AÝRATYN HOWPLY ÝOKANÇ KESELLERIÑ ÖÑÜNI ALYŞ MERKEZI

Salgysy: 744012, Тürkmenistan, ş.Aşgabat, O.Annaýew  köç (2255)., 81 j.

Iş telefonlary: (+99312) 73-88-13;

Faks: (+99312) 73-86-08   

Elektron salgysy: gsesoooi2010@online.tm

Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başda durmagynda  biziň ýurdumyzda adamlaryň jan saglygyny gorap saklamak gönüden-göni döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolmagynda galýar.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ynsan saglygyny hemme zatdan ileri tutýan milli Liderimiziň tagallasy bilen Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamy halkara derejesinde ykrar edilen ulgama öwrüldi. Diňe bir biziň ýurdumyzda däl eýsem, sebitde hem deňi-taýy bolmadyk saglyk desgalarynyň yzygiderli açylyp ulanylmaga berilmegi munuň aýdyň mysalydyr.

Hormatly Prezidentimiziň Biziň ähli aladamyz halkymyzyň bagtly, eşretli ýaşaýşyna gönükdirilendir'' diýen ajaýyp sözleri Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe öz beýanyny tapdy. Ýurdumyzda innowasion tehnologiýaly saglygy goraýyş edaralarynyň yzygiderli gurlup, ulanylmaga berilmegi ýokanç keselleri anyklamakda we oňa garşy öñüni alyş çärelerini kämilleşdirmäge mümkinçilik döretdi.

1935-nji ýylyň noýabr aýynyň 15-inde Aşgabat şäheriniñ  epidemiologiýa we mikrobiologiýa ylmy-barlag institutynyñ düzüminde Türkmenistanyň gyrgyn keseline garşy merkezi stansiýasyny döretmek barada SSSR-iñ halk komissarlarynyň  karary kabul edildi.  1938-nji ýylda bolsa, SSSR-iň Saglygy goraýyş ministrliginiň buýrugy bilen, Türkmenistanyň gyrgyna  garşy stansiýasy özbaşdak edara hökmünde işläp başlady. Türkmenistanyň Prezidentiniň 1992-nji ýylyň 14-nji ýanwaryndaky   № 340 we Türkmenistanyñ Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň 1992-nji yylyň 16-njy fewralyndaky № 15 buyrugy bilen Türkmenistanyñ Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine geçirildi. Türkmenistanyñ Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň 1998-nji ýylyň mart аýynуň 3-ine № 50 belgili “Türkmenistanyñ Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Döwlеt sanitariýa-epidemiologiýa inspeksiýasyny döretmek baradaky” buýrugy bilen “Aýratyn howply ýokanç keselleriñ öñüni alyş merkezi” – diýlip atlandyryldy. Döwlet  Arassaçylyk  we  keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek  gullugynyň  Aýratyn howply  ýokanç keselleriň  öňüni  alyş  merkeziniň  edarasy ak mermerli döwrebap  4  gatly  täze binada ýerleşýär. Merkeziň   işiniň baş maksady Türkmenistanyň çäklerini aýratyn howply ýokanç we karantin kesellerinden gorap saklamak   we öñüni almakdyr.  Onuň düzüminde   dünýä ülñülerine laýyk gelýän,  ygtybarly enjamlar bilen enjamlaşdyrylan we işlerini iň täze usullar bilen amala aşyrýan bäş sany bölüm hereket edýär:

