Gaýragoýulmasyz tiz kömek merkezi

Gaýragoýulmasyz tiz kömek merkezi

                   

  Paýtagtymyzda ýerleşýän 10 gatly, 200 orunlyk, dünýä derejesinde ylmyň iň soňky gazanan döwrebap täze enjamlary bilen üpjün edilen, düzüminde “Tiz kömek” çagyryş gullugy hereket edýän, Gaýragoýulmasyz tiz kömek merkezi 2014-nji ýylyň 21-nji iýulynda Hormatly Prezidentimiziň Ak pata bermegi bilen ulanmaga berildi.

Aşgabat şäherindäki Gaýragoýulmasyz tiz kömek merkezi operаsiýa, ýanygy bejeriş, endoskopiki hirurgiýa, neýrotrawmatologiýa, torako-abdominal hirurgiýa, umumy hirurgiýa we 18 orunlyk anesteziologiýa we reanimasiýa bölümlerinden ybaratdyr.

            Merkeziň kabul ediş bölüminde ilkinji gezek ýola goýulan ýörüteleşdirilen “Gaýragoýulmasyz kömek” otagynda näsaglar kabul edilip, ilkinji gaýragoýulmasyz lukmançylyk kömegi bilen üpjün edilýär we ykjam enjamlaryň üsti bilen gyzga wagtyň içinde kesel kesgidi takyk  anyklanylýar. Otag häzirkizaman döwrebap defibrillýator, emeli dem alyş enjamy, laringoskop, ykjam ultrases barlag, elektrokardiograf, göçme rentgen, glýukometr we beýleki anyklaýyş enjamlary, ýewropa standartlaryna gabat gelýän derman we daňy serişdeleri bilen üpjün edilen.

Bu otagda näsag Merkeze getirilenden gyssagly operasiýalary geçirmäge hem şert döredilen. Ýöriteleşdirilen otagda ähli ugurlar boýunça kärine kämil lukmanlar dünýä ülňülerine laýyk gelýän enjamlar arkaly ejir çekenlere ýokary hilli ilkinji gaýragoýulmasyz saglygy goraýyş kömegini berip, gerek bolan ýagdaýynda şol ýerde operasiýa edip, soňra näsaglary reanimasiýa ýa-da ugurlar boýunça Merkeziň degişli bölümine ýatymlaýyn bejergä ýerleşdirilýär.

            Merkeziň anyklaýyş-maslahat beriş bölümindäki saglygy goraýşyň soňky gazananlary bolan kompýuter tomografiýa, rentgen-flýurografiýa, ultrases, elektrokardiografiýa, fibrogastroduodenoskopiýa, spirografiýa, bronhoskopiýa we beýleki adam bedeninde bolup geçýän üýtgemeleri doly derejede ýüze çykarmakda deňi-taýy bolmadyk enjamlaryň üsti bilen kesel kesgidini anyklamaga ähli  mümkinçilikler bar. Bu enjamlaryň üsti bilen inçe hünärli lukmanlar kesel kesgidini tiz wagtda anyklaýarlar. Öz wagtynda anyklanan kesel kesgidi bejerginiň netijeli bolmagy üçin wajyp şertleriň biridir.

  Merkeziň barlaghanasynda umumy kliniki, biohimiki, serologiki, bakteriologiki we beýleki barlaglar geçirilýär. Bölümde gurnalan  analizatorlaryň, fotometrleriň we beýleki dünýä ülňülerine gabat gelýän enjamlaryň üsti bilen zerur bolan laborator barlaglaryň köp mukdarda we gysga wagtda geçirilmegi işiň has-da netijeli bolmagyna ýardam berýär. 

            Merkeziň anesteziologiýa we reanimasiýa bölüminde näsaglara doly derejede gaýragoýulmasyz lukmançylyk kömegi berilýär. Bu bölümiň bejeriş otaglarynda dünýä ülňülerine laýyk gelýän emeli dem alyş enjamlar, kardiomonitorlar, defibrillýatorlar, multifiltrat enjamy, infuziomatlar, lineomatlar we beýleki enjamlar bar. Bölümdäki köp funksiýaly ýörite ýataglarу näsaglara amatly bolar ýaly dürli görnüş boýunça üýtgedip ulanyp bolýar. Şeýle-de, bu bölümde näsaglara arassaçylyk işleri geçirmek üçin ýörite aýratyn şertler döredilen.

