Размер шрифта:
A
A
A
A
Цветовая схема:
A
A
A
Картинки:
Обычная версия сайта
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministri BSGG ÝSE-niň direktory bilen duşuşdy
22 мая 2023

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministri BSGG ÝSE-niň direktory bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministri A.Germanowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Bütindünýä Saglygy Goraýyş Assambleýasynyň 76-njy mejlisine gatnaşmak üçin Ženewada iş saparynda boldy.

Onuň çäklerinde Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) Baş direktory Tedros Adan Gebreisus bilen duşuşyk geçirildi. Onuň dowamynda Türkmenistanyň halkara abraýly gurama bilen hyzmatdaşlygynyň meseleleriniň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy.

Gepleşikleriň dowamynda ministr Türkmenistan tarapyndan ilat saglygyny üpjün etmek ulgamynda we bu ugurda alnyp barylýan öňüni alyş çäreler barada habar berdi. Jemgyýetçilik saglygy pudagyndaky bilim meselelerini, sagdyn durmuş ýörelgelerini ilerletmek, ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olaryň irki anyklaýyş çäreleri, şeýle hem sagdyn durmuşyň möhümligi baradaky habarlylygy ýokarlandyrmak babatynda maglumat beriş çäreleri geçirmek ýaly ugurlara aýratyn üns berildi.  

Şunuň bilen baglylykda, türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy BSGG-niň Baş direktoryny ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olara garşy göreşmek babatynda kabul edilen Aşgabat Jarnamasynyň 10 ýyllygyna bagyşlanyp 2024-nji ýylyň aprelinde geçiriljek 3-nji Ministrler maslahatyna gatnaşmaga çagyrdy.

BSGG-niň Baş direktory, öz gezeginde, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň sagdyn jemgyýeti gurmak, raýatlar üçin ýokary hilli we elýeterli lukmançylyk kömegini bermek, giňgerimli sanjym maksatnamalaryny amala aşyrmak, derman serişdeleriniň we lukmançylyk enjamlarynyň elýeterliligi babatynda, şeýle hem täze maglumat tehnologiýalaryň ösdürilmegine gönükdirilen tagallalaryna ýokary baha berdi.

Bularyň ählisiniň durnukly ösüş ugrunyň hem-de lukmançylyk hyzmatlary ulgamynyň möhüm bölegi bolup durýandygy bellendi. Şeýle hem Türkmenistana saglygy goraýyş ulgamyny mundan beýläk hem ösdürmek we kämilleşdirmek babatynda alyp barýan işlerinde BSGG tarapyndan goldaw beriljekdigi nygtaldy.

banner
banner
banner