Saýtyň gözükdirijisi we sözlügi
Baş sahypa – Web-saýta girilende ilkinji peýda bolýan (Internet web-saýtyň ulanyjylaryna görünýän) esasy sahypasy ýa-da web-saýty onuň esasy sahypasyna gönükdiriji.
Ministrlik – Umumy maglumat, Ministrligiň wezipesi we ýerine ýetirýän işleri, Ministrligiň merkezi edarasy, Ministrligiň gurluşy, Saglygy goraýyş ulgamy, Halkara hyzmatdaşlyk.
Resminamalar – Türkmenistanyň Konstitusiýasy, kodeksleri we kanunlary, Türkmenistanyň Mejlisiniň kararlary, Türkmenistanyň Prezidentiniň permanlary we kararlary, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň çözgütleri, Ministrligiň resminamalary.
Edaralar – Halkara lukmançylyk merkezleri, Merkezi bejeriş-öňüni alyş edaralary, Saglygy goraýyş müdirlikleri we bejeriş-öňüni alyş edaralary, Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugy, Derman senagaty we derman üpjünçiligi edaralary, Şypahana edaralary, Lukmançylyk ýokary we orta hünär okuw mekdepleri, Ýokanç keselleri anyklaýyş barlaghanalary.
Habarlar merkezi – Saglygy goraýşyň habarlar merkezi barada, Habarlar we täzelikler, Fotosuratlar ýygyndysy, Wideoşekiller ýygyndysy, Metbugat merkezi, Makalalar ýygyndysy, Ministrligiň ýolbaşçylarynyň resmi çykyşlary.
Özgertmeler – Döwlet maksatnamalary we strategiýalary, Halkara guramalary bilen bilelikdäki maksatnamalar we strategiýalar, Durmuşa geçirilýän maýa goýum taslamalary, Tenderler (bäsleşikler), Çäreler (forumlar, konferensiýalar).
Salgylar – Aragatnaşyk, Kanselýariýa, «Ynam» merkezi, Milli nesil saglyk merkezi, Ýüzlenme ugratmak.
Sanly hyzmatlar – Döwlet meýletin saglygy goraýyş ätiýaçlandyrmasy, Elektron saglygy goraýyş hyzmatlary, Saglygy goraýyş edaralarynyň sanawy, Derman we saglygy goraýyş maksatly serişdeleriň sanawy, Keseliň öňüni alyş sanjymlary we olary geçirmegiň tertibi, Lukman ýolbaşçylaryň kabul edişligine ýazylmak, Ilkinji kömegi bermek boýunça gözükdirmeler, Maýyplyk meseleleri we saglygy goraýyş-sosial bilermenler seljermesi, Ygtyýarlylandyrmak, Sertifikatlaşdyrmak, Iş bilen üpjünçilik ulgamy.
Saýtda ulanylýan esasy düşünjeler
1) raýatlaryň saglygynyň goralmagy – her bir adamyň fiziki we psihiki saglygynyň goralyp saklanmagyna we berkidilmegine, onuň uzak ýyllar dowam edýän işjeň durmuşynyň saklanylmagyna gönükdirilen syýasy, ykdysady, hukuk, durmuş, medeni, ylmy, saglygy goraýyş, sanitariýa-gigiýena we epidemiýa garşy häsiýetli çäreleriň jemi;
2) adamyň saglygy – adamyň bedeniniň işlemeginiň keselleriň, şikesleriň ýa-da fiziki kemçilikleriň netijeleri bilen şertlendirilen bozulmagynyň alamatlarynyň bolmazlygy, şeýle hem adamyň ruhy we durmuş taýdan abadançylygy;
3) saglygy goraýyş kömegi – öňüni alyş, anyklaýyş, saglygy bejeriş, dikeldiş ýa-da barlag işine gönükdirilen kömek;
4) saglygy goraýyş hyzmaty – keseliň öňüni almak, anyklamak, bejermek ýa-da saglygy dikeltmek maksady bilen görülýän çäreler;
5) öňüni alyş – kesellemegiň, maýyplygyň öňüniň alynmagy, howpsuz zähmet şertleriniň döredilmegi, raýatlaryň ömrüniň dowamlylygynyň artdyrylmagy, daşky gurşawyň goralmagy boýunça sanitariýa-sagaldyş we bejeriş-öňüni alyş çäreleriniň işlenip düzülmegi we amala aşyrylmagy;
6) anyklaýyş – adamyň saglyk ýagdaýynyň ýa-da keseliň barlygynyň ýa-da ýoklugynyň anyklanylmagyna gönükdirilen saglygy goraýyş hyzmatlarynyň toplumy;
7) anyklama (diagnoz) – syrkawyň saglyk ýagdaýy, keseliniň (şikesiniň) barlygy ýa-da ölüminiň sebäbi barada lukmançylyk netijenamasy;
8) bejeriş – keseliň ýok edilmegine, onuň geçişiniň duruzylmagyna ýa-da ýeňilleşdirilmegine, şeýle hem keseliň agyrlaşmagynyň öňüniň alynmagyna gönükdirilen çäreleriň toplumy;
