Ministrligiň wezipesi we ýerine ýetirýän işleri
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi hakynda
DÜZGÜNNAMA
1. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi (mundan beýläk – Ministrlik) raýatlaryň saglygynyň goralmagy, psihiatrik kömegiň berilmegi, psihologik hyzmatlaryň edilmegi, donorlyk hem-de derman üpjünçiligi çygrynda ýeke-täk döwlet syýasatyny durmuşa geçirýän ýerine ýetiriji häkimiýetiň merkezi edarasy bolup durýar.
2. Ministrlik öz işinde Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, Türkmenistanyň kanunlaryna, Türkmenistanyň Prezidentiniň namalaryna, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň palatalarynyň kararlaryna, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň çözgütlerine, Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna, Türkmenistanyň halkara şertnamalaryna we şu Düzgünnama goldanýar.
3. Ministrlik öz işinde Türkmenistanyň Prezidentine hem-de Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine tabyndyr.
4. Ministrligiň esasy wezipeleri:
1) raýatlaryň saglygynyň goralmagy, psihiatrik kömegiň berilmegi, psihologik hyzmatlaryň edilmegi, donorlyk hem-de derman üpjünçiligi çygrynda ýeke-täk döwlet syýasatyny durmuşa geçirmek;
2) saglygy goraýyş çygrynda döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmek;
3) öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde kadalaşdyryjy hukuk namalaryny kabul etmek;
4) öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmek;
5) saglygy goraýşy guramagy, dolandyrmagy hem-de maliýeleşdirmegi kämilleşdirmek;
6) netijeli öňüni alyş çärelerini guramak hem-de geçirmek;
7) ilaty umumy ýagdaýda elýeterli, oňat hilli hem-de ýokary hünärli saglygy goraýyş kömegi bilen üpjün etmek;
8) raýatlara tölegsiz saglygy goraýyş kömeginiň, saglygy goraýyş hyzmatlarynyň döwlet tarapyndan kepillendirilýän möçberleriniň berilmegini üpjün etmek;
9) raýatlaryň döwlet meýletin saglygy goraýyş ätiýaçlandyryş ulgamyny ösdürmek we kämilleşdirmek;
10) raýatlara tölegli saglygy goraýyş hyzmatlaryny etmek;
11) maşgala lukmançylygy ýörelgesini ösdürmek we kämilleşdirmek;
12) raýatlaryň saglygynyň temmäki tüssesiniň täsirinden we temmäki önümlerini ulanmagyň netijelerinden goralmagy babatda ygtyýarly edaranyň wezipelerini amala aşyrmak;
13) alkogolyň zyýanly täsiriniň öňüni almak boýunça toplumlaýyn çäreleri, Türkmenistana howpsuz we oňat hilli alkogolly önümleriň getirilmegine gözegçiligi amala aşyrmak, alkogolyň zyýanly täsiriniň öňüni almaga, alkogolly önümleriň ulanylyşynyň azaldylmagyna, sagdyn durmuş ýörelgesiniň wagyz edilmegine gönükdirilen çäreleriň durmuşa geçirilişiniň netijeliligine monitoringi we baha bermegi geçirmek;
14) şypahana işi çygryndaky döwlet syýasatyny durmuşa geçirmek boýunça işi utgaşdyrmak;
15) Türkmenistanyň şypahana gaznasynyň döwlet hasaba alnyşyny we sagaldyş maksatly tebigy çäkleriň hem-de şypahana edaralaryny goşmak bilen şypahanalaryň döwlet sanawyny ýöretmek;
16) Türkmenistanyň tebigy bejeriş serişdeleriniň, şypahanalarynyň goralmagyna we olaryň rejeli peýdalanylmagyna gözegçiligi amala aşyrmak;
