Şriftiň ölçegi:
A
A
A
A
Reňk sazlaşygy:
A
A
A
Suratlar:
Saýtyň asyl görnüşi
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministri BSGG ÝSE-niň direktory bilen duşuşdy
22 Maý 2023

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministri BSGG ÝSE-niň direktory bilen duşuşdy

21-nji maýda Türkmenistanyň BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky Hemişelik wekilhanasynyň binasynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň saglygy goraýyş ministrleriniň we Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) Ýewropa sebit edarasynyň direktory, doktor Hans Klýugeniň bilelikdäki duşuşygy geçirildi.


Duşuşygyň dowamynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň BSGG-niň Sebitleýin edarasy bilen hyzmatdaşlygynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem sebitiň ýurtlarynyň anyk ugurlar boýunça hyzmatdaşlygynyň wezipeleri, şol sanda, Merkezi Aziýa sebitinde «Ýeke-täk saglyk» konsepsiýasyny ösdürmek we ilerletmek, saglygy goraýyş ulgamynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň sebitleýin başlangyçlary babatynda hem-de Merkezi Aziýada 2022 — 2025 ýyllar üçin saglygy we abadan ýaşaýşy goldamagyň Ýol kartasy bilen bagly meseleler boýunça özara pikir alşyldy.  


Türkmen tarapynyň bellemegine laýyklykda, Ýol kartany netijeli amala aşyrmak üçin ähli derejelerde hyzmatdaşlygy alyp barmaklyk zerur bolup durýar. Mundan başga-da, öňde goýlan wezipeleri çözmek boýunça önjeýli strategiýalary we çäreleri işläp düzmek hem-de durmuşa geçirmek üçin bolsa, diňe bilelikdäki tagallalar amala aşyrylmalydyr.


Hans Klýuge hem, öz gezeginde, sebitiň ýurtlaryna Merkezi Aziýada 2022 — 2025 ýyllar üçin saglygy we abadan ýaşaýyşy goldamagyň bilelikdäki Ýol kartasyny ýerine ýetirmekde goldaw berjekdigini beýan etdi.


banner
banner
banner