Şriftiň ölçegi:
A
A
A
A
Reňk sazlaşygy:
A
A
A
Suratlar:
Saýtyň asyl görnüşi
Russiýanyň «RŽD-Medisina» kompaniýasynyň lukmanlary Türkmenistana sapar ederler
08 Noýabr 2025

Russiýanyň «RŽD-Medisina» kompaniýasynyň lukmanlary Türkmenistana sapar ederler

Russiýanyň «RŽD-Medisina» kompaniýasynyň lukmanlarynyň wekiliýeti «Ýagşylyk sapary» atly halkara taslamanyň çäklerinde Türkmenistana sapar eder. Bu barada Aşgabatdaky Rus öýüniň metbugat gullugy habar berýär.


Toparyň düzümine kardiohirurgiýa, gastroenterologiýa, ginekologiýa, sagdyn durmuş ýörelgesi we lukmançylygyň beýleki ugurlary boýunça hünärmenler girýär.


Rus lukmanlary bilen duşuşyk 10-njy noýabrda sagat 16:30-da Aşgabatdaky Rus öýünde geçiriler. Habarda bellenilişi ýaly, bu çäre lukmançylyk bilen geljegini baglamak isleýänler ýa-da Russiýanyň lukmançylyk ýokary okuw mekdeplerine girmäge taýýarlanýanlar üçin gaýtalanmajak mümkinçilik bolar.


Duşuşyga gatnaşýanlar tejribeli lukmanlar bilen gürrüňdeş bolup, lukmançylyk biliminiň we hünäriniň inçe taraplary barada sorag berip, şeýle hem hünärmenleriň amaly tejribesinden gyzykly wakalary diňläp bilerler.


Çeşme:
banner
banner
banner