R.Meredow: Türkmen-ýapon gatnaşyklary okgunly ösüş depginine eýe bolýar
Soňky ýyllarda türkmen-ýapon hyzmatdaşlygy syýasy, söwda-ykdysady we medeni ulgamlarda okgunly ösüş depginine eýe bolýar. Bu barada Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Imperator Naruhitonyň doglan güni mynasybetli geçirilen dabaraly kabul edişlikde mälim etdi.
«Türkmen-ýapon hyzmatdaşlygy barada aýdanymyzda, men soňky ýyllarda syýasy, söwda-ykdysady we medeni ulgamlardaky okgunly ösüşi aýratyn bellemek isleýärin» diýip, Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy aýtdy.
Ol 1992-nji ýylda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýlan pursatyndan bäri, ýurtlaryň özara ynamyň, hormat goýmagyň we düşünişmegiň esasynda hyzmatdaşlygy giňeltmekde uly netijelere ýetendigini belledi. Ministr Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň 2025-nji ýylyň aprel we dekabr aýlarynda Tokioda Imperator Naruhito we Premýer-ministrler bilen bolan duşuşyklarynyň dowamyndaky açyk, dostlukly we netijeli gepleşikleriň ähmiýetine ünsi çekdi.
R.Meredow geçen ýyl Ýaponiýada Türkmenistanyň Prezidentiniň gatnaşmagynda möhüm çäreleriň, şol sanda Osakadaky «EKSPO — 2025» Bütindünýä sergisiniň açylyş dabarasynyň geçirilendigini ýatlatdy.
«Türkmenistanyň Milli pawilýony iki milliondan gowrak myhmany kabul edip, iň köp barylan pawilýonlaryň ilkinji üçlügine girdi» diýip, ministr belledi.
Ol Ýaponiýanyň kompaniýalarynyň, maliýe institutlarynyň we agentlikleriniň Türkmenistanyň ykdysady ösüşine goşan goşandyna ýokary baha berdi. Ministr esasy hyzmatdaşlaryň hatarynda «Hitachi», «Mitsubishi», «Kawasaki», «Sumitomo» we «Toyota» ýaly kompaniýalaryň adyny agzady.
R.Meredow medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň berkidilýändigini hem belledi. Onuň aýtmagyna görä, şu günki günde ýapon dili Türkmenistanyň 6 uniwersitetinde we 12 mekdebinde okadylýar. «Häzirki wagtda Türkmenistanyň 15 müňden gowrak raýaty ýapon dilini öwrenýär» diýip, Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy nygtady.