Operasiýa bölüminde gaýragoýulmasyz ýagdaýda bir wagtda birnäçe operasiýalary geçirmek üçin niýetlenen enjamlaryň üsti bilen laporoskopiki hirurgiýa, neýrotrawmatologiýa, torako-abdominal hirurgiýa ugurlary boýunça, şeýle-de ýanyk şikesini alan näsaglara çylşyrymly operasiýalar geçirilýär.

Dünýä tejribesini öwrenip, bejerginiň täze usullaryny işde ornaşdyrmak, Merkezde hereket edýän ugurlar boýunça Germaniýa döwletiniň tejribeli hünärmenleri bilen özara tejribe alyşyp, olar bilen biziňhirurg, neýrohirurg lukmanlaryň çylşyrymly operasiýalary bilelikde geçirmegini ýola goýmak merkeziň iş tejribesinde esasy orun tutýar.

         Merkezde hereket edýän endoskopiki hirurgiýa bölüminde az inwaziwli endoskopiki operasiýalar ýerine ýetirilýär. Merkeziň ähli hirurg lukmanlary operasiýanyň bu görnüşini ýokary hilli ýerine ýetirmegi başarýarlar. Operasiýanyň bu görnüşi geçirilen näsaglar operasiýa geçirilenden soňra 2-3 günüň dowamynda öýlerine çykarylýar. Bu bolsa, näsaglaryň öz wagtyna iş orunlaryna, maşgala ojaklaryna gowuşmagyna ýardam berýär.

  •           de pankreato-duodenal ulgamynyň patologiýalarynda we öt ýollarynyň kesellerinde gapdal optikaly duodenoskopyň kömegi bilen az inwaziwli operasiýalary geçirmeklik ornaşdyryldy. Şeýle-de, neýrohirurgiýa ugry boýunça, Mikroskop enjamynyň kömegi bilen, oňurgara diskleriň ingisini aýyrmak-Mikrodiskektomiýa, boýun oňurgara diskleriň ingilerini aýyrmagyň täze usuly, ýagny, öňden çemeleşme arkaly aýrylan diskiň ýerine implast (keýç) goýmak, oňurga sütüniniň durnuksyzlygynda täze usullar bilen stabilizirleýji operasiýalary geçirmek we boýun oňurgara diskleriň ingilerini aýyrmagyň operatiw bejergisi giňişleýin ornaşdyrmak ýola goýuldy.

       Ýanyk ýaralary üçin niýetlenen operasiýa otagynda uzak bitmeýän, bedeniň uly meýdanyny tutýan ýanyk ýaralarda autodermoplastika usuly bilen bejergi çäreleri geçirilýär. Bu bolsa, bedeniň uly medanyny tutýan ýanyk kesellerinde näsagy halas etmäge uly mümkinçilikler döredýär. Bölümdäki dünýä ülňülerine gabat gelýän ýanyklary bejerýän häzirkizaman döwrebap ýörite wanna otaglary, sargy wagtynda ulanylýan ionizirlenen duşlar, ýanyk ýaralarynda dezinfeksiýa geçirilýän aeroterapewtiki otaglar näsaglaryň gaýraüzülmesiz çalt gutulmagyna ýardam berýär.

  Merkeziň ýatymlaýyn bölümlerindäki otaglar 1 we 2 orunlyk bolup, näsaglar üçin ähli amatly şertler döredilen. Ýagny, otaglarda köp görnüşli funksional ýataglar, telewizorlar, azyk önümleri  üçin sowadyjy enjamlar, geýim-eşikler üçin aýratyn şkaflar we aýratyn arassaçylyk-gigiýena otaglary bar. Şeýle-de, ýatymlaýyn otaglaryň ählisinde kislorod bilen üpjün edýän ulgam, nobatçy şepagat uýasyny çagyrmak üçin nokatlar, merkezleşdirilen ýylylyk we howa sowadyjy ulgamlar hereket edýär.

            Merkezde näsaglar üçin bejerginiň esasy tapgyrynyň biri bolan fizioterapiýa bölümi hem  hereket edýär. Onda owkalama, fiziobejeriş, iňňe bilen bejermek, bejeriş bedenterbiýe we beýleki usullar bilen bejergi işleri geçirilýär.

