«Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergisi we ylmy maslahaty
Hormatly kärdeşler, hanymlar we jenaplar! Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Bilim ministrligi, Ylymlar akademiýasy, Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti (mundan beýläk – Guramaçylyk topary) bilen bilelikde 2024-nji ýylyň 9 – 12-nji oktýabrynda «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergisine we ylmy maslahatyna gatnaşmaga çagyrýar.
Halkara sergi we ylmy maslahat ýurdumyzda giňden bellenilýän Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň hünär baýramçylygy güni mynasybetli geçiriler we 2024-nji ýylyň 9-njy oktýabrynda Aşgabat şäher häkimliginiň Olimpiýa şäherjiginiň dolandyryş müdirliginiň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynyň Türgenleşik zallarynda dabaraly açylyşy bolar.
Halkara sergä dünýäniň köp ýurtlaryndan lukmançylygyň dürli ulgamlaryndaky wekiller, şeýle hem ministrlikleriň, edara-kärhanalaryň ýolbaşçylary, işgärleri gatnaşarlar. Sergide derman serişdelerini, lukmançylyk enjamlaryny we sarp ediş serişdelerini, dürli lukmançylyk hyzmatlaryny hödürleýän, tebigy kosmetiki önümleriň giň görnüşlerini, çaga iýmitini öndürýän türkmen işewürleri we daşary ýurt kompaniýalary öz önümlerini görkezerler. Halkara sergi önümleri ilerletmek, işewürligi ösdürmek, bazary öwrenmek, ýurdumyzyň dürli sebitlerinden we daşary ýurtlardan hünärmenler bilen duşuşmak üçin uly mümkinçilikleri döredýär.
Halkara sergide «Türkmendermansenagat» birleşiginiň kärhanalary Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitaplarynda bellenen, ýurdumyzyň çäklerinde ösýän dermanlyk ösümlikleriň çig mallary esasynda derman serişdelerini öndürmekde we ýurdumyzyň şypahanalarynda ýetilen sepgitler, sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan köpugurly işleridir wideoşekilleri görkeziler.
Bilim ministrligi hem şu gezekki gözden geçirilişde gazanan üstünliklerini görkezer. Bu ýerdäki diwarlyklardyr wideoşekiller myhmanlary ýurdumyzda sanly bilimiň yzygiderli ilerledilişi bilen tanyşdyrar. Ol innowasiýalaryň, täze bilimleriň, ylymlaryň, öňdebaryjy tehnologiýalaryň we bäsdeşlige ukyplylygyň möhüm hereketlendiriji güýjüdir.
Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň sergi meýdançasynda ýerleşdiriljek monitorda ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda halkymyzyň saglygyny berkitmek, ildeşlerimizi bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga çekmek, sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan köpugurly işler barada gürrüň berýän wideoşekiller görkeziler.
9-njy oktýabrda günüň ikinji ýarymynda Aşgabat şäher häkimliginiň Olimpiýa şäherjiginiň dolandyryş müdirliginiň «Sport» myhmanhanasynyň maslahatlar zalynda «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly ylmy maslahatyň açylyşy bolar we daşary ýurtly alym-professorlaryň wekilleri gatnaşarlar we çykyş ederler.
Ylmy maslahatyň işi 19 bölüm boýunça ýurdumyzyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň iri edaralarynda hem-de paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň ýokary okuw mekdeplerinde 12-nji oktýabra çenli dowam eder. Ylmy maslahat türkmen, iňlis we rus dillerinde alnyp barlar. «Iç keselleri», «Kardiologiýa we kardiohirurgiýa», «Onkologiýa», «Oftalmologiýa», «Ýokanç keselleri», «Enäniň we çaganyň saglygyny goramak», «Hirurgiýa», «Jemgyýetçilik saglygy we epidemiologiýa», «Sanly lukmançylyk», «Genom lukmançylygy», «Adam bedeniniň uýgunlaşmagynyň ekologiýa-fiziologiki meseleleri we pulmonologiýanyň, allergologiýanyň esasy soraglary», «Bilim ulgamynda innowasion tehnologiýalar», «Sanly ykdysadyýet durnukly ösüşiň möhüm şertidir», «Daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmek bilim syýasatynyň möhüm wezipesidir», «Ylym we innowasion tehnologiýalar. Ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak», «Sport ulgamynda innowasion tehnologiýalar», «Halkara ýaryşlara milli ýygyndy toparlaryny ylmy esasda taýýarlamak», «Sagdyn durmuş ýörelgelerini terbiýelemek we ilatyň fiziki işjeňligini ösdürmek», «Ylmy ösdürmekde ýaş alymlaryň orny» atly mowzuklaýyn mejlislere gatnaşyjylar meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşarlar.
Halkara serginiň iş wagty:
• 9-njy oktýabrda sagat 13:30-dan 18:00-a çenli;
• 10-njy oktýabrda sagat 10:00-dan 18:00-a çenli;
• 11-nji oktýabrda sagat 10:00-dan 18:00-a çenli;
• 12-nji oktýabrda sagat 10:00-dan 14:30-a çenli.
Habarlaşmak üçin,
Salgysy: 744036, Türkmenistan, Aşgabat şäheri, Köpetdag etraby, Olimpiýa şäherjigi, 7-nji jaý
Telefon belgileri:
(+993 12) 39-88-82, 39-88-86, 76-17-99, 76-06-16, 40-04-70, 40-04-46, 40-04-51, 40-04-67
Faks belgisi:
E-poçta salgysy:
info@saglykhm.gov.tm, belligealysh@centreg.gov.tm, sergi10@cci.gov.tm
Peýdaly salgylanmalar:
Aşgabat şäher häkimliginiň Olimpiýa şäherjiginiň dolandyryş müdirligi, Aşgabat Olimpiýa şäherjigi
AŞGABAT OLIMPIÝA ŞÄHERJIGI