9) saglygy goraýyş dikeldişi (mundan beýläk – saglygy dikeltmek) – adam bedeniniň bozulan işiniň dikeldilmegine ýa-da öweziniň dolunmagyna, şeýle hem zähmet ukyplarynyň dikeldilmegine gönükdirilen bejeriş we öňüni alyş çäreleriniň toplumy;
10) syrkaw – saglygy goraýyş kömegi, saglygy goraýyş hyzmaty üçin ýüz tutan we (ýa-da) saglygy goraýyş kömegi, saglygy goraýyş hyzmaty berilýän adam;
11) saglygy goraýyş işgäri – hünärli lukmançylyk bilimi bolan hem-de saglygy goraýyş işini amala aşyrýan fiziki şahs;
12) saglygy goraýyş işi – Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýan, raýatlaryň saglygynyň goralyp saklanylmagyna we berkidilmegine, keselleriň (şikesleriň) öňüniň alynmagyna, bejerilmegine gönükdirilen iş;
13) lukman – raýatlaryň saglygyny goramak işi bilen meşgullanmaga hukugy bolan, ýokary lukmançylyk bilimli hünärmen;
14) bejeriji lukman – syrkawyň saglygyna seredilýän we bejerilýän döwründe oňa lukmançylyk kömegini, saglygy goraýyş hyzmatyny guramak we bermek boýunça işler üstüne ýüklenilen lukman;
15) maşgala lukmany – raýata we onuň maşgala agzalaryna ýaşaýan ýerlerine garamazdan, özüniň hyzmat edýän çäginde ilkinji saglygy goraýyş-sanitariýa kömegini berýän lukman;
16) lukmançylyk gözden geçirmesi – saglyk ýagdaýyny kesgitlemek we keselleri ir ýüze çykarmak maksady bilen raýatlary barlagdan geçirmek arkaly amala aşyrylýan bejeriş-öňüni alyş kömeginiň bir görnüşi;
17) ilkinji saglygy goraýyş-sanitariýa kömegi – raýatlaryň kesellerini ýüze çykarmak, anyklamak, saglygyny bejermek, dikeltmek, sagdyn durmuş ýörelgesini emele getirmek we sanitariýa-gigiýena taýdan sowatlylygyny ýokarlandyrmak, göwreliligiň geçişine gözegçilik etmek boýunça çäreler;
18) jemgyýet üçin howply keseller – raýatlaryň ömrüniň dowamlylygynyň kemelmegine ýa-da olary maýyplyga getirýän, ýaýramagynyň ýokary derejesi bilen häsiýetlendirilýän ýokanç keseller;
19) saglygy goraýyş resminamasy – düzüminde syrkawyň, ilatyň dürli toparlarynyň saglyk ýagdaýy, berilýän saglygy goraýyş kömeginiň, saglygy goraýyş hyzmatynyň möçberi we hili hakynda, şeýle hem saglygy goraýyş edaralarynyň işi hakynda saglygy goraýyş-statistik maglumatlary bolan resminama;
20) bejeriş iýmiti – bellenilen himiki düzümi, energetik gymmatlylygy bolan, anyk önümlerden, şol sanda tehnologik taýdan işlenilmäniň degişli görnüşleri bilen işlenilýän bejeriş iýmitiniň ýöriteleşdirilen önümlerinden düzülen belli bir döwür üçin niýetlenen tagamlary öz içine alýan, keseliň güýjemeginiň mehanizmleriniň hasaba alynmagy bilen adamyň bedeniniň iýmitlik maddalara we energiýa bolan fiziologik talaplarynyň kanagatlandyrylmagyny üpjün edýän iýmit;
21) bejeriş iýmitiniň ýöriteleşdirilen önümleri – bellenilen himiki düzümi, energetik gymmatlygy we fiziki özboluşlylygy we subut edilen bejeriş netijesi bolan, adamyň kesellemegi netijesinde bedeniniň bozulan ýa-da ýitirilen işiniň dikeldilmegine, şeýle hem onuň bedeniniň uýgunlaşmak mümkinçilikleriniň ýokarlandyrylmagyna täsir edýän iýmit önümleri;
22) maýyplygy bolan adam – dürli päsgelçilikler bilen özara baglanyşykda bolan mahalynda jemgyýetiň durmuşyna beýlekiler bilen deň derejede doly we netijeli gatnaşmagyna päsgel berip biljek durnukly fiziki, psihiki, akyl taýdan ýa-da duýuş bozulmalary bolan adam;
23) lukmançylyk syry – raýatyň saglygy goraýyş kömegini, saglygy goraýyş hyzmatyny almak üçin ýüz tutmagy, onuň saglyk ýagdaýy we näsaglygy hakynda maglumatlar, şeýle hem onuň saglygy goraýyş barlagy ýa-da bejerilmegi netijesinde alnan beýleki maglumatlar;
24) telelukmançylyk aragatnaşygy – hünärmenleriň arasynda syrkawlara maslahat berilmeginiň, keselini anyklamagyň, bejermegiň hilini we dessinligini ýokarlandyrmak maksady bilen, häzirki zaman kompýuter we telearagatnaşyk tehnologiýalarynyň ulanylmagy bilen geçirilýän guramaçylyk, tehnologik we maliýe çäreleriniň toplumy;
