Font size:
A
A
A
A
Color scheme:
A
A
A
Images:
Regular version of the site
Türkmenistanda ilkinji gezek Pembertonyň usuly bilen ortopedik operasiýasyny geçirdiler
12 July 2023

Türkmenistanda ilkinji gezek Pembertonyň usuly bilen ortopedik operasiýasyny geçirdiler

Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezinde ilkinji gezek Lebap welaýatynyň ýaşaýjysy 5 ýarym ýaşly Atajan Şöhradowa Pembertonyň usuly boýunça ortopedik operasiýasy geçirildi.

Çaga operasiýa Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň howandarlygynda amala aşyryldy.

Täze usul bir ýyl mundan öň türkmen hünärmenleri tarapyndan özleşdirildi. Mälim bolşy ýaly, saglygy goraýyş ulgamynda halkara hyzmatdaşlygynyň çäklerinde geçen ýylyň 18—25-nji maýynda Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezinde Mýunhen şäheriniň (GFR) Dritter Orden klinikasynyň doktory, professor Winsent Frimberger iş saparynda boldy.    

Saparyň maksady çanaklyk-but ýanjyk bognunyň çylşyrymly kesellerinde ulanylýan Pembertonyň usuly barada tejribe alyşmakdan we türkmen kärdeşleri tarapyndan tejribä ornaşdyrmakdan ybarat boldy.

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan ylmy-kliniki merkeze Pembertonyň usuly boýunça ortopedik operasiýasyny geçirmek üçin zerur bolan hirurgiýa gurallarynyň toplumy sowgat berlendigini hem bellemek gerek.

banner
banner
banner