1. Barlaghana bölümi;                                   

2. Keselleriñ ýaýramagyna garşy göreşmek, seljeriş we çaklama bölümi;

3. Ylym we hünäri kämilleşdiriş okuw bölümi;

4. Zoologiýa, parazitologiýa we haýwanlara ideg edýän bölümi;

5. Mör-möjeklere, gemrijilere garşy zyýansyzlandyryş bölümi.

Barlaghana bölümi

Merkeziñ barlaghana bölüminde aýratyn howply ýokanç we karantin keselleriniň  döredijilerini klassyky bakteriologiki barlaglar bilen bir hatarda  aýratyn howply ýokanç we karantin keselleriniñ döredijilerini awtomatik usulda «Biomerieuх» kompaniýasynyñ Vitek 2 compact 60 enjamynda anyklamaga mümkinçilik döredilen. «Vitek 2 compakt  60»  enjamy kesel dörediji mikroorganizmlеrini identifisirlemegi  we  antibiotiklere  duýujylygyny kesgitlemeklige  niýetlenen.  Bu  enjamda bir  wagtda  60 sany test goýup bolýar. Bu bolsa hassalarda kesel döredijileri gysga wagtda anyklap,  olara garşy ygtybar antibiotikler bilen bejergi bermeklige mümkinçilik döredýär.

Bakteriologiki iýmit gurşawlaryň taýýarlaýyş we olaryñ hiline  gözegçilik otagy

  Kesel dörediji  mikroorganizmleri gysga  wagtda ýüze çykarmak üçin ýokary hilli bakteriologiki iýmitlendiriji gurşawlary gerek bolýar. Bakteriologiki iýmit gurşawlaryny gerek mukdarda taýýarlamak we  olaryň hiline yzygider gözegçilik etmek üçin Merkezde ýörite iýmit gurşawlary taýýarlaýyş we olaryň hiline gözegçilik edýän otag döredilen. Bu otagda awtomatiki usulda «AES Chemineх» kompaniýasynyñ «Master-clave 09» enjamynda gerek bolan bakteriologiki  iýmitlendiriji gurşawlaryň dürli görnüşleriniň sagatda 9 kg çenli taýýarlanylýar. Ähli bakteriologiki iymit gurşawlarynyň hiline hem yzygider gözegçilik edilýär. Ähli taýýarlanylan iymitlendiriji gurşawlar barada maglumatlar Merkeziň kompýuter ulgamynda saklanylýar. Ýurdumyzyň ähli bakteriologiki barlaghanalarynda taýýarlanylýan bakteriologiki iýmitlendiriji gurşawlaryň hili hem bu otagda kada laýyklykda barlanylýar we degişli netijenamalar berilýär.

 Polimeraz-zynjyrly reaksiýa (PZR) otagy  

Merkeze  barlaglar  üçin  gelýän  nusgalary  aýratyn  howply  ýokanç we  karantin  keselleriniñ  döredijilerine häzirki wagt PZR we klassyky PZR usullary bilen gysga wagtda barlanylýar. Barlaglar diňe bir hil babatda däl-de, eýsem, mukdar taýdan hem anyklamaga mümkinçilik berýär. Bu  otagda  diñe bir  PZR  usuly  däl-de, eýsem,  gel-elektrofarez  usuly  hem  ulanylýar. Ulanylýan usullar dünýäde iň bir duýgur usullaryň biridir we aýratyn howply ýokanç we karantin keselleriniň iň irki döwründe anyklamaga mňmkinçilik berýär. Alnan  hemme  netijeler  kompýuter  ulgamynda  saklanylýar  we seljerilýär. 


Wirusologiýa otagy

  Otagyñ wirusolog lukmanlary immunoferment  we gel-elektrofarez  usullarynyñ  kömegi  bilen aýratyn  howply  ýokanç  wirus  kesellerini tapmakda  we  onuñ  öñüni  almakda  uly işleri amala aşyrýarlar. Hassalaryň gan nusgalarynda ir döwürde  emele gelýän IgM antitelalary anyklamakda we olaryň haýsy kesele garşy gönükdirilendigini anyklamak wirusolog lukmanlaryň esasy wezipeleriniň biri bolup durýar.

Immunologiýa otagy

    Bu otagda immunoferment,  passiw  gemaglýutinasiýa  reaksiýasy,  antitelalaryň  neýtralizasiýa  reaksiýasy  we  köp  sanly beýleki  immunologiki  usullary  amala  aşyrylýar.  Otag  dünýäniñ  öñdebaryjy  kompaniýalarynyñ  enjamlary  bilen  enjamlaşdyrylan. Immunolog lukmanlaryň esasy maksady häzirkizaman immunologiki usullaryň kömegi bilen gum zolaglarynda gemirjileriň arasynda epizotiýanyň öňüni almak maksady bilen, gemirjileriň gan nusgalarynda aýratyn howply ýokanç we karantin kesellerini döredijilere garşy emele gelýän antitelalaryň mukdaryny we görnüşini ir döwürde anyklamakdan ybaratdyr. Gerek bolan ýagdaýda adamlaryň gan nusgalarynda islendik ýokanja garşy antigenleri we antitelalary anyklamaga immunolog lukmanlaryň mümkinçiligi bar.


Konfokal (Lazer) mikroskopiya otag

Dünýä belli «Carl Zeiss» kompaniýasynyň «LSM 880» kysymly 5 lazerli konfokal mikroskopynyň kömegi bilen aýratyn howply ýokanç keselleriniň döredijileriniñ gurluşyny çalt we çuňňur öwrenmeklige mümkinçilik berýär. «Carl Zeiss» kompaniýasynyň «LSM 880»  mikroskopy ýagtylyk şöhleleriniñ kömegi bilen işleýän mikroskopiýanyň usulyýetleriniñ biridir. Mikroskopdan  (lýuminissent mikroskop), skanirleýji blokdan, yşyklandyryjy blok-lazerden, ýörite programma üpjünçilikli kompýuterden ybarat bolup durýar.  Konfokal mikroskopda ýagtylygyň çeşmesi hökmünde lazer şöhleleri ulanylýar, ol şöhlelendirmäniň ýokary işjeňligini we monohromlylygyna eýelik edýär. Bu ulgamy dolandyrmagy, şekilleri emele getirmegi we saklamagy, netijeleri gaýtadan işlemegi kompýuter ýerine ýetirýär. «Optiki kesimleri» almak, soňra obýekti üç ölçegli görnüşde dikeltmek, bular, diňe bir göwrümli şekili (3D) döretmäge mümkinçilik bermän, eýsem, obýektdäki wagt bilen ölçenilýän, ýagny – 4D üýtgeşmelere hem gözegçilik etmäge mümkinçilik berýär. Bu bolsa ýokanç keselli hassalarda kesel döredijileri ir döwürde anyklamaga, olaryň dürli himiki serişdeler bilen aragatnaşygyny, galyberse-de antibiotikleriň mikroorganizme edýän täsirini göni monitorda gözegçilik etmäge mümkinçilik döredýär.


Diri mikroblary saklaýyş otagy

Diri mikroblary uzak möhlеtlеýin saklamak üçin niyetlenen otagda «Telstar» kompanýasynyň (Ispaniya) Lioquest liofilizator enjamy we -86 0C doňdurmaga ukyply doňduryjylar yerleşdirilen. «Telstar» kompanýasynyň Lioquest enjamynda öňünden doňdurylan biologiki obýektler wakumda guradylýar. Bu usulyýet mikrobiologiýada bakteriýa kulturalaryny uzak möhlеtiň dowamynda konserwirlemek üçin ulanylýar. Ýurdumyzda mikroorganizmleriň genetiki biodürlüligini saklamakda, molekulýar epidemiologiýa ylmyny ösdürmekde we aýratyn  howply ýокаnç we karantin keselleriniň dörеdijilеriniň gelip çykyşyny öwrеnmеkdе diri mikrobIaryň muzeýi uly orun tutýar.

Gen-molekulýar barlaglar otagy

Bu otagda «Ilumina» kompaniýasynyň «NGS HiSeq 2500» (ABŞ) enjamy oturdylan. «Sequencer NGS HiSeq 2500» enjamynyň täze neslinde sekwenirleýän enjam bolup, gysga wagtyň içinde, 24-27 sagatda genomyň nukleotid yzygiderligini anyklaýar.

«Sekwinator HiSeq 2500» ýоkаrу öndürijilik tizlikli, ulanmakda amatlydyr. Bakteriologiýada bu usul mikrob ştammyň DNK-nyň mahsus zolagyny we doly nukleotid yzygiderligini anyklaýar. Amaly lukmançylykda bu usul аýratyn howply ýokanç we karantin keselleriniň dörеdijilеriniň doly genetiki gurluşyny öwrenmägе, molekulýar ерidemiologiýada epidemiýanyň ýa-da epizootiýanyň çeşmesini anyklamaga mümkinçilik berýär.


