Şriftiň ölçegi:
A
A
A
A
Reňk sazlaşygy:
A
A
A
Suratlar:
Saýtyň asyl görnüşi

Çilim çekmek endiginiň zyýany

Bütin dünýäde ynsan saglygyna we jemgyýete ýaramaz täsir edýän närseleriň arasynda temmäki esasy orny eýeleýär. Çilimiň adam bedenine ýetirýän zyýany bimöçberdir. Adam bedeninde temmäkiniň zäherleýji maddalarynyň täsir etmeýän agzasy ýokdur. Gynansak-da, çilimiň tüssesinde saklanýan zyýanly maddalar diňe bir çilimkeşiň däl-de, eýsem, onuň bilen aragatnaşykda bolýan adamlaryň, maşgala agzalarynyň hem saglygyna ýaramaz täsir edýär. Muňa olaryň çilim çekilen jaýda uzak wagtlap bolmagy, tüsseli howadan dem almagy sebäp bolýar. Adam çilim çekende zäherli maddalaryň 20-25% töweregi onuň bedenine aralaşýar, galan bölegi bolsa howa ýaýraýar. Diňe bir çilimkeşiň özi däl-de, eýsem, onuň ýanynda bolup, çilimiň tüssesi ýaýran howadan dem almaga mejbur bolýan adamlar hem zäherlenýär. Şeýle ýagdaý «passiw çilimkeşlik» diýlip atlandyrylýar. Käbir adamlar çilim çekilen otag ýelejiredilende onuň howasy doly täzelener, çilimiň tüssesi daşary çykar öýdýärler. Emma ýekeje çilim çekilende onuň tüssesiniň otagdaky howada uzak wagtlap saklanýandygyny, egin-eşige siňýändigini barlaglar görkezýär. Passiw çilimkeşlik, aýratyn hem, çagalar üçin howply bolup, bu ýagdaý uzak wagtlap dowam edende, olarda bronhial demgysma, bronhit, öýken sowuklama ýaly keselleriň döremek we ösmek ähtimallygy ýokarlanýar.

Çilim çekmek işdäňi peseldip, iýmitiň siňmegini kynlaşdyrýar, aşgazan-içege ulgamynda başly ýaralaryň döremegine getirýär. Dowamly demgysma, üsgülewük, ýürek urgularynyň üýtgemegi, tahikardiýa (pulsuň kadadakydan ýokarlanmagy), bradikardiýa (pulsuň seýrekleşmegi) ýaly näsazlyklaryň, bronhit, öýken sowuklama, infarkt, insult ýaly keselleriň döremegine, agyrlaşmagyna çilim çekmek endigi uly täsir edýär. Çilimiň tüssesindäki zäherli maddalar çilimkeşiň daşky keşbinde-de üýtgemeleriň ýüze çykmagyna getirýär: dişler saralýar, owranyp dökülýär, dyrnaklar port, döwülegen bolýar, saç düşýär, tebigy öwüşginini ýitirýär, deri solgun reňke eýe bolýar, agyzdan, saçlardan, egin-eşikden ýakymsyz ys gelýär.

Çilim çekmek endigi howply täze döremeleriň köp görnüşiniň ýüze çykmagyna sebäp bolýar. Olara dodaklaryň, agyz boşlugynyň, diliň, burnuň we burunýany boşluklaryň, damagyň, bokurdagyň, gyzylödegiň, öýkeniň, aşgazanyň, aşgazanasty mäziň, böwrekleriň, bagryň, öt haltanyň, peşew haltanyň, aýallarda süýt mäzleriniň, ýatgynyň we onuň boşluklarynyň, erkeklerde prostatanyň (erkeklik jyns mäzi) howply täze döremeleri, leýkozyň käbir görnüşleri degişlidir.


Çilimiň tüssesinde zäherli himiki maddalaryň 400-den gowragynyň bardygy mälimdir. Olaryň 43-si dürli beden agzalarynyň howply täze döremeleriniň ýüze çykmagyna getirýär. Sianid, benzol, benzopiren, metil spirti, asetilen, karbon, karbon monooksidi, azot oksidi, uglerod okisi has howplusydyr. Olar DNK-ny (gen gurluşy), hususan-da, adamy howply täze döremelerden goraýan genleri zeperlendirýär. Çilimiň tüssesinde saklanýan beýleki maddalar olaryň täsirini güýçlendirýär. Meselem, hromze döremelerden goraýan genleri zeperlendirýär. Hrom benzopireniň DNK-nyň molekulalary bilen berk baglanyşmagyna itergi berýär. Munuň netijesinde, DNK has agyr zeperlenmelere duçar edilýär. Myşýak bilen nikeliň bilelikdäki täsiri DNK-nyň dikelmegine päsgel berýär.


