Halkara okuw-ylmy merkezinde şu aşakdaky tematiki kurslar hödürlenýär:

LUKMANÇYLYK WE BAGLANYŞYKLY HÜNÄRLER (UGURLAR) BOÝUNÇA YLMY-HÜNÄR TAÝÝARLYK KURSLARY

Gaýragoýulmasyz lukmançylyk kömegini bermek boýunça simulýasion okuw kurslary

Lukmanlar üçin okuw sapaklary:

  • Giňeldilen başlangyç reanimasiýa (Advanced life support, ALS) – jan saglygyny saklamak (täze doglanlar, çagalar, ýetginjekler we ulular) (6 gün);
  • Giňeldilen başlangyç reanimasiýa (Advanced life support, ALS) – şikeslerde jan saglygyny saklamak (täze doglanlar, çagalar, ýetginjekler we ulular) (6 gün);
  • Ýüregiň durmagy, ritmiň bozulmagy (6 gün).

Orta saglygy goraýyş işgärleri üçin okuw sapaklary:

  • Başlangyç reanimasiýa (Basic life support BLS) – jan saglygyny saklamak –operasion şepagat uýalary üçin (10 gün);
  • Başlangyç reanimasiýa (Basic life support BLS) – terapiýada jan saglygyny saklamak – şepagat uýalary üçin (10 gün);
  • Başlangyç reanimasiýa (Basic life support BLS) – pediatriýada jan saglygyny saklamak – şepagat uýalary üçin (10 gün);
  • Başlangyç reanimasiýa (Basic life support BLS) – intensiw bejergide jan saglygyny saklamak – şepagat uýalary üçin (10 gün);
  • Başlangyç reanimasiýa (Basic life support BLS) – täze doglanlaryň jan saglygyny goramak – intensiw bejergi bölüminiň şepagat uýalary üçin (10 gün);
  • Başlangyç reanimasiýa ýürek-damar hirurgiýasynda – jan saglygyny saklamak – şepagat uýalary üçin (10 gün);
  • Başlangyç reanimasiýa – jan saglygyny saklamak – gaýragoýulmasyz kömegiň şepagat uýalary üçin (10 gün);
  • Başlangyç reanimasiýa – jan saglygyny saklamak –feldşerler üçin (10 gün);
  • Başlangyç reanimasiýa – jan saglygyny saklamak – endoskopiýa bölüminiň şepagat uýalary (10 gün).

Kiçi saglygy goraýyş işgärleri okuw sapaklary:

  • Kiçi saglygy goraýyş işgärleriniň hünär taýýarlygyny ýokarlandyrmak boýunça kurslar (10 gün).

Lukmançylyk bilimi bolmadyk hünärmenler üçin okuw sapaklary:

  • Başlangyç reanimasiýa – jan saglygyny saklamak – howpsuzlyk gullugynyň hünärmenleri üçin (6 gün);
  • Başlangyç reanimasiýa – jan saglygyny saklamak – nebitgaz toplumynyň hünärmenleri üçin (6 gün);
  • Başlangyç reanimasiýa – jan saglygyny saklamak – energetika gullugynyň hünärmenleri üçin (6 gün);
  • Başlangyç reanimasiýa – jan saglygyny saklamak – jemagat hojalygy gullugynyň hünärmenleri üçin (6 gün);
  • Başlangyç reanimasiýa – jan saglygyny saklamak – awtomobil we demir ýol ulaglarynyň hünärmenleri üçin (6 gün);
  • Başlangyç reanimasiýa – jan saglygyny saklamak – içeri işler edaralarynyň hünärmenleri üçin (6 gün).

Lukmanlar üçin kliniki-anyklaýyş (barlaghana/laborator) ugry boýunça okuw kurslary:

  • Lukmanlar we lukman-laborantlar üçin hünär kämilleşdiriş boýunça başlangyç kurs (kliniki biohimiýa we gematologiýa, sitologiýa, mikrobiologiýa, patomorfologiýa (patologik anatomiýa), molekulýar genetika, sitogenetika, metabolizm, embriologiýa we sütün öýjükleri, wiwarium-laboratoriýa) (3 aý, başlangyç hünär ýokarlandyryş boýunça kurs);
  • Lukmanlar we lukman laborantlar üçin ikinji kurs (kliniki biohimiýa we gematologiýa, sitologiýa, mikrobiologiýa, patomorfologiýa (patologik anatomiýa) molekulýar genetika, sitogenetika, metabolizm, embriologiýa we sütün öýjükleri, wiwarium-laboratoriýa) (3 aý,  hünär kämilleşdiriş);
  • Ylmy işgärleriň ylmy işleri boýunça okuw-usuly sapaklary – I dereje (1 aý);
  • Ylmy işgärleriň ylmy işleri boýunça okuw-usuly sapaklary – II dereje (2 aý);
  • Ylmy işgärleriň ylmy işleri boýunça okuw-usuly sapaklary – III dereje (3 aý);
  • Lukman-laborantlar üçin anyklaýşyň giňeldilen kliniki, gematologiki we biohimiki usullary boýunça hünär kämilleşdiriş kurslary (2 hepde);
  • Lukman-laborantlar üçin anyklaýşyň kliniki, gematologiki we biohimiki usullary boýunça hünär kämilleşdiriş kurslary (6 gün);
  • Lukman-laborantlar üçin anyklaýşyň kliniki, gematologiki usullary boýunça hünär kämilleşdiriş kurslary (3 gün).

Kliniki anyklaýyş bölümlerinde we otaglarynda işleýän orta saglygy goraýyş işgärleri üçin okuw kurslary:

  • Laboratoriýadaky laborantlar üçin hünär kämilleşdiriş kurslary (kliniki biohimiýa we gematologiýa, sitologiýa, mikrobiologiýa, patomorfologiýa (patologik anatomiýa) molekulýar genetika, sitogenetika, metabolizm, embriologiýa we sütün öýjükleri, wiwarium-laboratoriýa) (1 aý, hünär kämilleşdiriş);
  • Laborantlar üçin  anyklaýşyň giňeldilen kliniki, gematologiki we biohimiki usullary boýunça hünär kämilleşdiriş kurslary (2 hepde);
  • Laborantlar üçin  anyklaýşyň kliniki, gematologiki we  biohimiki usullary boýunça hünär kämilleşdiriş kurslary (6 gün);
  • Laborantlar üçin  anyklaýşyň kliniki, gematologiki usullary boýunça hünär kämilleşdiriş kurslary (3 gün).

Kliniki anyklaýyş bölümlerinde we otaglarynda işleýän kiçi saglygy goraýyş işgärleri üçin okuw kurslary:

  • «Barlaghana işiniň umumy esaslary» boýunça kiçi saglygy goraýyş işgärleri üçin okuw kurslary (2 hepde).

Halkara okuw-ylmy merkezi lukmançylyk ugurly başga-da okuw kurslaryny hödürleýär:

Lukmançylykda daşary ýurt dillerini öwrenmek boýunça dürli derejedäki okuw kurslary:

Iňlis dili boýunça okuw kurslary:

  • Iňlis dili boýunça amaly okuw sapaklary (lukmançylykda) – I dereje (3 aý);
  • Iňlis dili boýunça amaly okuw sapaklary (lukmançylykda) – II dereje (3 aý);
  • Iňlis dili boýunça amaly okuw sapaklary (lukmançylykda) – III dereje (3 aý);
  • Iňlis dili boýunça intensiw okuw sapaklary (lukmançylykda) – I dereje (2 aý);
  • Iňlis dili boýunça intensiw okuw sapaklary (lukmançylykda) – II dereje (2 aý);
  • Iňlis dili boýunça intensiw okuw sapaklary (lukmançylykda) – III dereje (2 aý).

Nemes dili boýunça okuw kurslary:

  • Nemes dili boýunça amaly okuwlar (lukmançylykda)- I dereje (3 aý);
  • Nemes dili boýunça amaly okuwlar (lukmançylykda)- II dereje (3 aý);
  • Nemes dili boýunça amaly okuwlar (lukmançylykda)- III dereje (3 aý);
  • Nemes dili boýunça intensiw okuw sapaklary (lukmançylykda)- I dereje (2 aý);
  • Nemes dili boýunça intensiw okuw sapaklary (lukmançylykda)- II dereje (2 aý);
  • Nemes dili boýunça intensiw okuw sapaklary (lukmançylykda)- III  dereje (2 aý).

Kompýuter sowatlylygy boýunça okuw kurslary (lukmançylykda)

Kompýuter sowatlylygy boýunça adaty kurslar (lukmançylykda):

  • Başlangyç dereje (lukmançylykda);
  • Orta dereje (lukmançylykda);
  • Ýokary dereje (lukmançylykda);
  • Aýratyn maksatnamalar (lukmançylykda).

Kompýuter sowatlylygy boýunça gysga wagtly kurslar (lukmançylykda):

  • Başlangyç dereje (lukmançylykda);
  • Orta dereje (lukmançylykda);
  • Ýokary dereje (lukmançylykda);
  • Aýratyn maksatnamalar (lukmançylykda).