Bakteriologiki barlaghanaly awtoulag GAZ 3308 «Sadko»

Meýdan şertlerinde işlemek üçin merkezde “GAZ Sadko” markaly hereketli bakteriologiki barlaghana awtoulagy bar. Bu awtoulag anyklaýyş barlaglaryň ähli toplumlaryny geçirmekligi üpjün edýän, biohowpsyzlygyň 2-nji derejesi bilen üpjün edilen laminar şkafy, termostat, awtoklaw, sowadyjy we beýleki tehniki enjamlar bilen enjamlaşdyrylandyr. Göçme bakteriologiki barlaghanada aýratyn howply ýokanç keselleriniň döredijilerini gysga wagtda anyklamaga we onuň öňüni almaklyga mümkinçiligi bar. Gerek bolan ýagdaýynda göçme bakteriologiki barlaghanada köpçülikleýin bakteriologiki barlaglary hem amala aşyryp bolýar.


Keselleriñ ýaýramagyna garşy göreşmek, seljeriş we çaklama bölümi

Bu bölüm Aýratyn howply ýokanç keselleriň öňüni alyş merkezinde we welaýatlardaky bölümlerinde bejeriş we keselleriň öňüni alyş edralarynda edilýän we geçirilýän işler barada maglumatlary ýygnaýar, seljerýär we netije çykarýar.

Merkeziň okuw sapaklarynda bilimlerini kämilleşdirmeklige gatnaşýan zoologlaryň, weterinarlaryň we zyýansyzlandyryjylaryň öňünde aýratyn howply ýokanç keselleriniñ öňüni almak boýunça degişli makalalar bilen çykyş edýärler. Keselleri bejeriş we öňüni alyş edaralarynyň aýratyn howply ýokanç keselleriniñ öñüni almak boýunça taýynlygyna gözegçilik edýärler.

            

Bölümiň hünarmenleri hassahanalaryň işgärleriniň arasynda aýratyn howply ýokanç keselleriň öňüni almak boýunça okuw sapaklaryny we düşündiriş işlerini geçirýärler.

Ylym we hünäri kämilleşdiriş okuw bölümi


 Bakteriologiki anyklaýyş işi bilen bilelikde, uly ylmy-barlag işi hem geçirilýär. Bölümiñ esasy ylmy ugry: «Brusellýoz keseliniñ mikrobiologiki, epidemiologiki we kliniki aýratynlyklary». Ylmy işgärler, häzirki zaman ýokary duýgurly kämil enjamlary ulanyp, ýokanç keselleriň çeşmesini, geçiş ýollaryny, kesellere duýgur makroorganizmi we keselleriň ýaýramagyna täsir edýän sebäpleri öwrenýär.

Biologiki usullary ulanmak bilen, keselleriň epidemiologiki zynjyrynda ejiz ýerlerini, keseliñ öñüni almak maksady bilen, olara täsir etmek üçin usullary anyklaýarlar. Barlaglaryň täze ugurlaryny amalda ornaşdyrmaklyk göz öňünde tutulýar.

Bölümiñ işgärleri ýurdumyzyň Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň bakteriologlaryny, zoologlaryny, zyýansyzlandyryjylaryny taýýarlamak we olaryñ hünär derejelerini kämilleşdirmek işlerini ýörite gurnalan okuw sapaklarynda yzygiderli alyp barýarlar.

Zoologiýa, parazitologiýa we haýwanlara ideg edýän bölümi


Zoologiýa bölümçesi

Zoologiýa bölümçesiniñ esasy wezipeleri gyrgyn we beýleki aýratyn howply ýokanç keselleri barlaghanasynda barlaglary geçirmek üçin meýdan materiallaryny toplamaklygy gurnamak we amala aşyrmakdan ybaratdyr. Gyrgyn keseliniň mikrobyny göterijileriñ we geçirijileriñ san taýdan ýagdaýy barada maglumatlary toplap, seljerip, deslapky çaklama işlerini geçirmek. Toplanan maglumatlary ýokary hilli derňew geçirmek üçin zoologlaryň otaglary internet bilen birikdirilen kompýuterler, döwrebap enjamlar bilen üpjün edilendir.


