Şriftiň ölçegi:
A
A
A
A
Reňk sazlaşygy:
A
A
A
Suratlar:
Saýtyň asyl görnüşi

Baş dermanhana birleşigi

Geçen döwürde ýurdumyzda saglygy goraýşyň ilkinji halkasy kämilleşdirilip, maşgala lukmançylygy girizildi. Saglyk döwlet ätiýaçlandyrmasy ornaşdyryldy, milli şypahana we derman senagaty ulgamlary döredildi. Daşary ýurtlardan getirilýän derman, saglyk maksatly serişdeleriň ornuny tutýan önümleri öz ýurdumyzda öndürmek maksady bilen, täze, döwrebap derman kärhanalary gurlup, önümçilige girizildi. Bu kärhanalarda öndürilýän önümler bilen diňe bir öz ýurdumyzyň raýatlaryny üpjün etmek däl-de, eýsem, olaryň kesgitli bölegini daşary ýurtlara çykarmak boýunça-da işler alnyp barylýar. Dermanhanalarda raýatlarymyz lukmanlar tarapyndan bellenilen, degişli dermannamalar boýunça zerur bolan, ýokary hilli ýerli we daşary ýurt önüm öndürijileriň derman hem-de saglyk maksatly serişdeleri bilen ýeňillikli üpjün edilýär. Derman serişdeleriniň esasy gory döredilip, olar Baş dermanhana birleşiginiň ähli amatly şertler üpjün edilen, ýörite kesgitlenen gyzgynlyk-sowuklyk derejeli, awtomatlaşdyrylan we sanly ulgama birikdirilen ammarlar toplumynda saklanýar. Ýurdumyzyň dermanhanalary, halkara derejeli saglyk öýleridir hassahanalary ýeterlik serişdeler bilen bökdençsiz üpjün edilýär. 


Baş dermanhana birleşiginiň ammarlar toplumy daşary ýurtlardan getirilýän derman serişdeleridir lukmançylyk önümlerine gümrük taýdan gözegçilik etmäge we ýerli kärhanalardan getirilýän derman serişdelerini resmileşdirip, olary degişli bölümlere geçirmäge niýetlenendir. Ätiýaçlyk derman serişdeleri bölümi döwlet meýletin saglygy goraýyş ätiýaçlandyrylyşy boýunça şertnama baglaşan we degişli ätiýaçlandyryş töleglerini töleýän Türkmenistanyň raýatlaryna döwlet dermanhana edaralarynda kesgitlenen ýeňillikler bilen goýberilýän derman serişdelerini saklamak üçin niýetlenendir. Doly bahasyna satylýan derman serişdeleridir lukmançylyk önümlerini ýerlemäge niýetlenen harytlar saklanýan bölümde hemme tehniki amatlyklar göz öňünde tutulan. Býujet serişdeleriniň hasabyna satyn alynýan derman serişdeleri bölüminde durmuş taýdan wajyp bolan derman serişdeleridir lukmançylyk önümlerini, şol sanda syworotkalary, waksinalary saklamak üçin ähli zerur şertler bar. Ammarlar toplumynyň düzümindäki gaplaýjy we taýýarlap ugradyjy bölüm ýokarda agzalan bölümlerden derman serişdelerini we lukmançylyk önümlerini alyp, dermanhanalara, welaýat Dermanhana müdirliklerine we saglygy goraýyş edaralaryna ugratmak üçin niýetlenendir. 


Derman we saglyk maksatly serişdeleri ýurduň içinde ýaýratmak üçin niýetlenen awtoulaglarda zerur bolan sowuklyk zynjyry doly göz öňünde tutulandyr. Kabul edilen ähli önümleriň hilini we mikrobiologik derňewlerini geçirmek üçin niýetlenen barlaghana bölüminde dünýäniň ösen döwletleriniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň öndürýän täze tehnologiýalary hereket edip, degişli barlaglary geçirmek üçin şertlerdir mümkinçilikler döredilen. Mundan başga-da, bu ýerde lukmançylyk pamygy we sargy serişdeleri, taýýar zyýansyzlandyryjy erginler, hlor heki, spirtdir spirt erginleri we ýangyn howply serişdeler, şeýle hem gipsli sargylar saklanýan ýöriteleşdirilen ammarlar bölümi hereket edýär. 


Häzirki wagtda ýurdumyzda ilaty derman we saglyk maksatly serişdeler bilen üpjün etmekde Germaniýa Federatiw Respublikasy bilen hyzmatdaşlyk barha giňeldilýär. Oňyn hyzmatdaşlygyň netijesinde amaly lukmançylyga täze bejeriş usullary netijeli ornaşdyrylýar. «Ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olaryň garşysyna göreşmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunyny hem-de «Türkmenistanda ýokanç däl keselleriň öňüni almak hem olaryň garşysyna göreşmek boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Milli strategiýany» ýerine ýetirmek maksady bilen, ýokanç däl kesellerden, ýagny onkologik, ýürek-damar, nerw, endokrin, dem alyş ýollarynyň dowamly obstruktiw kesellerinden ejir çekýän näsaglar üçin BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň üsti bilen satyn alnyp, ýurdumyza getirilýän, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy tarapyndan ykrar edilen ýokary hilli derman we saglygy goraýyş maksatly serişdeler bilen üpjün edilýär.


Edaranyň ady: Baş dermanhana birleşigi


Salgysy: 744015, Aşgabat şäheri, T.Suhangulyýew köçesi, 35-nji jaý


Telefon belgisi: +993 (12) 52-08-12, +993 (12) 52-08-16


Faks belgisi: +993 (12) 52-08-14


E-poçta salgysy: bdermanb@sanly.tm


Iş tertibi:

Duşenbe – Anna 09:00 – 18:00 (arakesme 13:00 – 14:00)


Gatnaw ulaglary:

Awtobuslar: 31


Ugur almak üçin bellik: «Lukmançylyk enjamlary» önümçilik birleşigi


Edaranyň kartada ýerleşýän ýeri: Ýandeks Karta

banner
banner
banner