25) forum – köp sanly wekilleriň gatnaşmagynda geçirilýän ýygnak;
26) fotosurat – düşürilen surat;
27) web-saýt – ähli goýlanlar, papkalar, salgylanmalar we tehniki bölüm bilen tematiki taýdan baglanyşykly web-sahypalar topary;
28) web-sahypa – ýazgyny, grafiki, ses we wideo faýllary, animasiýany özünde saklap bilýän, aýratyn salgy (URL) bilen üpjün edilen, web-saýtyň özbaşdak bölegi, Internet torunda aýratyn resminama;
29) sertifikatlaşdyrmak – netijesi sertifikatlaşdyrmagyň obýektiniň sertifikatlaşdyrmak boýunça kadalaşdyryjy resminamalarda bellenen talaplara laýyk gelşiniň resminamalaýyn tassyk edilmegi bolup durýan iş;
30) laýyklyk sertifikat – sertifikatlaşdyrmagyň obýektiniň sertifikatlaşdyrmak boýunça kadalaşdyryjy resminamalarda bellenen talaplara laýyk gelýändigini tassyk edýän resminama;
31) kaloriýa – bu 1 gram suwy standart (umumy kabul edilen birmeňzeş ölçegli) atmosfera basyşynda 1 ⁰С gyzdyrmak üçin gerek bolan energiýa. Bu ölçeg birliginiň ady «kalor» (türkmen diline terjime edilende «ýylylyk ») diýen latyn sözi bilen aňladylýar. «Kaloriýa» adalgasy iýmite degişlilikde başga bir mana eýe bolup, kabul edilen iýmitiň beden tarapyndan dessine sarp edilýän ýa-da ätiýaçlykda saklanýan energiýa birliklerini aňladýar. Iýmitiň energetiki gymmatlygy adatça, has uly birlikde — kilokaloriýada (1 kilokaloriýa — 1000 kaloriýa) ölçenilýär. Bu adalga gysgaça «kkal» diýlip atlandyrylýar;
32) pandus (eňňit) – (meselem, arabalary, tigirçekli enjamlary we şuňa meňzeş serişdeleri binanyň içine salmak, binadan çykarmak üçin niýetlenen) beýiklikden aşaklygyna peselip gaýdýan ýapgyt ýer, ýapaşak ýoljagaz;
33) captcha (ygtyýarlylygyň şekilli barlagy) – Adam we kompýuteri biri-birinden tapawutlandyrmak maksady bilen ulanylýan awtomatiki şekilli ygtyýarlandyrma barlagy (Turing Test);
34) döwlet gullukçysy – Döwlet gullukçylarynyň wezipeleriniň sanawynda görkezilen wezipäni eýeleýän we döwlet gullugynyň öňünde durýan wezipeleri durmuşa geçirmek boýunça işi amala aşyrýan Türkmenistanyň raýaty.
Saýtda ulanylýan gysgaltmalaryň sanawy
1) TSG we DSM – Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi;
2) TLJG – Türkmenistanyň Lukmanlarynyň jemgyýetçilik guramasy;
3) HMAT – Hemaýata mätäçligi anyklaýjy topary;
4) JSIM – Jemgyýetçilik saglygy we iýmiti merkezi;
5) BMG – Birleşen Milletler Guramasy;
6) BMG ÖM – Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasy;
7) BSGG – Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy;
8) BSGG ÝSE – Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Ýewropa sebiti boýunça edarasy;
9) GDA – Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy;
10) ÝUNFPA – Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat gaznasy;
11) ÝUNISEF – Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasy;
12) AIW – Adamyň immun-ýetmezçilik wirusy (ýokanjy) - adamyň bedeninde immun-ýetmezçiligini döredýän wirus;
13) AIDS – AIW ýokanjynyň soňky döwri - adamyň immun-ýetmezçiligini döredýän sindromy;
14) JGAGK – Jynsy gatnaşyklar arkaly geçýän keseller;
15) ÖB – Önümçilik birleşigi;
16) KHBS – Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri;
17) DA we KÝGGG – Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugy;
18) G2G (Government-to-government) – Döwletiň içki gurluşlarynyň özara gatnaşyklary;
19) G2C (Government-to-citizen) – Döwletiň içki gurluşlarynyň raýat bilen özara gatnaşyklary;
20) G2B (Government-to-business) – Döwletiň içki gurluşlarynyň işewürlik bilen özara gatnaşyklary;
21) ÝDK – Ýokanç däl keseller;
22) BAI – Beden agramynyň indeksi;
23) MASYH – Merkezi Aziýa sebitinde Ykdysady Hyzmatdaşlyk;
24) IT – Informasion tehnologiýalary;