Meýdan işlerini geçirýän toparlar meýdan şertlerinde özbaşdak ýaşamaklyga, işlemeklige mümkinçiligi bolan döwrebap awtoulaglar, çadyrlar, dizel generatorlar we beýleki zerur enjamlar bilen üpjün edilendir.

Parazitologiýa bölümçesi

Bölümçäniñ parazitolog-entomologlary gyrgyn we beýleki howply ýokanç transmissiw keselleri geçirijileriniñ ýurt boýunça ýaýraýşyny, köpelşini, olara garşy dezinseksiýa serişdeleriniñ işjeñligini öwrenip, degişli öñüni alyş işlerini gurnaýarlar. Bu bölümçede kompýuter bilen birikdirilen stereomikroskopy, büreleri, sakyrtgalary gözden geçirmek üçin lupa, internet bilen baglanyşdyrylan kompýuter ulgamy ýerleşdirilen.

Haýwanlara ideg edyan bölümçe

Bakteriologiki we biologiki tejribeleri geçirmek üçin ak syçanlary deňiz jojuklaryny we towşanlary gerekli mukdarda saklaýarlar, köpeldýärler. Her bir haýwan özbaşdak kapasada saklanylýar. Kapasalaryň howasy özbaşdak çalşyrylýar. Bu kapasalar haýwanlary mikroorganizmlerden goraýan howany arassalaýjy filtrleriň kömegi bilen üpjün edilen. Her bir haýwan öz görnüşine laýyklykda aýratyn otagda, amatly temperatura şertlerde tassyklanan iýmit düzgünine görä iýmitlendirilýär.

Mör-möjeklere, gemrijilere garşy zyýansyzlandyryş bölümi.

Bu bölümiň esasy wezipesi meýdanlarda, obа ýerlerinde kesel ýaýradyjy gemrijilere we mör-möjeklere garşy öňüni alyş we gayragoýulmasyz deratizasiýa we dezinseksiýa işlerini ýerine ýetirmekden ybaratdyr. Mör-möjeklere, gemirjilere garşy zyýansyzlandyryş işi geçirýän bölümi gerekli himiki serişdeleri, olardan ýasalýan himiki erginleri we aldawaçlary gorap saklamak üçin otaglar, olary garyp taýýarlamak üçin ýörite enjamlar, ölçemek üçin dürli görnüşli tereziler, pürküjiler, aldawaçlary salmak üçin jebis ýapylýan gaplar bilen üpjün edilen. Himiki serişdeler bilen iş alyp barýan işgärler howpsuz işlemekligi üçin olar şahsy gorag eşikleri we ýörite enjamlar bilen üpjün edilen.


Ýörite awtoduralga

Ýörite awtoulaglary saklamak üçin niýetlenen awtoduralga Türkmenistanyñ çäklerinde aýratyn howply ýokanç keselleriň öňüni almak, meýdan şertlerinde giñ gerimli barlag işleri geçirmek maksady bilen, gum şertlerinde ýöräp bilýän, ýokary geçiş ukyply 18 sany awtoulaglar bar.

 Awtoduralganyň awtoulaglary bejeriş ussahanasy üç bölümden ybarat bolup, onda 1 sany 5 tonna agrama çenli awtoulag göterijiler, awtoulaglaryň ýöreýän bölümini bejermek we sazlamak,  nowasyny kebşirleýiş hem-de timarlaýyş enjamlary, dürli görnüşli açarlar, elektron anyklaýyş we beýleki tehniki hyzmat ediş enjamlar, gurallar, abzallar bilen üpjün edilendir.

Merkezde 20 sany ýeňil we ýokary geçijilik ukyply ýük awtoulaglary üçin niýetlenen ýapyk görnüşli awtoduralga bolup, olarda  howa çalşyjy, ýyladyş ulgamly we tehniki howpsuzlyk şertleri döredilendir.