17) psihiatrik edaralaryň işini utgaşdyrmak, olaryň işine gözegçiligi amala aşyrmak;
18) döwlet saglygy goraýyş edaralarynda lukmançylyk, saglygy goraýyş-sosial we psihiatrik bilermenler seljermesini, lukmançylyk gözden geçirmesini, lukmançylyk we psihiatrik güwä geçilmesini guramak;
19) psihiatrik kömek berilýän mahalynda geçirilýän çäreleriň hiline, esaslylygyna we netijeliligine baha bermek;
20) psihologik hyzmatlary etmegiň meseleleri boýunça usulyýet ýolbaşçylygyny amala aşyrmak;
21) derman serişdeleriniň kliniki barlaglarynyň geçirilmegine rugsat bermek;
22) döwlet saglygy goraýyş edaralarynyň derman serişdeleri, lukmançylyk maksatlaryna niýetlenen önümler hem-de himiýa we himiýa önümleri bilen üpjün edilmegini guramak;
23) ilatyň howpsuz, oňat hilli we netijeli derman serişdeleri, lukmançylyk maksatlaryna niýetlenen önümler bilen üpjün edilmegine gözegçilik etmek;
24) derman serişdeleriniň, lukmançylyk maksatlaryna niýetlenen önümleriň öndürilmegine (taýýarlanylmagyna) we ýerlenilmegine (goýberilmegine) bildirilýän talaplara laýyk gelmeýändigi ýüze çykarylan halatynda, olaryň önümçiligini (taýýarlanylmagyny) we ýerlenilmegini (goýberilmegini) wagtlaýyn togtatmak;
25) derman serişdeleriniň, lukmançylyk maksatlaryna niýetlenen önümleriň senagatyny ösdürmek;
26) sanitariýa-epidemiologiýa işini üpjün etmek;
27) saglygy goraýyş işgärlerini taýýarlamak, gaýtadan taýýarlamak we olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak;
28) saglygy goraýyş işgärlerini taýýarlamagyň, gaýtadan taýýarlamagyň hem-de olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmagyň meýilnamasyny işläp düzmek;
29) saglygy goraýyş edaralarynyň işgärleriniň hünär synagyndan geçirilmegini üpjün etmek;
30) kanunçylyga laýyklykda ygtyýarlylandyrmak işini amala aşyrmak;
31) öz garamagyndaky saglygy goraýyş edaralarynyň maddy-tehniki we maglumatlar binýadynyň ösdürilmegini üpjün etmek bolup durýar.
5. Ministrlik öz üstüne ýüklenilen wezipelere laýyklykda:
1) raýatlaryň saglygynyň goralmagy, psihiatrik kömegiň berilmegi, psihologik hyzmatlaryň edilmegi, donorlyk hem-de derman üpjünçiligi çygrynda ýeke-täk döwlet syýasatyny durmuşa geçirýär;
2) saglygy goraýyş çygrynda döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirýär;
3) öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde kadalaşdyryjy hukuk namalaryny kabul edýär;
4) öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň ýerine ýetirilişine gözegçilik edýär;
5) saglygy goraýşy guramagy, dolandyrmagy hem-de maliýeleşdirmegi kämilleşdirýär;
6) netijeli öňüni alyş çärelerini guraýar hem-de geçirýär;
7) ilaty umumy ýagdaýda elýeterli, oňat hilli hem-de ýokary hünärli saglygy goraýyş kömegi bilen üpjün edýär;
8) raýatlara tölegsiz saglygy goraýyş kömeginiň, saglygy goraýyş hyzmatlarynyň döwlet tarapyndan kepillendirilýän möçberleriniň berilmegini üpjün edýär;
9) raýatlaryň döwlet meýletin saglygy goraýyş ätiýaçlandyryş ulgamyny ösdürýär we kämilleşdirýär;
10) raýatlara tölegli saglygy goraýyş hyzmatlaryny edýär;
