MERKEZ BARADA

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Halkara okuw-ylmy merkezi “Türkmenistanda Saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmegiň 2012-2016-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny” we Türkmenistanyň Prezidentiniň “Saglyk”  Döwlet maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek,  şeýle hem Türkmenistanyň  Prezidentiniň 2015-nji ýylyň 12-nji iýulynda kabul eden № 14334 belgili kararyny we Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň 2015-nji ýylyň 12-nji iýulynda çykaran № 232 belgili buýrugyny amala aşyrmak maksady bilen döredildi.

            Merkeziň esasy maksady – saglygy goraýyş hünärmenleriň diplomdan soňky lukmançylyk bilimlerini we goşmaça hünär derejesini has-da kämilleşdirmek, ylmy barlaglary geçirmek we lukmançylygyň öňdebaryjy  üstünliklerini bejeriş-anyklaýyş tejribesine girizmek bolup durýar.

            Halkara okuw-ylmy merkeziniň binýadynda döwrebap ýokary derejede ýöriteleşdirilen, kompýuterleşdirilen simulýasion-türgenleşik merkezi açyldy. Ol häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilendir. Hususan-da, bu ýerde robot-simulýatorlar, wirtual simulýatorlar, trenažýorlar, laparoskopiýa üçin lukmançylyk wideotrenažýorlary, dürli çylşyrymlykdaky amaly endikleri özleşdirmek üçin mulýažlar we fantomlar bar. Okuw otaglarynyň ählisi wideokameralar bilen üpjün edilip, bitewi tora birikdirilendir. Bu ýerden wideoşekiller mejlisler (debrifing) zalynda görkezilýär. Türgenleşikleriň wagtynda ýokary derejeli maneken-imitatorlar çagalarda we dürli ýaşdaky ulularda ýüze çykýan köpsanly hakyky kliniki ýagdaýlara ýakyn bolan şertleri döretmäge mümkinçilik berýär. Bu, mysal üçin, täze doglan, 5 ýaşa çenli we ýokary ýaşdaky çagalara, şeýle hem ululara başlangyç we gaýragoýulmasyz lukmançylyk kömegini bermek boýunça manual endikleri ele almaga, şeýle hem gyssagly sindromlaýyn bejergi bermegiň ýörelgelerini işläp düzmäge ýardam edýär.

            Bu täze okuw-ylmy düzüm birligi “döretmek – ornaşdyrmak – ýaýratmak” basgançaklaryny öz içine alýan lukmançylyk innowasiýalarynyň toplumynyň başlangyç tapgyrydyr. Şu nukdaýnazardan hem, merkeziň esasy iş ugurlarynyň hataryna tejribede amal edip boljak netijelere gönükdirilen, halkara ülňülerine laýyk gelýän ylmy-barlag taslamalaryny işläp düzmek, şeýle hem ilat üçin innowasion (ýokary tilsimatly/hilli) lukmançylyk hyzmatlarynyň ulgamyny giňeltmek degişlidir.

            Merkezde oturdylan iň täze enjamlaryň kömegi bilen lukmanlar, kliniki ordinatorlar, intern-lukmanlar hem-de lukmançylyk we lukmançylyk bilen baglanyşykda bolan ugurlaryna degişli beýleki hünärmenler tejribe türgenleşiklerini geçýärler, hünär derejesini ýokarlandyrýarlar, döwrebap işläp taýýarlamalary, düýpli we amaly barlaglary amala aşyrýarlar. Dünýäniň öňdebaryjy tejribesini öwrenmek bilen, iň täze usullary we tehnologiýalary özleşdirýärler. Öňdebaryjy simulýasiýa okuw merkezinde diplomdan soňky taýýarlyk okuwlarynda dürli hünär ugurlary boýunça sapaklar geçilýär. Habardar etmekden başlap, elektron okuwlara çenli okuw maksatnamasynyň her bir tapgyry «Learning space» atly ýörite maksatnama üpjünçiliginiň kömegi bilen uzak wagtlap saklanylýar. Bu maksatnama üpjünçiliginiň kömegi bilen Merkezde ornaşdyrylan 70-den gowrak wideokameralar simulýatorlardan we lukmançylyk enjamlaryndan wideo maglumatlar ýygnalýar. Bilim alýanlaryň önümçilik derejesine degişli maglumatlaryň ählisi mugallymlara iberilýär.