Şriftiň ölçegi:
A
A
A
A
Reňk sazlaşygy:
A
A
A
Suratlar:
Saýtyň asyl görnüşi

«Arkadag Medisina Klasteri Menejment» kärhanasy

Tebigatyň gözel künjeginde ýerleşýän Arkadag şäheriniň çägindäki arassa dag çeşmeleriniň suwunyň ynsan saglygy üçin ýaramlylygy, bu künjekde ösýän dermanlyk ösümliklerden alynýan, ekologik taýdan arassa çig maldan öndürilýän ýokary hilli önümler Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmakda möhüm ähmiýete eýedir.


Ylmyň we tehnologiýalaryň ösýän döwründe dünýäniň ösen ýurtlarynda aýry-aýry ugurlarda iş alyp barýan klasterleri döretmäge uly ähmiýet berilýär. Muňa mysal edip, senagat, innowasion, syýahatçylyk, infrastruktura, bilim, lukmançylyk klasterlerini görkezmek bolar.


Gahryman Arkadagymyzyň paýhasly tekliplerinden ugur alnyp, şeýle hem şäherde öndürilmegi göz öňünde tutulýan, ýokary halkara ülňülerine laýyk gelýän lukmançylyk serişdeleriniň we saglygy goraýyş enjamlarynyň uly ähmiýete eýe boljakdygy göz öňünde tutulyp, «Saglyk» Döwlet maksatnamasyny mundan beýläk-de üstünlikli durmuşa geçirmegiň çäklerinde 100 gektara golaý ýerde ekologiýa taýdan arassa, ýokary halkara hil görkezijilerine doly laýyk gelýän, çig mal binýady bolan Arkadag şäherinde lukmançylyk klasterini döretmek boýunça işler üstünlikli alnyp barylýar. Lukmançylyk klasterini döretmek biziň ýurdumyz üçin täze tejribe hasaplanylýar. «Klaster» düşünjesi barada aýdylanda, lukmançylyk klasteri lukmançylyk kömegini bermegiň innowasion usuly bolup, ol lukmançylyk ugurly beýleki desgalardan we hassahanalardan aýratyn tapawutlanýar. Ol bir-birine ýakyn aralykda ýerleşen, dürli ugurlara ýöriteleşen, ýerine ýetirýän işleri boýunça biri-biriniň üstüni ýetirýän hem-de özara baglanyşykly bolan lukmançylyk edaralarynyň toplumydyr. Arkadag şäherinde gurulýan lukmançylyk klasteri derman serişdelerini, lukmançylyk tehnologiýasyny hem-de serişdelerini işläp taýýarlamakda we bu ugurda döwrebap bilim bermekde, raýatlaryň saglygyny goramak işleri boýunça iň kämil dünýä tejribelerini peýdalanmak bilen, ylmy işleri geçirmäge niýetlenilen innowasion tehnologiýadyr. Bu lukmançylyk klasteri diňe bir içerki bazar üçin däl, eýsem, eksport üçin hem dürli görnüşli lukmançylyk önümlerini öndürmäge niýetlenilendir. Çünki eziz Diýarymyzyň tebigaty hususan-da Garagum sährasy eksport ugurly harytlary öndürmek üçin ägirt uly çig mal serişdeler goruna eýedir.


Arkadag şäherinde lukmançylyk klasterini döretmek barada maslahat beriş hyzmatlaryny Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komiteti bilen Arkadag şäherinde lukmançylyk klasterini döretmekde maslahat beriş hyzmatlaryny ýerine ýetirmek boýunça yglan edilen halkara bäsleşiginiň ýeňijisi bolan Germaniýa Federatiw Respublikasynyň «Goetzpartners Emerging Markets GmbH» kompaniýasy ýerine ýetirýär. Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzda hereket edýän lukmançylyk edaralarynyň aglabasy, nemes kompaniýalarynyň enjamlary bilen üpjün edilendir. Lukmançylyk klasterine degişli düzümlere berlen halkara güwänamalaryň hem-de olaryň haryt nyşanlaryna degişli bellige alyş resminamalarynyň eziz Diýarymyzda alnyp barylýan işleriň ýokary halkara görkezijilere laýyk derejede ýerine ýetirilýändiginiň aýdyň nyşanydyr.


Raýatlaryň saglygyny goramakda, ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlaryny hödürlemekde saglygy goraýyş ulgamy örän möhüm ulgam bolup durýar. Klasterler hem öz gezeginde, bu babatda giň mümkinçilikleri açýar. Olar goşmaça iş orunlaryny döredip, hünärmenleriň taýýarlyk derejesini ýokarlandyrmaga, innowasion işläp taýýarlamalary ornaşdyrmak arkaly bäsdeşlige ukyplylygy üpjün etmäge ýardam berýär. Şoňa baglylykda, Arkadag şäheriniň lukmançylyk klasterinde derman we lukmançylyk serişdelerini öndürmek boýunça durmuşa geçirilýän işlerde daşary ýurtlaryň kämil tejribeleri, häzirki zamanyň innowasion çözgütleri ornaşdyrylar. Şeýle hem bilim bermegiň halkara standartlaryna laýyklykda derman senagatyna zerur bolan hünärmenleri taýýarlamak, daşary ýurtlaryň ýokary hilli derman we lukmançylyk enjamlaryny öndürýän kompaniýalarynyň hünärmenlerini, maýa goýumlaryny, tehnologiýalaryny çekmek, olar bilen hyzmatdaşlyklary giňeltmek, pugtalandyrmak işleri ýola goýulýar. 


