Şriftiň ölçegi:
A
A
A
A
Reňk sazlaşygy:
A
A
A
Suratlar:
Saýtyň asyl görnüşi
Türkmenistanda ählihalk bag ekmek dabarasynyň dowamynda 450 müňe golaý bag nahaly ekildi
10 Noýabr 2025

Türkmenistanda ählihalk bag ekmek dabarasynyň dowamynda 450 müňe golaý bag nahaly ekildi

Tutuş Türkmenistan boýunça geçirilen ählihalk bag ekmek dabarasynyň dowamynda 449 müň 464 düýp bag nahaly ekildi. Bu barada TDH habar berdi.


Prezident Serdar Berdimuhamedow 12 ýyl ýaşan türkmen arçasyny oturdyp, güýzki ählihalk bag ekmek dabarasyna badalga berdi. Türkmen arçasynyň ýaşynyň 12-nji dekabrda ýurduň hemişelik Bitaraplygynyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilen güni bilen gabat gelmegi özboluşly mana eýedir diýlip, habarda bellenilýär.


Habarda bellenilişi ýaly, seýilgähleri we tokaý zolaklaryny arassalamak, abadanlaşdyrmak işleri bilen birlikde, jemi 1 million 997 müň 775 düýp baga ideg etmek işleri geçirildi.


banner
banner
banner