11) raýatlara ilkinji saglygy goraýyş-sanitariýa kömeginiň, ýöriteleşdirilen saglygy goraýyş kömeginiň, tiz kömegiň, palliatiw, şol sanda telelukmançylyk aragatnaşygynyň ulanylmagy bilen, saglygy goraýyş kömeginiň berilmegini guraýar;
12) maşgala lukmançylygy ýörelgesini ösdürýär we kämilleşdirýär;
13) ilata maşgala lukmançylygy ýörelgesi boýunça saglygy goraýyş hyzmatlarynyň edilmegini üpjün edýär;
14) saglygy goraýyş-durmuş edaralarynda raýatlara saglygy goraýyş hyzmatlaryny etmegi hem-de olara ideg etmegi we şol edaralaryň maddy-durmuş üpjünçiligini guraýar;
15) ortopediýa we diş protezlemesi boýunça saglygy goraýyş kömegini (hyzmatyny) berýär;
16) maýyplygy bolan adamlara, şol sanda kämillik ýaşyna ýetmedik maýyplygy bolan çagalara we çagalygyndan maýyplygy bolan adamlaryň Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda saglygy goraýyş-durmuş kömegini, olaryň saglygyny dikeltmegi amala aşyrýar;
17) raýatlaryň saglygynyň goralmagy çygrynda maglumatlar binýatlarynyň ýöredilmegini, şol sanda Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda olarda bar bolan şahsy maglumatlaryň ýaşyrynlygynyň berjaý edilmegini üpjün edýär;
18) raýatlaryň saglygynyň temmäki tüssesiniň täsirinden we temmäki önümlerini ulanmagyň netijelerinden goralmagy babatda ygtyýarly edaranyň wezipelerini amala aşyrýar;
19) alkogolyň zyýanly täsiriniň öňüni almak boýunça toplumlaýyn çäreleri, Türkmenistana howpsuz we oňat hilli alkogolly önümleriň getirilmegine gözegçiligi amala aşyrýar, alkogolyň zyýanly täsiriniň öňüni almaga, alkogolly önümleriň ulanylyşynyň azaldylmagyna, sagdyn durmuş ýörelgesiniň wagyz edilmegine gönükdirilen çäreleriň durmuşa geçirilişiniň netijeliligine monitoringi we baha bermegi geçirýär;
20) ilatyň arasynda ölümi, şol sanda çagalaryň we eneleriň ölümini, şeýle hem has giňden ýaýran keselleri, şol sanda ýokanç we ýokanç däl keselleri, arakhorlugy hem-de çilimkeşligi mundan beýläk-de azaltmak boýunça çäreleri guraýar;
21) şypahana işi çygryndaky döwlet syýasatyny durmuşa geçirmek boýunça işi utgaşdyrýar;
22) Türkmenistanyň şypahana gaznasynyň döwlet hasaba alşyny we sagaldyş maksatly tebigy çäkleriň hem-de şypahana edaralaryny goşmak bilen şypahanalaryň döwlet sanawyny ýöredýär;
23) Türkmenistanyň tebigy bejeriş serişdeleriniň, şypahanalarynyň goralmagyna we olaryň rejeli peýdalanylmagyna gözegçiligi amala aşyrýar;
24) psihiatrik edaralaryň işini utgaşdyrýar, olaryň işine gözegçiligi amala aşyrýar;
25) döwlet saglygy goraýyş edaralarynda lukmançylyk, saglygy goraýyş-sosial we psihiatrik bilermenler seljermesini, lukmançylyk gözden geçirmesini, lukmançylyk we psihiatrik güwä geçilmesini guraýar;
26) psihiatrik kömek berilýän mahalynda geçirilýän çäreleriň hiline, esaslylygyna we netijeliligine baha berýär;
27) psihologik hyzmatlary etmegiň meseleleri boýunça usulyýet ýolbaşçylygyny amala aşyrýar;
28) derman serişdeleriniň kliniki barlaglarynyň geçirilmegine rugsat berýär;
29) ýurtda ulanylýan esasy derman serişdeleriniň görnüşleriniň sanawyny kesgitleýär;
30) derman serişdesiniň, lukmançylyk maksatlaryna niýetlenen önümleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagyny amala aşyrýar;
