Şriftiň (ýazgylaryň) ölçegi:
A
A
A
A
Reňk sazlaşygy:
A
A
A
Suratlar:
Saýtyň asyl görnüşi

Saglygy goraýşyň habarlar merkezi barada

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty pudagynda ýeke-täk habar beriş ulgamyny ýola goýmak, jemgyýetçilik pikirlerini jemlemek, ilata ýyllyk meýilnama boýunça ýa-da meýilnamadan daşary habarlary bermek, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň (tele we radio ýaýlymlaryň, gazet-žurnallaryň, Internet ulgamyndaky web-saýtlaryň) üsti bilen halkyň saglyk babatyndaky düşünjelerini, bilim we medeni derejelerini ýokarlandyrmak, sagdyn durmuşda ýaşamaklygyň ýollaryny wagyz etmek we döwlet edara-kärhanalary, umumy bilim berýän orta mekdepleri, ýokary, orta  we başlangyç hünär okuw mekdepleri, jemgyýetçilik guramalary we birleşikleri hem-de halkara guramalary bilen bilelikde geçirilýän çärelere işjeň gatnaşmak maksady bilen, 2000-nji ýylda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi döredildi.


Saglygy goraýşyň habarlar merkeziniň wezipesi we ýerine ýetirýän işleri:


Saglygy goraýşyň habarlar merkeziniň utgaşdyrmagynda köpugurly wagyz-nesihat çäreleriniň meýilnamasyna laýyklykda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň  çäklerinde zähmetkeş ýaşlaryň, dürli ýaşly raýatlaryň saglyk babatyndaky bilimini we medeniýetini ýokarlandyrmak, ilatyň sagdyn iýmitlenmegini gazanmak, ýokanç däl keselleriň öňüni almak, sagdyn iýmitlenmek endigini kemala getirmek, zyýanly endiklerden daşda durmaklygyny ündemek, temmäki önümleriniň adam saglygyna ýetirýän zyýanyny düşündirmek, ene süýdüniň ähmiýetini, sagdyn durmuşda ýaşamaklygyň ýollaryny wagyz etmek, kesarew kesim operasiýalarynyň öňüni almak, halkyň saglygyny, işjeňligini we ömrüniň dowamlylygyny uzaltmagyň netijeli ýollaryny düşündirmek, ýurdumyzda geçirilýän täze anyklaýyş we bejeriş usullary bilen tanyş etmek, ýurdumyzda öndürilýän derman we saglyk maksatly önümleri (serişdeleri) bilen tanyşdyrmak, keselleriň öňüni alyş sanjymlary barada giňişleýin maglumat bermek, it we beýleki jandarlaryň dişlemekliginiň öňüni almak, iýmit zäherlenmeleriň we möwsümleýin keselleriň öňüni almak, ýol hereketiniň howpsuzlygyny gazanmak, gan donory bolmaklygynyň saglyga peýdasyny düşündirmek, bedenterbiýäniň, önümçilik maşklarynyň adam saglygyna täsirini açmak, ýokanç däl keselleriň öňüni almak we «saglyk mekdepleriň» ähmiýetini düşündirmek, şypahana bejergilerini mahabatlandyrmak, saglyk ätiýaçlandyrmasynyň ähmiýetini düşündirmek, elektron saglygy goraýyş kartalarynyň ähmiýetini açmak, ilatymyzyň maşgala lukmanlaryň kabulyna yzygiderli barmaklaryny we öz saglygyny yzygiderli gözegçilikde saklamaklaryny ýola goýmak we gazanmak, ýurdumyzda kabul edilýän Kanunlary we kadalaşdyryjy namalary düşündirmek we ilatymyzyň bu meseleler barada düşünjesini ýokarlandyrmak maksady bilen wagyz-nesihat duşuşyklary geçirilýär.


Dürli ministrlikleriň edara-kärhanalarynyň işgärleriniň arasynda gurnalýan ýygnaklaryň ählisine Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkeziniň, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň wekilleri we her bir edaranyň Kärdeşler arkalaşygynyň we zenanlar birleşiginiň ilkinji guramasynyň ýolbaşçylary we Saglygy goraýyş ulgamynyň lukman-hünärmenleri mowzuklara görä kesgitlenip gatnaşýarlar.


Saglygy goraýşyň habarlar merkeziniň öňüni alyş işleri boýunça alyp barýan ugurlary:


– Sagdyn iýmitlenmek;


– Fiziki işjeňlik;


– Çilimkeşligiň öňüni almak;


– Arakhorlugyň öňüni almak;


– Neşekeşligiň öňüni almak;


– Ýokanç we ýokanç däl keselleriň öňüni almak;


– AIW/AIDS-iň we JGAGK-niň öňüni almak;


– Nesil saglygy;


– Saglygy goraýşyň ilkinji basgançaklarynda keselçiligiň öňüni almak we sagdyn durmuş ýörelgesini alyp barmak.


