Şriftiň ölçegi:
A
A
A
A
Reňk sazlaşygy:
A
A
A
Suratlar:
Saýtyň asyl görnüşi

Maglumatyň ýaşyrynlyk ýörelgesi

– Şahsy maglumatlar ýygnalanda, işlenip taýýarlananda we goralanda adamyň hukuklarynyň we azatlyklarynyň goralmagyny, şol sanda şahsy durmuşynyň eldegrilmesizligine, şahsy we maşgala syrlaryna bolan hukugyň goralmagyny üpjün etmek «Şahsy durmuş barada maglumat we ony goramak hakynda» Türkmenistanyň Kanuny esasynda amala aşyrylýar.


– Şahsy maglumatlary saklaýan elektron maglumat serişdelerinde şahsy maglumatlary ýygnamagyň we işläp taýýarlamagyň aýratynlyklary «Şahsy durmuş barada maglumat we ony goramak hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň düzgünlerini hasaba almak bilen, «Maglumat we ony goramak hakynda» Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda bellenýär.


– Elektron maglumat serişdelerinde saklanýan şahsy maglumatlar, şeýle hem beýleki maglumatlar ýaşyryndyrlar, olary ýygnamak we işläp taýýarlamak şol maglumatlaryň ýygnalan maksatlary bilen çäklendirilýär.


– Şahsy maglumatlary goramak toplumlaýyn çäreleri, şol sanda hukuk, guramaçylyk we tehniki çärelerini şu maksatlar üçin ulanmak arkaly amala aşyrylýar:


1) şahsy durmuşyň eldegrilmesizligine, şahsy we maşgala syrlaryna bolan hukuklaryň durmuşa geçirilmegi;


2) bitewüliginiň we abat saklanmagynyň üpjün edilmegi;


3) ýaşyrynlygynyň berjaý edilmegi;


4) rugsada bolan hukugyň durmuşa geçirilmegi;


5) bikanun ýygnamagyň we işläp taýýarlamagyň öňüniň alynmagy.

banner
banner
banner