31) döwlet saglygy goraýyş edaralarynyň derman serişdeleri, immunobiologik serişdeler, zyýansyzlandyryş serişdeleri, şol sanda ýokanç keselleriň öňüni almagyň başga mahsus serişdeleri, lukmançylyk maksatlaryna niýetlenen önümler hem-de himiýa we himiýa önümleri bilen üpjün edilmegini guraýar;
32) ilatyň howpsuz, oňat hilli we netijeli derman serişdeleri, lukmançylyk maksatlaryna niýetlenen önümler bilen üpjün edilmegine gözegçilik edýär;
33) eýeçiliginiň görnüşine we pudaklaýyn tabynlygyna garamazdan, dermanhana edaralarynyň işine gözegçiligi bellenen tertipde amala aşyrýar;
34) derman serişdeleriniň, lukmançylyk maksatlaryna niýetlenen önümleriň öndürilmegine (taýýarlanylmagyna) we ýerlenilmegine (goýberilmegine) bildirilýän talaplara laýyk gelmeýändigi ýüze çykarylan halatynda, olaryň önümçiligini (taýýarlanylmagyny) we ýerlenilmegini (goýberilmegini) wagtlaýyn togtadýar;
35) derman serişdeleriniň, lukmançylyk maksatlaryna niýetlenen önümleriň senagatyny ösdürýär;
36) garamagyndaky derman senagaty kärhanalarynyň öndürýän derman serişdelerini, lukmançylyk maksatlaryna niýetlenen önümlerini kanunçylyga laýyklykda eksport edýär;
37) ilat hem-de saglygy goraýyş edaralarynyň hajatlary üçin derman serişdelerini merkezleşdirip, satyn almagy guraýar;
38) sanitariýa-epidemiologiýa işini üpjün edýär;
39) Türkmenistanyň çäginiň sanitariýa taýdan goralmagyny, ýokanç we beýleki keselleriň öňüni alyş çäreleriniň geçirilmegini üpjün edýär, oňaýly sanitariýa-epidemiologiýa ýagdaýynyň üpjün edilmegi boýunça döwlet sanitariýa-epidemiologiýa gözegçilik barlagyny we bäşga çäreleri amala aşyrýar;
40) adamyň saglygy üçin howply bolup biljek önümleriň sanitariýa kadalaryna, düzgünlerine we gigiýena kadalyk ölçeglerine laýyk gelýändigi hakynda sanitariýa-epidemiologiýa netijenamalarynyň berilmegini üpjün edýär;
41) barlaghana synaglaryny geçirmek bilen temmäki önümlerini «Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugy bilen bilelikde sertifikatlaşdyrmagy amala aşyrýar;
42) kanunçylyga laýyklykda ygtyýarlylandyrmak işini amala aşyrýar;
43) saglygy goraýyş işgärlerini taýýarlaýar, gaýtadan taýýarlaýar we olaryň hünär derejesini ýokarlandyrýar;
44) saglygy goraýyş işgärlerini taýýarlamagyň, gaýtadan taýýarlamagyň hem-de olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmagyň meýilnamasyny işläp düzýär;
45) kanunçylyga laýyklykda saglygy goraýyş edaralarynyň işgärleriniň hünär synagyndan geçirilmegini üpjün edýär;
46) kanunçylyga laýyklykda daşary ýurtlaryň öňdebaryjy saglygy goraýyş edaralarynyň hünärmenlerini işe çekýär hem-de türkmen hünärmenlerini daşary ýurt döwletlerine kämilleşdiriş okuwlaryna ugradýar;
47) lukmançylyk ylmynyň ösdürilmegini, raýatlaryň saglygynyň goralmagy çygrynda ylmy barlaglaryň guralmagyny we geçirilmegini üpjün edýär;
48) saglygy goraýşyň elektron ulgamyny ösdürmegiň ugurlaryny kesgitleýär;
49) saglygy goraýyş edaralarynda sanly lukmançylyk we elektron resminamalar dolanyşygy ulgamyny hem-de häzirki zaman multimedia tehnologiýalaryny durmuşa ornaşdyrmak, ygtyýarlyklarynyň çäklerinde maglumatlaryň goraglylygyny we howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça işleri ýerine ýetirýär;
