳar.


TSG we DSM-iň SGHM-iň utgaşdyrmagynda köpugurly wagyz nesihat çäreleriň meýilnamasyna laýyklykda Türkmenistanyň Prezidentiniň  “Saglyk” döwlet maksatnamasynyň  çäklerinde zähmetkeş ýaşlaryň, dürli ýaşly raýatlaryň saglyk babatda bilimini we medeniýetini  ýokarlandyrmak, ilatyň sagdyn iýmitlenmegini gazanmak, ýokanç däl keselleriň öňüni almak,sagdyn iýmitlenmek endigini kemala getirmek, zyýanly endiklerden daşda durmaklygy ündemek, temmäki önümleriniň adam saglygyna ýetirýän zyýanyny  düşündirmek, Ene süýdüniň ähmiýetini, sagdyn durmuşda ýaşamaklygyň ýollaryny wagyz etmek, kesarew kesim operasiýalaryň öňüni almak, halkyň saglygyny, işjeňligini we ömrüni uzaltmagyň  netijeli ýollaryny düşündirmek,ýurdumyzda geçirilýän täze anyklaýyş we bejeriş usullary bilen tanyş etmek,ýurdumyzda öndürilýän derman we saglyk maksatly önümleri bilen tanyşdyrmak, keselleriň öňüni alyş sanjymlary barada giňişleýin maglumat bermek, it  we beýleki jandarlaryň dişlemekliginiň öňüni almak,iýmit zäherlenmeleriň we möwsümleýin keselleriň öňüni almak,ýol hereketiniň howpsuzlygyny gazanmak, gan donory bolmaklygynyň saglyga peýdasyny düşündirmek,bedenterbiýäniň,önümçilik maşklarynyň adam saglygyna täsirini açmak,ýokanç däl keselleriň öňüni almak we saglyk mekdepleriň ähmiýetini düşündirmek,şypahana bejergilerini mahabatlandyrmak,saglyk ätýaçlandyrmanyň ähmiýetini düşündirmek,elektron saglygy goraýyş kartalarynyň ähmiýetini açmak, ilatymyzyň maşgala lukmanlaryň kabulyna yzygiderli barmaklaryny we öz saglygyny yzygiderli gözegçilikde saklamaklaryny  ýola goýmak we gazanmak, ýurdumyzda kabul edilýän Kanunlary düşündirmek  we ilatymyzyň bu meseleler barada düşünjesini ýokarlandyrmak maksady bilen  wagyz-nesihat duşuşyklary geçirilýär.


Dürli ministrlikleriň edara-kärhanalarynyň işgärleriniň arasynda  gurnalýan ýygnaklaryň  ählisine  TSG we DSM-niň Saglygy goraýşyň habarlar merkeziniň,Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň,  Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň wekilleri we  her bir edaranyň Kärdeşler arkalaşygynyň  we zenanlar birleşiginiň ilkinji guramasynyň ýolbaşçylary we Saglygy goraýyş ulgamynyň   lukman-hünärmenleri  mowzuklara görä kesgitlenip gatnaşýarlar.


MERKEZ ÖŇÜNI ALYŞ IŞLERI AŞAKDAKY UGURLAR BOÝUNÇA  ALYP BARÝAR:


Sagdyn iýmitlenmek


Fiziki işjeňlik


Çilimkeşligiň öňüni almak


Arakhorlugyň öňüni almak


Neşekeşligiň öňüni almak


Ýokanç we ýokanç däl keselleriň öňüni almak


„AIDS-iň“, JGAGK –iň öňüni almak


Nesil saglygy


Saglygy goraýşyň ilkinji halkalarynda keselçiligiň öňüni almak we sagdyn durmuş ýörelgesini alyp barmak.


TSG we DSM-niň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi üç bölümden ybarat:



  • sagdyn durmuş bölümi,

  • keselleriň öňüni alyş bölümi,

  • metbugat  bölümi.

Sagdyn durmuş bölümi


Bu bölüm ýurdumyzyň mekdeplerinde we tomusky dynç alyş-sagaldyş merkezlerinde,  ýokary okuw jaýlarynda okuwçylaryň, talyplaryň arasynda “tegelek stoluň” başynda maslahatlary, konferensiýalary, beýanlary, wagyz-nesihat çärelerini guramaçylykly geçirmek, makalalary taýýarlamak işlerini alyp barýar.


Keselleriň öňüni alyş bölümi


Bu bölümiň esasy maksady keselleriň öňüni almak, saglygy berkitmek we adamlaryň ömrüniň ortaça dowamlylygyny uzaltmak maksady belen, ilatyň arasynda  sagdyn durmuş ýörelgesini giňden wagyz etmek.  Ilatyň arasynda,ýagny  edara-kärhanalarda işleýän raýatlaryň arasynda hem wagyz-nesihat çärelerini geçirmek, wagyz- nesihat serişdelerini ýaýratmak. Söhbetdeşligi, beýanlary, konferensiýalary, maslahatlary geçirmek.


Metbugat  bölümi


Bu bölüm köpçilikleýin habar beriş serişdeleri bilen yzygiderlikde işleri alyp barýar.


Saglygy goraýyş işgärleriniň taýýarlan makalalarynyň we tele, radio çykyşlarynyň halk köpçüligine ýetirilmegini gurnaýar we gözegçilik edýär. Şeýle hem  ähli teleýaýlymlarynda  we  radioýaýlymlarynyň “Il saglygy-ýurt baýlygy”, “Saglygym-baş baýlygym” atly radiogepleşiklerinde lukmanlaryň çykyşlaryny utgaşdyrýar.


Metbugat bölümiň düzüminde kiçi studiýa  hereket edýär. Studiýada „Il saglygy – ýurt baýlygy“ ylmy-populýar telegepleşigi taýýarlanýar. Onda tomaşaçylaryň soraglaryna jogap we degişli maslahatlar berilýär, saglyk ulgamyndaky täze özgertmeler barada aýdylýar. Bu gepleşigiň esasy maksady ilatyň saglygyny berkitmek, adamlaryň ömrüniň ortaça dowamlylygyny uzaltmak, zyýanly endiklerden gaça durmak, sagdyn iýmitlenmek, sport bilen meşgullanmak işi we dynç alyşy sazlaşykly alyp barmak,  sagdyn durmuş ýörelgelerini alyp barmak barada maslahatlary bermek, şeýle hem saglyk ulgamyndaky özgertmeler  baradaky habarlary ilatyň dykgatyna ýetirmek.


Telegepleşik : sagdyn durmuş ýörelgeleri, lukmanyň maslahaty, sport we saglyk, milli miraslarymyz we saglyk, Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri, çaý melhem hem ylham, bereketli türkmen saçagy, körpeleriň saglygy, sizden gelen hatlara jogap, halkara hyzmatdaşlygy,geçirilýän maslahatlar, ylmyň gazananlary atly sahypalardan ybarat bolup, hepdäniň çarşenbe we ekşenbe günleri sagat 1545  halkyň dykgatyna Altyn asyr:Türkmenistan teleýaýlymy arkaly ýetirilýär.Efir wagty 1 sagat.Gepleşigiň dowamynda ýokanç we ýokanç däl keselleriň öňüni almak maksatly  şekilli görnüşler hem halkyň dykgatyna ýetirilýär.