Ýod önümçiligi kärhanasy
Ýurdumyzyň halk hojalygynyň ähli pudaklaryny häzirki zamanyň talaplaryna laýyk derejede ösdürmekde ylmy açyşlara, täze tehnologiýalara döwlet derejesinde aýratyn üns berilýär. Olaryň önümçilige, gündelik durmuşymyza ornaşdyrylmagyna giň mümkinçilikler döredilýär. Milli ykdysadyýetiň binýatlyk sütünleriniň hatarynda durýan nebitdir gazdan başga-da, Hak nazary düşen mukaddes topragymyzyň goýnunda, nebitdakylyň, bromuň, sulfatyň, kükürdiň, kaliý, natriý ýaly duzlaryň, gazylyp alynýan başga-da ençeme baýlyklaryň gorlarynyň ýeterlik derejede bolmagy ata Watanymyzy juda gysga wagtda dünýäde himiýa senagatynyň depginli ösýän künjekleriniň birine öwürdi. Bu buýsançly hakykat gymmatly önüm bolan ýod önümçiligi babatda-da şeýledir. Dünýä bazarlarynda köp isleg bildirilýän bu önüm Balkan welaýatynda taýýarlanylýar. Himiýa senagatyna degişli çig mallaryň gymmatly görnüşleriniň Zeminde iň köp toplanan ýerleriniň biri hökmünde Garabogaz aýlagyny görkezmek bolar. Bu aýlag mineral serişdeleriň köpdürlüligi bilen haýran galdyrýar. Aýlagdaky duz erginleri we duz çökündileri, şor suwlar, natriý sulfaty, kaliý, magniý, brom, bor, litiý, rubidiý, stronsiý, ýod we beýleki minerallaryň ätiýaçlyklarynyň ygtybarly çeşmesidir.
Ýokary derejede minerallaşan ýerasty ýod-bromly suwlar gymmatly gidromineral çig mallaryň hatarynda durýar. Türkmenistan ýoduň gorlary boýunça dünýäde öňdäki orunlaryň birini eýeleýär. Ýeri gelende aýtsak, Garaşsyz döwletimiz sebitde ilkinji, tutuş dünýäde dördünji bolup öz ilatyny ýodlaşdyrylan nahar duzy bilen üpjün eden ýurtdur. Bu mukaddes önümi talabalaýyk ýodlaşdyrmakda zerur çig malyň öz Diýarymyzdan alynýandygy has-da guwandyryjydyr.
Dünýä bazarlarynda islegli harydyň çig mal kuwwatlylygy, ilkinji nobatda, Hazar deňziniň deňsiz-taýsyz suwy bilen baglanyşyklydyr. Geljekde bu uly mümkinçilikden has netijeli peýdalanyljakdygy-da hakykatdyr. Häzirki wagtda welaýatda ýod önümçiligi boýunça gymmatly çig maly öndürmekde üç kärhana hereket edýär. Olar — «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň «Balkanabat» we «Bereket» ýod zawodlary, şeýle hem Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Himiýa senagat» hojalyk jemgyýetiniň ýod zawodydyr. Bu kärhanalarda öndürilýän ýoduň agramly bölegi dünýä bazarlaryna eksport edilip, önüm hemişe ýokary islegden peýdalanýar.
Eýsem, gürrüňini edýän ýodumyzyň aňyrsy näme?! Ol Mendeleýewiň periodik tablisasynyň VII toparyndaky himiki element, galogenleriň biridir. Ýody 1811-nji ýylda fransuz himigi Bernar Kurtua açýar. Ol deňiz suwotularynyň külüniň esasy şor erginini konsentrirlenen kükürt kislotasy bilen gyzdyranda, gara reňkli, ýylpyldaýan plastinkajyklar şekilli kristal görnüşdäki melewşe («ýod» — «melewşe» sözünden gelip çykýar) buguň bölünip çykýandygyny görýär. Biosferada, aýratyn-da, deňizde ýaşaýan bedenjikleriň ýod toplaýandygy-da mälimdir. Şunda ýoduň esasy rezerwuary hem dünýä ummany hasaplanýar (bir litrinde orta hasap bilen 5 — 105 gr). Juda seýrekdigine garamazdan, ýod tebigatda giňden ýaýran himiki elementdir. Onuň ätiýaçlyk gorunyň agramly böleginiň Çili we Ýaponiýa döwletleriniň kenarýaka suwlaryna degişlidigi aýdylýar. Maglumatlara görä, Çilide tehniki ýoduň her ýylda öndürilýän möçberi 720 tonnadan geçýär. Dünýä kartasyna nazar aýlanyňda, taýýar tehniki ýody dünýä bazarlaryna çykarmakda Türkmenistanyň geografik taýdan has amatly künjekde ýerleşýändigine göz ýetirmek kyn däldir.
Tebigatdaky ýod birleşmeleriniň bir bölegi ýerasty suwlara geçýär. Ony almak üçin peýdalanylýan ýodly-bromly suwlara günbatar Türkmenistan örän baýdyr. Balkan eteginiň ýerasty suwlarynda 25 — 45 mg/l, Gumdagyň ýerasty suwunda 40 — 50 mg/l, Çelekeniň, Monjuklynyň, Gyzylgumuň, Boýadagyň ýerasty suwlarynda 25 — 33 mg/l ýoduň bardygy anyklandy. Ol suwlaryň ählisi-de tehniki ýody senagat möçberinde almak üçin amatlylygy bilen tapawutlanýar. Ýodly-bromly suwlar nebit känleri üçin aýratyn häsiýetlidir. Şeýle suwlaryň käbiriniň bir litrinde 100 mg dan gowrak ýod bolýar.