50) raýatlaryň saglygynyň goralmagy çygrynda elektron maglumatlar serişdeleriniň we habar beriş ulgamlarynyň, habar beriş-aragatnaşyk torlarynyň işlemegini, Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda fiziki we ýuridik şahslaryň olary ulanyp bilmeginiň guralmagyny üpjün edýär;
51) Türkmenistanyň saglygy goraýyş statistika ulgamyny halkara standartlaryna laýyklykda kämilleşdirýär;
52) ilatyň arasynda keselleriň öňüni almagyň we bejermegiň usullary barada düşündiriş işlerini geçirýär, sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmegi we ornaşdyrmagy amala aşyrýar;
53) raýatlaryň ýüztutmalaryna öz wagtynda garamagy üpjün edýär we ýüze çykarylan kemçilikleri aradan aýyrmak boýunça çäreleri görýär;
54) garamagyndaky saglygy goraýyş edaralarynyň, bilim edaralarynyň we derman senagaty kärhanalarynyň işini, şeýle hem beýleki ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň raýatlaryň saglygynyň goralmagy çygryndaky işini utgaşdyrýar;
55) öz garamagyndaky saglygy goraýyş edaralarynyň maddy-tehniki we maglumatlar binýadynyň ösdürilmegini üpjün edýär;
56) garamagyndaky saglygy goraýyş edaralarynyň binalarynyň we desgalarynyň gurluşygyna, olaryň talabalaýyk ulanylyşyna, bejeriş-abatlaýyş işlerine hem-de olara inžener-enjamlaýyn taýdan hyzmat edilişine gözegçiligi amala aşyrýar;
57) daşary ýurt maýa goýujylaryň gatnaşmagynda saglygy goraýyş maksatly gurluşyk we beýleki taslamalary durmuşa geçirmegiň maksadalaýyklygy hakyndaky teklipleri taýýarlaýar;
58) öz üstüne ýüklenen wezipeler bilen bagly halkara hyzmatdaşlygyny we daşary ykdysady işi amala aşyrýar;
59) saglygy goraýyş edaralarynyň işgärleriniň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak boýunça işleri durmuşa geçirýär;
60) öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde beýleki işleri amala aşyrýar.
6. Ministrligiň şulara hukugy bar:
1) garamagyndaky edara-kärhanalary bellenilen tertipde döretmäge, üýtgedip guramaga we ýatyrmaga;
2) kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň taslamalaryny işläp taýýarlamaga gatnaşmaga;
3) degişli ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary we jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde saglygy goraýyş işgärlerini durmuş taýdan goramak baradaky çäreleri işläp taýýarlamaga hem-de durmuşa geçirmäge;
4) degişli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde saglygy goraýyş edaralaryny maliýe hem-de maddy-tehniki taýdan üpjün etmegiň döwlet kadalaryny işläp taýýarlamaga;
5) Ministrligiň üstüne ýüklenen wezipeleri amala aşyrmak üçin zerur maglumatlaryň berilmegini ministrliklerden, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryndan, pudaklaýyn tabynlygyna we eýeçiliginiň görnüşlerine garamazdan, kärhanalardan, edaralardan we guramalardan soramaga hem-de maglumatlary almaga.
7. Ministrlige Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan wezipä bellenilýän hem-de wezipeden boşadylýan Ministr ýolbaşçylyk edýär.
