Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany "Çilim çekmegi gadagan etmek hakynda"

I – 4 –Ж

XII - 7

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy 2000 ý.¸ № 1¸ 7- madda  )        

Türkmen halkynyň müňýyllyklaryň synagyndan geçen ýörelgelerini hormatlap, türkmen milletiniň sagdyn durmuşda yaşamak babatda asyrlar boýy kemala gelen garaýyşlaryna gadyr goýup, mukaddes «Ruhnamanyň» saglygy goramak ugrundaky esaslaryny goýmagy nazarda tutup, Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşynyň saglyk syýasatyny durmuşa geçirmegi maksat edinip, lebzi, sünni halal, haramdan hem her hili ýaramaz gylyklardan daşda duran merdana pederlerimiziň dogry hem dürs ýolunyň altyn asyrda dowam etdirilmegini, XXI asyra, täze müňýyllyga mynasyp gadam basmaklaryny arzuwlap, Garaşsyz Bitarap Türkmenistanyň dünýä bileleşiginiň çilimiň adamyň saglygyna zyýanly täsir edýändigi baradaky wagzyna goşulmak islegini tassyklap, karar edýärin:

Türkmenistanyň çäginde-ministrliklerde, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda, eýeçiligiň ähli görnüşlerine degişli kärhanalarda, guramalarda, harby bölümlerde we birikmelerde, ähli okuw jaýlarynda we mekdebe çenli çagalar edaralarynda, teatrlarda we kinoteatrlarda, jemgyiýetçilik ulaglarynyň ähli görnüşlerinde, seýilgählerde, rayatlaryň köpçülikleýin barýan ýerlerinde çilim çekmegi gadagan etmeli.

Şu Permany bozan adamlar zähmete hak tölemegiň pes aýlyk möçberiniň biriniň möçberinde jerime salynmagy görnüşinde dolandyryş jogapkärçiligine çekilýär.

Türkmenistanyň                                                    Saparmyrat

Prezidenti                                                               Türkmenbaşy

Aşgabat şäheri

2000-nji ýylyň 12-nji ýanwary

№ PP- 3013

___________________________________________________________________________________________