Şriftiň ölçegi:
A
A
A
A
Reňk sazlaşygy:
A
A
A
Suratlar:
Saýtyň asyl görnüşi

«Türkmendermansenagat» birleşigi

«Türkmendermansenagat» birleşigi «Saglyk» döwlet maksatnamasynyň öňde goýan meselelerini durmuşa geçirmek, ýurdumyzyň halkyny we bejeriş edaralaryny özümizde öndürilýän derman serişdeleri we saglygy goraýyş maksatly önümleri bilen üpjün etmek üçin tutanýerli iş alyp barýar. Birleşigiň düzümine birnäçe derman serişdelerini we dermanlyk çig mallaryny öndürýän:


– S.A.Nyýazow adyndaky «Buýan» oba senagat toplumy;


– «Saglyk» derman kärhanasy;


– «Türkmenderman Ajanta Farma Limited» bilelikdäki kärhanasy;


– «Tenekär» derman kärhanasy;


– «Berzeňňi» mineral bejeriş suwy kärha­nasy;


– Zyýansyzlandyryjy erginleri öndürýän kärhanasy;


– Ýod önümçilik kärhanasy;


 Bejeriji palçyklary we deňiz duzuny gaplaýan kärhanasy;


– Zyýansyzlandyrylan sargy serişdelerini öndürýän kärhanalary girýär.

Birleşigiň kärhanalarynda hili, howpsuzlygy we täsirliligi taýdan dünýä derejesindäki talaplara gabat gelýän dürli derman serişdeleriniň we saglygy goraýyş maksatly önümleriniň 200-den gowragynyň önümçiligi ýola goýuldy. Bular çüýşe, polietilen we kagyz gaplarda öndürilýän gerdejikler, süýri däneler, melhemler, jöwherler, külke görnüşli dermanlar, lukmançylyk pamygy, sargylar we ýylanyň zäherinden taýýarlanylýan ýokary netijeli mazlar ýaly gymmat bahaly önümlerdir. Ulanyş ugurlary barada aýdylanda, olaryň arasynda antibiotikler, dürli agyry aýryjylar, ýürek, bagyr, böwrek, aşgazan-içege kesellerine garşy ulanylýan we beýleki köp sanly dermanlar bardyr. Galyberse-de, öndürilýän dermanlaryň aglaba köpüsi saglyk ätiýaçlandyrmasyna degişli dermanlardyr. Birleşikde özümizde öndürilýän dermanlaryň görnüşini artdyrmak we önümçiligiň göwrümini giňeltmek üçin hem degişli işler alnyp barylýar.


Halkara ülňülerine laýyk gelýän täze derman kärhanalarynyň işe girizilmegi pudagyň düýpli diwersifikasiýalaşdyrylmagyny, ilatyň ýurdumyzda öndürilýän ýokary hilli derman serişdeleri bilen üpjün edilmegini, şeýle hem dürli künjeklerde täze iş orunlarynyň döre­megini üpjün eder. Mundan başga-da, ýurdumyzda öndürilýän der­manlyk serişdelerini eksport etmegiň mümkinçilikleri göz öňünde tu­tulýar. Pudagyň ylmy-tehniki we innowasion kuwwatyny ösdürmegiň wezipeleri daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň azaldylmagyna, öndürilýän derman serişdelerine eksport möçberiniň artdyrylmagyna gönükdirilendir.


Şeýlelikde, «Türkmendermansenagat» birleşiginiň esasy maksady – ýurdumyzyň halkyny we kesel bejeriş edaralaryny ýokary hilli we täsirli, şol bir wagtda-da, howpsuz we elýeter bahaly der­man serişdeleri bilen üpjün etmekdir. Ýerli derman senagatymyzy mundan beýläk-de ösdürmek daşary ýurtlarda derman satyn almaga harçlanýan gyzyl pul serişdelerini azaltmaga, täze iş ýerleri açmaga, halkymyzy ýokary hilli dermanlar bilen üpjün etmäge mümkinçilik döreder.


Edaranyň ady: Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň «Türkmendermansenagat» birleşigi


Salgysy: 744015, Aşgabat şäheri, Hoja Ahmet Ýasawy köçesi, 40-njy jaý


Telefon belgisi: +993 (12) 40-05-10, +993 (12) 40-05-11


Faks belgisi: +993 (12) 40-05-05


Web-saýt salgysy: https://tkm-derman.gov.tm


E-poçta salgysy: tkm.derman@tkm-derman.gov.tm


Iş tertibi:

Duşenbe – Anna 09:00 – 18:00 (arakesme 13:00 – 14:00)

Şenbe 09:00 – 13:00

Gatnaw ulaglary:

Awtobuslar: 77, 160 


Ugur almak üçin bellik: «Saglyk» derman kärhanasy


Edaranyň kartada ýerleşýän ýeri: Ýandeks Karta

banner
banner
banner