8. Ministriň Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan wezipä bellenilýän we wezipeden boşadylýan iki orunbasary bar, şol sanda Ministriň bejeriş-öňüni alyş kömegini guramak boýunça orunbasary, Ministriň orunbasary - Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň başlygy.
9. Halkara saglyk merkezleri müdiriýetiniň baş müdiri, Ýokanç keselleri merkezleri müdiriýetiniň baş müdiri we S.A.Nyýazow adyndaky Bejeriş-maslahat beriş, merkeziniň direktory Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan wezipä bellenilýär we wezipeden boşadylýar.
10. Ministr:
1) Ministrligiň işine ýolbaşçylyk edýär hem-de Ministrligiň üstüne ýüklenen wezipeleriň ýerine ýetirilmegi we onuň öz işini amala aşyrmagy üçin Türkmenistanyň Prezidentiniň we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň öňünde şahsy jogapkärçilik çekýär;
2) öz orunbasarlarynyň hem-de Ministrligiň merkezi edarasynyň gurluş birlikleriniň ýolbaşçylarynyň arasynda borçlary paýlaýar, işiň tabşyrylan ugry üçin olaryň jogapkärçilik derejesini kesgitleýär, şeýle hem Ministrligiň işgärleri bilen zähmet gatnaşyklaryny Türkmenistanyň zähmet kanunçylygyna laýyklykda düzgünleşdirýär;
3) Ministrligiň işine degişli meseleler boýunça çözgütleri özbaşdak kabul edýär;
4) Ministrligiň ygtyýarlyklaryna degişli meseleler boýunça beýleki ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen özara gatnaşyklary guraýar;
5) garamagyndaky edaralaryň tertipnamalaryny tassyklaýar;
6) garamagyndaky edara-kärhanalaryň işini utgaşdyrýar;
7) Ministrligiň merkezi edarasynyň işgärlerini, şeýle hem öz ygtyýarlyklarynyň çäginde garamagyndaky edara-kärhanalaryň ýolbaşçylaryny bellenen tertipde wezipä belleýär hem-de wezipeden boşadýar;
8) Ministrligiň merkezi edarasynyň işgärleri hem-de garamagyndaky edara-kärhanalaryň ýolbaşçylary barada höweslendiriş we düzgün-nyzam temmi çärelerini bellenen tertipde ulanýar, şeýle hem aýratyn tapawutlanan işgärleri döwlet sylaglary bilen sylaglamaga hödürleýär;
9) Ministrligiň kabul edýän hukuk namalaryna, şol sanda kadalaşdyryjy hukuk namalaryna gol çekýär, şeýle hem olaryň ýerine ýetirilmegine gözegçilik edýär;
10) garamagyndaky edara-kärhanalaryň ýolbaşçylarynyň Türkmenistanyň kanunçylygyna ters gelýän buýruklaryny ýatyrýar;
11) Ministrligiň merkezi edarasynyň wezipe sanawyny bellenen tertipde tassyklaýar;
12) öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde beýleki işleri amala aşyrýar.
11. Ministrligiň merkezi edarasynyň gurluşy we işgär sany Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan tassyklanýar.
12. Ministrlik ýuridik şahs bolup, onuň aýrybaşgalanan emlägi, Türkmenistanyň Döwlet tugrasy şekillendirilen we öz ady ýazylan möhüri, möhürçeleri, resmi blanklary, şeýle hem Türkmenistanyň bank edaralarynda hasaplaşyk, daşary ýurt pulundaky we beýleki hasaplary bar.
13. Ministrligiň merkezi edarasyny saklamak bilen bagly çykdajylar Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdeleriniň hasabyna maliýeleşdirilýär.
14. Ministrlik Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda üýtgedilip guralýar we ýatyrylýar.
Türkmenistanyň Prezidentiniň 2021-nji ýylyň
16-njy aprelinde çykaran «Türkmenistanyň
Saglygy goraýyş we derman senagaty
ministrliginiň meseleleri hakynda»
2230 belgili karary bilen tassyklandy