Salgysy: 744036, Тürkmenistan, ş.Aşgabat, Arçabil şaýoly, 18.

Rektor: Orazalyýewa Aýjemal Meňliýewna

Iş telefonlary: (+99312) 48-98-51

Fax: (+99312) 48-98-73

Elektron salgysy: tdlu@online.tm


1932-nji ýylda Türkmen döwlet lukmançylyk instituty açyldy. 2010-njy ýylyň 27-nji awgustynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen bu institut Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti diýlip üýtgedildi. Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti Garaşsyz we hemişelik Bitarap Türkmenistanda Saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamy üçin lukmançylygyň ähli ugurlary boýunça ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlaýan ýeke-täk ýokary okuw mekdebidir. 


Häzirki döwürde talyplar 2010-njy ýylyň 1-nji sentýabrynda “Bilimler we talyp ýaşlar güni” mynasybetli Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Aşgabat şäherinde lukmançylyk boýunça halkara derejesinde bildirilýän ähli talaplara laýyk gelýän we binagärlik çözgüdi boýunça haýran galdyrýan Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň 3 müň talybyň okamaklygyna niýetlenen täze binalar  toplumynda okap bilim alýarlar, hünär öwrenýärler. Bu täze okuw toplumynda talyplary okatmak, ylmy barlaglary geçirmek we ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek üçin ähli zerur şertler döredilen.



Uniwersitetiň döredilmegi bilen onuň düzüminde birnäçe täze fakultetler we hünärler açyldy hem-de kliniki binýatlar girizildi: Sport lukmançylygy fakulteti we Göz keselleri ylmy-kliniki merkezi (2011 ý.), Harby lukmançylyk we Diplomdan soňky taýýarlyk we lukmanlary kämilleşdiriş fakultetleri (2012 ý.), Stomatologiýa okuw-önümçilik merkezi (2013 ý.), Kesel bejeriş fakultetiniň düzüminde Saglygy dikeldiş we adaty däl lukmançylyk hünäri (2014 ý.), Harby lukmançylyk fakultetiniň düzüminde Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek işi hünäri we Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş okuw-ylmy merkezi (2015 ý.), Kesel bejeriş fakultetiniň düzümine ýene-de bir täze Lukmançylyk-durmuş goragy işi hünäri (2018 ý.) girizildi.


Häzirki döwürde uniwersitetiň gurluşyna 8 sany fakultet, 53 sany kafedra, Ylmy-barlag, Göz keselleri ylmy-kliniki, Stomatologiýa okuw-önümçilik, Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş okuw - ylmy,Lukmançylyk biotehnologiýasy,Sport lukmançylygy, Habar beriş – hasaplaýyşmerkezleri, Talyplar sport kluby, Elektron kitaphanasy, Okuw, Okuw-usuly, Diplomdan soňky taýýarlyk we lukmanlary kämilleşdiriş bölümleri girýär.


Fakultetler:



  • Kesel bejeriş fakulteti (6 ýyl)

  • Pediatriýa fakulteti (6 ýyl)

  • Farmasewtika fakulteti (5 ýyl)

  • Stomatologiýa fakulteti (5 ýyl)

  • Keselleriň öňüni alyş fakulteti (6 ýyl)

  • Sport lukmançylygy fakulteti (6 ýyl)

  • Harby lukmançylygy fakulteti (6 ýyl)

  • Diplomdan soňky taýýarlyk we lukmanlary kämilleşdiriş fakulteti

Uniwersitetimizde talyplary okat­ma­gyň dünýä talaplaryna laýyk gelýändigini göz öňünde tutup, 2011-nji ýylda “Ýewropanyň biznes assambleýasynyň” Halkara guramasy tarapyndan “Ýewropa hili” diýen halkara sylag berildi.


Uniwersitet Diplomdan soňky taýýarlyk we lukmanlary kämilleşdiriş fakultetinde taýýarlygy we gaýtadan taýýarlygy amala aşyrmak bilen üznüksiz hünär bermeklige işjeň gatnaşýar. Ýokary we goşmaça hünär bilimini bermek meýilnamasy boýunça uniwersitetde her ýylda 2500-e golaý lukman okadylýar.


Kliniki binýatlar


Uniwersitetde lukmanlary taýýarlamak dürli ugurly kliniki binýatlarda we uniwersitetiň düzümine girýän lukmançylyk merkezlerinde: Göz keselleri ylmy-kliniki, Stomatologiýa okuw-önümçilik hem-de Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş okuw-ylmy merkezlerinde alnyp barylýar.



Halkara hyzmatdaşlyk


Häzirki döwürde lukmançylyk uniwersiteti bilen köpsanly daşary ýurtlaryň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň, ylmy-kliniki merkezleriniň arasynda ysny­şykly, birek-birege bähbitli gatnaşyklar ýola goýuldy. Bu babatda uniwersi­te­timiz bilen Pekiniň adaty hytaý lukmançylygy uniwersitetiniň hem-de Belorus döw­let lukmançylyk uniwersitetiniň arasynda Ylalaşyklara gol çekildi.



Ylmy işler


Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde alnyp barylýan ylmy işleriň esasy ugurlary



  • Türkmenistanyň yssy we gurak howa şertlerinde dürli keselleriň geçiş aýratynlyklaryny öwrenmek;

  • Ýokanç keselleriň öňüni almak, ýürek-damar keselleriniň bedeniň beýleki agzalaryna täsirini ýüze çykarmak;

  • Diýarymyzyň dermanlyk ösümliklerini hemme taraplaýyn öwrenmek;

  • Türkmenistanyň şypahanalarynyň bejeriş palçyklarynyň we mineral suwlarynyň bejeriji häsiýetlerini ylmy taýdan öwrenmek;

  • Çaga we aýal keselleriniň bejergisiniň netijeliligini gowulandyrmak;

  • Aýratyn howply ýokanç keselleri bilen göreşmek we olary ýok etmek;

  • Milli lukmançylyk mirasymyzyň – Abu Aly Ibn Sinanyň (Awisena), Seýit Ysmaýyl Gürgenliniň, Muhammet Gaýmaz Türkmeniň we başgalaryň gazananlaryny häzirki zaman lukmançylyk ylmyna ornaşdyrmak.


Ylmy işlerde alnan netijeler ýurdumuzda we daşary ýurtlarda çap edilýän ylmy žurnallarda neşir edilýär, ýurt möçberinde we halkara derejesinde geçirilýän ylmy maslahatlarda çykyşlar edilýär. Uniwersitetiň ýaş alymlary we talyplary Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar gurmasynyň merkezi geňeşiniň Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça bäsleşigine işjeň gatnaşýarlar we ýylyň-ýylyna baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar.