Türkmenistanda ilkinji gezek Pembertonyň usuly bilen ortopedik operasiýasyny geçirdiler
Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezinde ilkinji gezek Lebap welaýatynyň ýaşaýjysy 5 ýarym ýaşly Atajan Şöhradowa Pembertonyň usuly boýunça ortopedik operasiýasy geçirildi.
Çaga operasiýa Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň howandarlygynda amala aşyryldy.
Täze usul bir ýyl mundan öň türkmen hünärmenleri tarapyndan özleşdirildi. Mälim bolşy ýaly, saglygy goraýyş ulgamynda halkara hyzmatdaşlygynyň çäklerinde geçen ýylyň 18—25-nji maýynda Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezinde Mýunhen şäheriniň (GFR) Dritter Orden klinikasynyň doktory, professor Winsent Frimberger iş saparynda boldy.
Saparyň maksady çanaklyk-but ýanjyk bognunyň çylşyrymly kesellerinde ulanylýan Pembertonyň usuly barada tejribe alyşmakdan we türkmen kärdeşleri tarapyndan tejribä ornaşdyrmakdan ybarat boldy.
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan ylmy-kliniki merkeze Pembertonyň usuly boýunça ortopedik operasiýasyny geçirmek üçin zerur bolan hirurgiýa gurallarynyň toplumy sowgat berlendigini hem bellemek gerek.