Şriftiň ölçegi:
A
A
A
A
Reňk sazlaşygy:
A
A
A
Suratlar:
Saýtyň asyl görnüşi

Türkmenistanda 2025-nji ýylyň şygary – «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly»


Eziz Diýarymyzda halkymyz her bir ýyly uly umyt-arzuwlar we ruhubelentlik bilen garşy alýar. Parahatçylyk dörediji aýdyň maksatlary, ynsanperwer syýasaty bilen dünýäde giňden tanalýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary, köptaraply başlangyçlary bilen uly üstünlikleriň we ösüşleriň ýoly bilen öňe barýar.Ýurdumyzda her bir täze ýyla döwrebap at goýmaklyk däbe öwrüldi. Şeýle ajaýyp döwrümizde Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden, jöwher paýhasyndan dörän, parahatçylygyň, ynanyşmagyň we dost-doganlygyň ähmiýetini, onuň gadyr-gymmatyny giňden açyp görkezýän «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atly ajaýyp goşgusyndan ugur alyp, Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan Täze — 2025-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip ýyly diýlip yglan edilmeginde çuňňur many bar. Munuň özi ähli türkmen halkynyň ýürek arzuwy, köňül islegi. Döwrümize şan berjek täze ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip atlandyrylmagy ýurdumyzyň, Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň dünýä ýüzündäki abraý-mertebesiniň belentliginiň alamatydyr. Sebäbi Birleşen Milletler Guramasynyň kabul eden Kararnamasy esasynda 2025-nji ýylyň dünýäde bu şygar astynda geçjekdiginiň özi munuň aýdyň subutnamasydyr.


Türkmen halkynyň gadymdan gelýän hoşniýetlilik, parahatsöýüjilik, ynsanperwerlik häsiýetleri we däpleri döwletimiziň oňyn Bitaraplyga esaslanýan daşary syýasatynyň özeni bolup durýar. Ýurdumyzyň daşary syýasat strategiýasyny amala aşyrmakdaky uly üstünlikler, halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekde we umumadamzat ösüşlerine dahylly meseleleriň oňyn çözgütlerini tapmakda döwletimiziň alyp barýan syýasaty dünýä bileleşigi tarapyndan goldanylýar.


Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan hukuk derejesi iki gezek ykrar edilen Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy Milletler Bileleşiginiň taryhynda hem möhüm sahypa öwrüldi. BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 12-nji dekabr Halkara Bitaraplyk güni diýlip yglan edildi.


Türkmenistan Bitaraplyk ýörelgesine ygrarly bolmak bilen, «Dialog — parahatçylygyň kepili» taglymatyndan ugur alyp, halkara gatnaşyklaryň parahatçylykly ýol bilen ösdürilmegine, ählumumy howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň üpjün edilmegine uly goşant goşýar. Ýurdumyzyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy mejlisiniň wise-başlyklygyna saýlanylmagy, Türkmenistanyň başlangyjy bilen, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» hem-de «Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy» atly Kararnamalaryň biragyzdan kabul edilmegi dünýä döwletleriniň ýurdumyza bolan ynamyny, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň daşary syýasat strategiýasynyň, mähriban Watanymyzyň gülläp ösmegine, ykdysady kuwwatynyň has-da berkemegine gönükdirilen tagallalarynyň hem-de deňhukukly we özara bähbitli oýlanyşykly başlangyçlarynyň rowaçlyklara beslenýändigini görkezýär.


Täze ýylyň jemgyýetimiz, döwletimiz üçin belent sepgitleriň, örän uly taryhy ösüşleriň ýyly boljakdygyna ynanýan halkymyz 2025-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip atlandyrylmagyna ýürekden buýsanýar. Bu şygar eziz Diýarymyzyň agzybirlik, parahatçylyk hem-de ynanyşmak arkaly belent sepgitleri, beýik ösüşleri gazanýandygyny şöhlelendirýär.


Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň dünýä ýüzüni parahatçylyga, asuda-abadan durmuşa çagyryşy — asyrlara, nesillere serpaýdyr. Türkmen topragynda, giň dünýäde hemişe parahatçylyk, birek-birege ynam höküm sürsün! Ojaklary saglyk-salamatlyk, abatlyk-rahatlyk, rysgallylyk-döwletlilik, mylaýymlyk-mähribanlyk gurşasyn!

​​

banner
banner
banner