Размер шрифта:
A
A
A
A
Цветовая схема:
A
A
A
Картинки:
Обычная версия сайта

BMG-niň Durnukly Ösüş maksatlaryna laýyklykda saglyk we saglygy goramak bilen bagly wezipeler

Türkmenistanyň Prezidentiniň taýsyz tagallalary bilen ýurtda «Il saglygy  ýurt baýlygy» diýen pähimden ugur alnyp, jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy bolan adamyň saglygyny goramakda, ilatyň saglyk ýagdaýyny gowulandyrmakda, keselleriň öňüni almakda we olary ýok etmekde, saglygy goraýyş we derman senagaty pudagyny dünýä derejesinde ösdürmekde uly işler amala aşyrylýar. 


Amala aşyrylýan işleriň netijesinde bolsa, ýurtda ilata edilýän lukmançylyk hyzmatlarynyň netijeliligi, hili we elýeterliligi has-da ýokarlandyrylýar. Bu işleri has-da kämilleşdirmek üçin Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly Ösüş maksatlarynyň 2-nji, 3-nji, 4-nji, 5-nji we 6-njy maksatlaryna laýyklykda saglyk we saglygy goramak bilen bagly durmuşa geçirilmeli anyk wezipeler kesgitlenendir.


Mälim bolşy ýaly, 2015-nji ýylyň 25-nji sentýabrynda BMG-niň agza döwletleriniň duşuşygynda 2030-njy ýyla çenli döwür üçin niýetlenen Durnukly ösüş babatda täze Gün tertibi hem-de onuň esasy düzümleri hökmünde Durnukly ösüşiň 17 maksady kabul edildi. Olar has möhüm ykdysady, durmuş, ekologiýa we dolandyryş meselelerine degişlidir. Ykdysady ugur tebigy, energetika, maddy-önümçilik serişdelerini rejeli peýdalanmakda jemlense, durmuş ugry adamzadyň ösmegine, durmuş we medeni ulgamlaryň durnuklylygyny üpjün etmäge gönükdirilendir, ekologiýa ugry bolsa, tebigy ulgamlaryň biologiýa we fiziki bitewüligini üpjün etmekde jemlenýär.


Türkmenistan Durnukly ösüşiň maksatlaryny milli derejede uýgunlaşdyran ilkinji ýurtlaryň biri bolup, olary döwlet meýilnamalaryna we maksatnamalaryna ornaşdyrmagyň üstünde işläp başlady. BMGÖM, ÝUNISEF, BSGG, BMG-niň daşky gurşawy boýunça maksatnamasy ýaly abraýly düzümler bilen hyzmatdaşlykda, halkara maliýe edaralarynyň goldaw bermegi bilen, maksatnamalaryň we taslamalaryň onlarçasy amala aşyryldy, şol sanda sebit derejesinde durmuşa geçirildi. Häzirki wagtda bu netijeli gatnaşyklar has belent sepgitlere çykyp, täze gatnaşyjylary öz gurşawyna çekýär.


Tebigy, önümçilik, düzüm we adam mümkinçiliklerine eýe bolan ýurdumyzyň sazlaşykly ösüşine seljerme synynyň berilmegi, Türkmenistanyň şertlerine uýgunlaşdyrylan Maksatlara ýetmek babatda durmuş-ykdysady ähmiýetli milli we pudaklaýyn maksatnamalaryň, iri taslamalaryň amala aşyrylmagy milli Liderimiziň «Türkmenistan Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmegiň ýolunda» atly kitabynda giňişleýin açylyp görkezilýär. Onda ählumumy maksatlar babatda ýurdumyzy senagat-innowasion taýdan ösdürmek, halkymyzyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmak boýunça täze wezipeler esaslandyryldy. Kitap baý tebigy, ägirt uly önümçilik, düzümleýin we adam mümkinçiliklerine eýe bolan ýurdumyzyň depginli ösüşine, milli we pudaklaýyn maksatnamalaryň, 2015-nji ýylyň sentýabrynda BMG-ä gatnaşyjy döwletleriň ählisi tarapyndan 2030-njy ýyla çenli Durnukly ösüş boýunça Gün tertibiniň düzüm böleginiň esasy hökmünde kabul edilen Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek babatda iri durmuş-ykdysady ähmiýetli taslamalaryň amala aşyrylyşyna seljerme häsiýetde syn berilýän görnüşdedir.


Türkmenistanyň durmuş-ykdysady strategiýasy öz mazmuny boýunça her bir adamyň bähbitlerine gönükdirilendir. Ol Durnukly ösüş maksatlaryna kybap gelýär. Türkmenistan ýurdumyz Birleşen Milletler Guramasynyň möhüm konwensiýalarynyň birnäçesine goşulyp, öz üstüne alan borçnamalaryny ýerine ýetirmek bilen, dünýäde parahatçylygy, durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmek boýunça ählumumy tagallalary birleşdirmek işine işjeň gatnaşýar.


Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly Ösüş maksatlarynyň görkezijileri


banner
banner
banner