Şriftiň (ýazgylaryň) ölçegi:
A
A
A
A
Reňk sazlaşygy:
A
A
A
Suratlar:
Saýtyň asyl görnüşi

«Ynam» merkezi

«Çilim çekmegi taşlamak isleýän bolsaňyz, onda «Ynam» merkeziniň 118 telefon belgisine jaň ediň!»


Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň 2020-nji ýylyň 1-nji aprelindäki 87 belgili buýrugyna laýyklykda, ýurdumyzyň Aşgabat şäheriniň we welaýatlarynyň raýatlaryny lukmançylyk we psihologiki hyzmatlary bilen üpjün etmek maksady bilen, ýatda galyjy ýeke-täk 118 gysga telefon belgili «Ynam otagy» döredildi. Bu «Ynam» merkezleriniň sany diýarymyz boýunça jemi 9 sany bolup, olardan 4 sanysy Aşgabat şäherinde we 5 sanysy bolsa welaýatlarda gije-gündiziň dowamynda hereket edýändir. 


«Ynam» merkeziniň jogapkär hünärmenleri tarapyndan merkeze ýüz tutýan raýatlaryň telefon jaňlaryna öz wagtynda jogap berlip, örän mylakatly we salyhatly gürleşilýär hem-de ýüz tutýan raýatlar hakyndaky şahsy maglumatlar (meselem, raýatyň ady, familiýasy, onuň ýaşaýan ýa-da işleýän ýeriniň salgysy, telefon belgisi we ş.m.) hiç hili hasaba alynmaýar.

 

Raýatlar gije-gündiziň islendik pursatynda «Ynam» merkezine jaň edip, merkeziň öz işine ussat hünärmenleri tarapyndan bu zyýanly endigi taşlamagyň usullarydyr ýollary hakynda giňişleýin degerli we gymmatly maslahatlary alyp bilerler hem-de zyýanly endigi taşlamakda özlerinde uly höwes döredip, ynamyny artdyryp bilerler. Sagdyn bedende – sagdyn ruh! Biziň saglygymyz öz elimizde, geliň sagdyn durmuş ýörelgelerine eýereliň!


» Çilim çekmek endiginiň zyýany barada