Umumy maglumat
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi (mundan beýläk – Ministrlik) raýatlaryň saglygynyň goralmagy, psihiatriýa kömegiň berilmegi, psihologik hyzmatlaryň edilmegi, donorlyk hem-de derman üpjünçiligi çygrynda ýeke-täk döwlet syýasatyny durmuşa geçirýän ýerine ýetiriji häkimiýetiň merkezi edarasy bolup, öz işinde Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, Türkmenistanyň Kanunlaryna, Türkmenistanyň Prezidentiniň namalaryna, Türkmenistanyň Mejlisiniň Kararlaryna, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň çözgütlerine, Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna, Türkmenistanyň halkara şertnamalaryna we Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi hakyndaky Düzgünnama goldanýar. Ministrlik ýuridik şahs bolup, öz işinde Türkmenistanyň Prezidentine hem-de Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine tabyndyr we onuň aýrybaşgalanan emlägi, Türkmenistanyň Döwlet tugrasy şekillendirilen we öz ady ýazylan möhüri, möhürçeleri, resmi blankalary, şeýle hem Türkmenistanyň bank edaralarynda hasaplaşyk, daşary ýurt pulundaky we beýleki hasaplary bardyr.
Döwletiň Saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamyny ösdürmek, şeýle hem saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň tutanýerli zähmetini, ilatyň sagdyn durmuşyny üpjün etmäge goşýan uly goşantlaryny dabaralandyrmak maksady bilen, 2019-njy ýylyň 30-njy awgustyndaky Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Permanyna laýyklykda,
her ýylyň 10-njy oktýabry – Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni
diýlip bellenip geçilýär.