           Çagyryşlary kabul edip, olary degişli ugurlar boýunça lukmanlara geçirip, gysga wagtyň dowamynda ýerine ýetirilmegini gazanmak Merkezde hereket edýän çagyryş gullugynyň esasy wezipesi bolup durýar. Merkeziň çagyryş gullugynyň işini has-da kämilleşdirmek, ilata berilýän gaýragoýulmasyz tiz lukmançylyk kömeginiň hilini gowulandyrmak we “Tiz kömek” awtoulaglaryny rejeli ulanmak maksady bilen, Germaniýa döwletiniň hünärmenleriniň iş tejribesi öwrenilip, ýola goýulan JPS aragatnaşyk ulgamy Merkeziň işiniň dünýä derejesinde ýokary galandygyna şaýatlyk edýär.

  •           gullugynda JPS ulgamynyň ornaşdyrylmagy bilen, adamyň jan saglygy üçin wagtyň gymmatly döwrüni tygşytly we dogry hem-de netijeli ulanmaga mümkinçilik döredi. Has takygy, Merkezde ýerleşdirilen Aşgabat şäheriniň elektron kartasynyň üsti bilen, çagyryşa giden “Tiz kömek” awtoulagynyň haýsy ugur boýunça barýandygyny ýa-da duran salgysyny anyklap, oňa Merkeze gelmezden indiki çagyryş geçirilýär. “Tiz kömek” awtoulagynyň kartada şekillendirilen şertli reňkleri boýunça olaryň çagyryşdadygyny, çagyryşy ýerine ýetirip, indiki çagyryşy kabul etmäge taýýardygyny ýa-da ulagjaýa çalşyga gelendigini kesgitläp bolýar.
  • ulgamynyň we rasiýalaryň kömegi bilen çagyryşa barylan salgydan ýa-da ýolda hassahana barylýarka gaýragoýulmasyz nobatçylyk edýän hassahanalar bilen aragatnaşykda bolup, olaryň agyr ýagdaýdaky näsaglary kabul etmäge taýýar bolup durmagy duýdurylýar. Çylşyrymly ýagdaýlar ýüze çykanda bolsa, çagyryşa giden lukman ýa-da feldşer rasiýalaryň üsti bilen näsagy alyp barmakda belli çözgüde gelmek üçin Merkezde nobatçylyk edýän uly lukman bilen maslahatlaşýarlar. Tejribeli lukmanlar tarapyndan Merkezde telefonyň üsti bilen raýatlara islendik wagt maslahat bemeklik ýola goýulan.

  Şeýle-de, Merkezde raýatlara ugurlar boýunça ýöriteleşdirilen gaýragoýulmasyz tiz lukmançylyk kömegini bermek üçin ýörite taýýarlykly reanimasiýa, kardiologiýa, newrologiýa, trawmatologiýa, pediatriýa çagyryş toparlary hyzmat edýär.

         Hormatly Prezidentimiziň sowgat beren dünýä ülňülerine gabat gelýän lukmançylyk enjamlary ornaşdyrylan lukmançylyk dik uçary we Reanimobil “Tiz kömek” ulaglary ilata ýöriteleşdirilen saglygy goraýyş kömegini bermekde bu günler halkyň hyzmatynda. Dik uçaryň kömegi bilen gaýragoýulmasyz lukmançylyk kömegine mätäç bolan näsaglar ýurdumyzyň islendik künjeginden getirilip, paýtagtymyzda ýerleşýän ýöriteleşdirilen hassahanalara ýerleşdirilýärler. Bu bolsa, Baş maksatnamamyz bolan “Saglyk” döwlet maksatnamasynyň esasy wezipeleriniň biri bolan adamlayň ömür dowamlylygyny uzaltmaga, maýyplygyň öňüni almaga uly ýardam berýär.

Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Merkezde hereket edýän ugurlar boýunça kafedralarynyň ýerleşmegi, professor-mugallymlaryň tiz wagtda näsaglara ýokary hilli maslahatlary bermegine, gysga wagtda ähli ugurlar boýunça konsiliumlary geçirmäge, şeýle-de, degişli ugurlar boýunça hünärmenleri taýýarlamaga, olaryň işini kämilleşdirmäge, şeýlelikde, kärine kämil lukmanlary taýýarlamaga uly ýardam berýär.

Işlemäge ajaýyp şertler döredilen Merkezde zähmet çekýän öz käriniň ussatlary, ýeňil elli lukmanlaryň Arkadag Prezidentimize alkyşlarynyň çägi ýok! Il-günüň saglygy, bagtyýarlygy üçin gijesini-gündiz edip işleýän Mähriban Prezidentimiziň jany sag, işi rowaç bolsun!

TSG we DSM-niň Gaýragoýulmasyz tiz kömek merkeziniň direktory                                                         Çerkez Hannyýew