Arkadag şäherinde lukmançylyk klasteriniň önümçilik toplumlaryny döretmek konsepsiýasynyň çäklerinde ýurdumyzyň lukmançylyk edaralary üçin ekologik taýdan arassa, halkara hil görkezijilerine laýyk gelýän, ýerli çig mallardan öndürilýän önümleriň möçberini artdyrmak hem­-de saglygy goraýyş edaralarynyň degişli serişdelere bolan islegini kanagatlandyrmak maksady bilen, Arkadag şäherinde «Arkadag Medisina Klasteri Menejment» kärhanasy döredildi. Kärhanada saglygy goraýyş ulgamynda gündelik ulanylýan lukmançylyk serişdeleriniň dürli görnüşlerini, ýokary ekologik talaplara laýyk gelýän pamyklary, dokalmadyk matadan taýýarlanan bir gezeklik agyz-­burun örtüklerini, başgaplary, halatlary, ýorgan­düşek daşlyklaryny, aýakgap örtüklerini we beýleki saglyk maksatly serişdeleri öndürmek ýola goýuldy. 


Gysga wagtda kärhananyň önümçilik zynjyry, tehnologiýasy kesgitlenip, ýörite haryt nyşany döredildi hem­-de degişli güwänamalaşdyrma işleri geçirildi. Bu ýerde öndürilýän saglyk maksatly serişdeler bilen ýurdumyzy doly derejede üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, önümleriň kesgitli bölegini daşary ýurtlara, hususan­-da, doganlyk goňşy ýurtlara çykarmak babatda hem degişli işler alnyp barylýar. Häzirki wagtda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, şol sanda Arkadag we Aşgabat şäherleriniň, welaýatlaryň lukmançylyk edaralarynyň gündelik sarp ediş hem saglyk maksatly serişdelerine bolan zerurlyklary «Arkadag Medisina Klasteri Menejment» kärhanasynyň önümleriniň kesgitli bölegi bilen üpjün edilýär.


Önümçilik düzüminde dokalmadyk matalaryň dürli görnüşlerini, şol sanda spanbond öndürmek we ondan dünýäde ýokary islegli harytlary taýýarlamak babatda hem netijeli işler geçirilýär. Ylmy taýdan esaslandyrylyp, ulgamlaýyn ýola goýlan önümçilik we bäsdeşlige ukyply önümleri ýerlemek işleri bu ýerde önümçiligiň geriminiň has­-da giňeldilmegine, täze önümleriň görnüşleriniň artdyrylmagyna mümkinçilik berer. Geljekde kärhanada ýerli çig maldan halkara talaplara laýyk gelýän lukmançylyk polipropilenini öndürmek, lukmançylyk duzuny almak üçin ylmy taýdan esaslandyrylan işler alnyp barylýar. Munuň özi ýurdumyzy senagatlaşdyrmak, halkymyzyň iş bilen üpjünçiligini gowulandyrmak, şol bir wagtyň özünde, gündelik durmuşda zerur bolan önümleriň önümçiligini, hyzmatlar ulgamyny ýola goýmak boýunça maksatnamalaryň üstünlikli amala aşyrylmagyny üpjün eder.


«Arkadag Medisina Klasteri Menejment» kärhanasyna Türkmenistanyň sertifikatlaşdyryş ulgamy tarapyndan hil ulgamynyň laýyklyk güwänamasy berildi. Ol bu ýerde öndürilýän önümleriň «Hil menejmentiniň ulgamy» diýen ugur boýunça TDS ISO 9001-­iň bellenen talaplaryna laýyk gel­ýändigini tassyklaýar.


Arkadag şäherinde gurulýan, saglygy goraýyşda öňdebaryjy tejribeleriň merkezi hasaplanýan lukmançylyk klasteri ykdysady taýdan hem örän ähmiýetlidir. Ylym we ýokary tehnologiýalary utgaşdyryp, önümçiligi alyp barmakda onuň işine ýokary baha berilýär. Bu desga eziz Diýarymyza gelýän girdejileri artdyrmakda, ýokary hilli taýýar önümlerimiz bilen dünýä bazaryna çykmakda giň mümkinçiliklere ýol açar. Şeýle hem saglygy goraýyş ulgamyna, derman senagatyna innowasiýalary ornaşdyrmaga ýardam edýär.


Edaranyň ady: «Arkadag Medisina Klasteri Menejment» kärhanasy


Salgysy: 745700, Türkmenistan, Arkadag şäheri, 


Telefon belgisi: 


Faks belgisi: 


E-poçta salgysy: 


Iş tertibi:

Duşenbe – Anna 09:00 – 18:00 (arakesme 13:00 – 14:00)


Gatnaw ulaglary:

Elektrobuslar: 1, 2, 3


Ugur almak üçin bellik: 


Edaranyň kartada ýerleşýän ýeri: Ýandeks Karta


banner
banner
banner