Saglygy goraýşyň habarlar merkeziniň bölümleri:


– Sagdyn durmuş bölümi;


– Keselleriň öňüni alyş bölümi;


– Metbugat bölümi.


Sagdyn durmuş bölümi


Bu bölüm ýurdumyzyň umumy bilim berýän orta mekdeplerinde, ýokary, orta we başlangyç hünär okuw mekdeplerinde hem-de tomusky dynç alyş-sagaldyş merkezlerinde saglygy goraýyş işgärleriniň gatnaşmagyndaky sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek boýunça okuwçylaryň, talyplaryň arasynda «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşlikleri, tele we radio ýazgylary, maslahatlary, duşuşyklary, öwrediji okuwlary geçirmek hem-de makalalary taýýarlamak işlerini alyp barýar.


Keselleriň öňüni alyş bölümi


Bu bölümiň esasy wezipesi – keselleriň öňüni almak, saglygy berkitmek we adam ömrüniň ortaça dowamlylygyny artdyrmak maksady bilen, ilat arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini giňden wagyz etmek bolup durýar. Ilat arasyndaky, ýagny edara-kärhanalarda işleýän raýatlaryň arasyndaky wagyz-nesihat çäreleri söhbetdeşlikler, duşuşyklar, konferensiýalar we maslahatlar arkaly geçirilýär. 


Metbugat bölümi


Bu bölüm köpçülikleýin habar beriş serişdeleri bilen yzygiderlikde işleri alyp baryp, saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň taýýarlaýan makalalarynyň we olaryň tele, radio çykyşlarynyň halk köpçüligine ýetirilmegini gurnaýar we olara gözegçilik edýär. Şeýle hem ähli teleýaýlymlarynda we radioýaýlymlarynyň «Il saglygy – ýurt baýlygy», «Saglygym – baş baýlygym» atly radiogepleşiklerinde lukmanlaryň çykyşlaryny utgaşdyrýar.


Metbugat bölüminiň düzüminde studiýa hem hereket edýär. Studiýada «Il saglygy – ýurt baýlygy» atly ylmy-populýar telegepleşikler taýýarlanylýar. Onda tomaşaçylaryň soraglaryna jogaplar we degişli maslahatlar berlip, saglygy goraýyş pudagyndaky täze özgertmeler hakynda aýdylýar. Bu gepleşigiň esasy maksady – ilatyň saglygyny berkitmek, adam ömrüniň ortaça dowamlylygyny artdyrmak, zyýanly endiklerden daşda durmak, sagdyn iýmitlenmek, sport bilen meşgullanmak, işi we dynç alyşy sazlaşykly guramak, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermek baradaky maslahatlary ilatyň dykgatyna ýetirmek bolup durýar.


Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tarapyndan taýýarlanylýan telegepleşikler:


– Sagdyn durmuş ýörelgeleri;


– Lukmanyň maslahaty;


– Sport we saglyk;


– Milli miraslarymyz we saglyk;


– Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri;


– Çaý melhem hem ylham;


– Bereketli türkmen saçagy;


– Körpeleriň saglygy;


– Sizden gelen hatlara jogap;


– Halkara hyzmatdaşlyk


atly sahypalardan ybarat bolup, halkyň dykgatyna hepdäniň çarşenbe we ýekşenbe günleri «Altyn asyr: Türkmenistan» teleýaýlymy arkaly ýetirilýär. Ýaýlym wagty 1 sagat bolup, gepleşigiň dowamynda ýokanç we ýokanç däl keselleriň öňüni almak maksatly şekilli görnüşler hem ýaýlymda görkezilýär.


Salgysy: 744000, Türkmenistan, Aşgabat şäheri, Magtymguly şaýoly, 90-njy jaý


Telefon belgisi: +993 (12) 93-82-38


Faks belgisi: +993 (12) 93-82-39


E-poçta salgysy: saglykhm@saglykhm.gov.tm


Iş tertibi:

Duşenbe – Anna 09:00 – 16:00

Şenbe 09:00 – 14:00


Gatnaw ulaglary:

Awtobuslar: 6, 16, 28, 29, 33, 38, 46, 52, 58, 66, 77, 128, 129


Ugur almak üçin bellik: Aşgabat şäheriniň Saglygy goraýyş müdirligi


Edaranyň kartada ýerleşýän ýeri: Ýandeks Karta


banner
banner
banner