Şriftiň ölçegi:
A
A
A
A
Reňk sazlaşygy:
A
A
A
Suratlar:
Saýtyň asyl görnüşi

S.A.Nyýazow adyndaky «Buýan» oba senagat toplumy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň «Türkmendermansenagat» birleşiginiň S.A.Nyýazow adyndaky «Buýan» obasenagat toplumy tarapyndan Amyderýanyň goşa kenaryndan ýygnalan buýan kökünden taýýarlanan önümler Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň üsti bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlary, Hytaý, Ýaponiýa, Fransiýa, Hindistan, Serbiýa we ş.m. ýaly döwletlere eksport edilýär. «Buýan» obasenagat toplumynda buýan köküni taýýarlamak toparlaýyn usulda ýola goýlandyr. Has takygy, buýan köki topluma degişli toparlaryň 10-synda ýygnalýar. Kök ýygnamak işleri alabahardan tä noýabryň ahyryna çenli Köýtendag sebitlerinden Darganata çenli aralykda alnyp barylýar. Ýygnalan kök Amyderýanyň içi bilen hereket edýän ýük gämileriniň we ulaglaryň kömegi bilen topluma getirilýär. 


Toplumda kök ýygnamak işleriniň binýady berk tutulandyr. Hatda mundan onlarça ýyl ozal Halaç we Hojambaz etraplarynyň çäklerinde kökçülige ýöriteleşdirilen obalar döredilipdir. Aslynda, kökçülik şol obalaryň ýaşaýjylarynyň arasynda nesilden-nesle geçip gelýän käre öwrülipdir. Olar ata-babalaryndan gelýän bu käri barha kämilleşdirip, tejribesini artdyrýarlar. Kökçüler di­ňe bir ony ýygmak bilen çäklenmän, şol wagtda köküň «garabaş» diýilýän ýokarky bölegini ýüzugra topraga ekip gidýärler. Bir ýyglan ýerde täze, kuwwatly kökleriň emele gelmegi üçin dört-bäş ýyl çemesi wagt gerek. Şonuň üçin hem kökçüler ähli işi sazlaşykly alyp barmaga aýratyn üns berýärler. 


Toprakdan köwlenip alnan köküň çyglylygy, ortaça, 65 göterim bolýar. Çyglylyk 12 göterime düşýänçä, kök guradylýar. Di­ňe şondan soň, ol gaýtadan işlemäge ýaramly bolýar. Toplumda buýan kökünden üç görnüşli önüm taýýarlanylýar. Olar baglanan buýan köki, onuň goýy hem-de gury ekstraktlarydyr.


Buýan köküni baglamak işini ýerine ýetirmek toplumda ýörite bölümde alnyp barylýar. Çyglylygy 33 — 38 göterime barabar goýy hem-de çyglylygy 3 — 8 göterim aralykda bolan gury ekstraktlar dünýä bazarynda isleg bildirilýän önümdir.


Bu toplumyň önümleriniň agramly bölegi daşary ýurtlara eksport edilýän bolsa, bir bölegi «Saglyk» derman kärhanasynda ýokumly şerbetlere we melhemlik çaýlara öwrülýär. Aşgazan-içege, dem alyş ýollary, öýken we deri keselleriniň birebir emi bolan buýan kökünden taýýarlanan melhemlikler ýurdumyzyň dermanhanalarynda elýeterli bahadan ilata hödürlenilýär. 


Buýan köki di­ňe bir derman hökmünde ulanylman, eýsem, ol senagatyň hem dürli pudaklarynda peýdalanylýar. Köküň düzümindäki glisirrizin turşusy arassa görnüşde, alnanda, adaty gantdan 50 esse süýji bolýar. Köküň düzümindäki saponinlerden dürli köpürjikli serişdeleri öndürmek mümkindir. Häzirki wagtda buýan kökünden has giň peýdalanmak üçin halkara tejribesi öwrenilýär. Alnyp barylýan işleriň netijesinde, ýurdumyzda ýakyn wagtda buýan kökünden täze önümçiliklere ýöriteleşdirilen kärhana hem açylyp ulanmaga berler.


Toplumda önümçiligiň ýyldan-ýyla artdyrylýandygy hem aýratyn bellärliklidir. Kärhanada 17 müň tonnadan gowrak çig görnüşdäki buýan köküni ýygnamak we ony gaýtadan işläp, önüm taýýarlamak meýilleşdirilýär. Buýan köküni ýygnamak, ony daşamak, önüm öndürmek, önümi ýerlemek ýaly ulgamlaýyn işlerde toplumda 600-den gowrak işgär öndürijilikli zähmet çekýär.


Dermanlyk ähmiýeti milli Liderimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy ensiklopedik işine hem girizilen buýan kökünden taýýarlanan melhemler ýurdumyzyň ähli dermanhanalarynda elýeterlidir.


Edaranyň ady: «Türkmendermansenagat» birleşiginiň S.A.Nyýazow adyndaky «Buýan» oba senagat toplumy


Salgysy: 746100, Lebap welaýaty, Türkmenabat şäheri, Magtymguly köçesi, 25-nji jaý


Telefon belgisi: +993 (422) 3-27-44


Faks belgisi: +993 (422) 3-27-44


E-poçta salgysy: 


Iş tertibi:

Duşenbe – Anna 08:00 – 17:00 (arakesme 12:00 – 13:00)


Gatnaw ulaglary:

Awtobuslar: 2


Ugur almak üçin bellik: Lebap welaýat Diş bejeriş merkeziniň Çagalar şahamçasy


Edaranyň kartada ýerleşýän ýeri: Ýandeks Karta

banner
banner
banner