Adam çilim çekip başlandan bada-bat howply täze döremelere duçar bolmaýar. Beden DNK-nyň käbir zeperlenmelerine garşy durup bilýär. Ýöne zeperlenen molekulalaryň hemmesini täzeden dikeltmek başartmaýar. Şeýlelikde, bu zyýanly endik köp ýyllaryň dowamynda howply täze döremeleriň ýüze çykmagyna getirýär.


Howply çişleriň zyýanly endige baş goşulandan soň bada-bat döremezligi çilimkeşiň şonça wagtlap bütinleý sagdyn ýaşaýandygyny aňlatmaýar. Ilkinji çilim çekilip, bu endik yzygiderli dowam etdirilip başlanandan soň onçakly köp wagt geçmänkä, kem-kemden çilimiň zyýanly täsiri ýüze çykyp ugraýar. Meselem, çilimiň tüssesindäki iň işjeň madda — nikotin gana aralaşandan soň, böwregüsti mäzde adrenaliniň we noradrenaliniň öndürilişi ýokarlanýar. Mälim bolşuna görä, bu maddalarýüregiň täç (koronar) damarlarynyň, kelle beýnisiniň arteriýalarynyň daralmagyna getirip, arterial gan basyşynyň yzygiderli ýokarlanmagyna, kislorod ýetmezçiliginiň ýüze çykmagyna, ateroskleroz, gipertoniýa keselleriniň döremegine itergi berýär. Çilimiň tüssesindäki zäherli maddalaryň täsiri bilen çetki (periferiki), ýagny el-aýaklaryň gan damarlary gysylyp, olarda alyş-çalyş funksiýasy bozulýar. Dokumalarda kislorod ýetmezçiligi ýüze çykyp, myşsalarda agyry döreýär. Şeýle üýtgemeler wagtyň geçmegi bilen trofiki ýaralaryň döremegine sebäp bolup bilýär.


Agzyň nemli bardasynda leýkoplakiýa keseliniň döremekliginiň esasy sebäbi çilim çekmekdir, onda agzyň nemli bardasyna gyzgyn we himiki faktorlarynyň utgaşykly täsir etmekligi (ammiak we fenol birleşmeleri, nikotin, emele gelmeleri) esasy zatdyr. Leýkoplakiýanyň döremekliginde uzak wagtlap bolýan gyjyndyryjylaryň temmäki çeýnelmekliginiň, nas atylmaklygynyň uly ähmiýeti bolup, ýaramaz täsir etmekleri degişlidir. Çilimkeşler leýkoplakiýasy (leuplaсia nikotinika Tappeiner, gaňşyrawuk nikotin leýkokeratozy) güýçli çilimkeşlerde ýüze çykýar (aýratynda müşdükden, çybykdan peýdalanýanlarda). Köplenç, gaty gaňşyrawuk we oňa birigýän ýumşak gaňşyrawugyň nemli bardasy zeperlenýär. Çilimkeşleriň leýkoplakiýasyndan gaňşyrawugyň zeperlenmeleri dulugyň, agyz burçlarynyň, aşaky dodagyň nemli bardasynda morfologiki elementleriň ýelmeşmekligi bilen utgaşyp bilýär. Leýkoplakiýa keseli bolan adamlarda çilim çekilmegiň bes edilmekligi keseliň ýok edilmekligine alyp barýar.

Çilim çekmek endigi bilen näçe ir hoşlaşsaň, saglygy dikeltmek mümkinçiligi şonça-da köpelýär. Beden agzalarynyň we ulgamlarynyň işi dikelýär, dem almak, iýeniňi siňdirmek ýeňilleşýär, üsgülewük, myşsa agyrysy aýrylýar, arterial gan basyşy, puls kadalaşýar, deri, saç, dyrnaklar sagdynlaşýar, nerwler rahatlanýar, fiziki we akyl zähmetine işjeňlik ýokarlanýar.


Her ýylyň 31-nji maýynda BSGG we onuň hyzmatdaş döwletleri Temmäkä garşy bütindünýä göreş gününi belleýärler.


Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty

ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi


banner
banner
banner