Ýod ynsan bedenine zerur mikroelementleriň biridir. Onuň ýetmezçiligi adamda galkan görnüşli mäziň kesellemegine getirýär. Adamyň we haýwanlaryň bedeniniň gije-gündiziň dowamynda ýoda talaby olaryň agramynyň 1 kilogramyna 3 mkg çemesidir. Iýmitde we suwda ýod ýetmezçilik edende, 1 tonna duza 10 — 25 gr ýodly kaliý goşulyp ulanylýar. Düzüminde ýod bolan dökünleri ulanmak oba hojalyk ekinlerinde hasyllylygyň mukdaryny artdyrýar.
Gymmatly çig maly gaýtadan işläp, harytlyk görnüşe getirmekde Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň iň häzirki zaman tehnologiýalary bilen birkemsiz enjamlaşdyrylyp gurlan «Türkmendermansenagat» birleşiginiň Ýod önümçiligi kärhanasy bu gün tutuş sebitde giňden tanalýan kärhanalaryň biri bolup durýar. Onuň ýyllyk kuwwatlylygy ýodly taýajyklaryň 250 millionyny, ýodly galamlaryň 50 million sanysyny hem-de diş serişdeleriniň 500 müňüsini öndürmäge niýetlenendir. Kärhanada taýýarlanýan ekologik taýdan arassa serişdeler stasionar bejeriş edaralarynda hem-de gaýragoýulmasyz lukmançylykda, şonuň ýaly-da, ýol işlerinde juda amatlylygy bilen tapawutlanýar. Bir gezek ulanylýan ýod taýajyklarynyň we galamlarynyň lukmançylykda zerur halatlary köpdür.
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary bolup durýan hususy kärhanalar hem ýurdumyzda tehniki ýoduň öndürilýän möçberiniň artdyrylmagyna mynasyp goşant goşýarlar. «Himiýa senagat» hojalyk jemgyýetiniň buýurmasy esasynda Balkan welaýatynyň Bereket etrabynyň «Çalja» meýdançasynda gurlup işe girizilen ýod zawody muňa aýdyň mysaldyr. Kärhanada taýýarlanýan tehniki ýoduň ähli möçberi ýörite himiki serişde bilen arassalanyp, dünýä ülňülerine laýyk getirilýär. Bilşimiz ýaly, ekologiýa babatda juda arassalygy bilen tapawutlanýan türkmen tehniki ýody senagat pudagynda reňkli metal, sintetik kauçuk, reňk, lak, kombinirlenen iým, däri-derman taýýarlananda juda zerur bolup durýan önümdir.
Türkmen ýodunyň önümçiliginiň ýola goýluşynyň taryhyna gysgaça nazar aýlalyň. Balkanabadyň ýod zawody 1969-njy ýylda önüm berip ugraýar. Eýýäm 1975-nji ýylyň sentýabrynda bu ýerde öndürilýän tehniki ýod SSSR Döwlet standartynyň hil belgisine mynasyp bolýar. Ýeri gelende aýtsak, öňki Soýuzda öndürilýän ýoduň tas deň ýarysyna barabary bizde taýýarlanypdyr. Ýurt Garaşsyzlygymyzyň ýyllary içinde täze enjamlar bilen döwrebaplaşdyrylan kärhana gysga döwrüň dowamynda ýoduň «A» we «B» kysymlarynyň hilini gowulandyrmagy başardy. Ýoduň has gymmatly görnüşi bolan «Ç» kysymy köp möçberde öndürilip başlandy. Ol lukmançylyk ýoduny taýýarlamakda giňden ulanylýar. 1994-nji ýylyň awgust aýyndan arassa tehniki ýody almak ýola goýuldy. Kärhana ýokary hilli önümi üçin 1998-nji ýylda «Platin ýyldyzy» atly halkara baýragyň eýesi boldy. 2000-nji ýylda bu önümçilige Madridde «Hil üçin» diýen halkara baýrak gowşuryldy. Häzirki wagtda öndürilýän «A» kysymly tehniki ýoduň 99 göterimi, «Ç» kysymly ýoduň 98,5 göterimi arassa hasaplanýar. 1998-nji ýylda gurlan Boýadag ýod zawody 2002-nji ýylda Balkanabat ýod kärhanasyna birleşdirilýär.
Hazar himiýa zawody ýod we brom işläp çykarýan kärhanalaryň ýene biri bolup, ol 1932-nji ýylda Çeleken ýarym adasynda gurulýar. Nebit bilen birlikde çykarylýan suwlaryň 1 litrinde bromuň 400 — 500 mg-a, ýoduň 25 — 30 mg-a çenlisiniň bardygy anyklanýar. Kärhana ýokary hilli önümleri üçin Meksikanyň bazar gatnaşyklary boýunça «Göwher ýyldyzy» baýragy bilen sylaglanýar. 2020-nji ýylda «Balkanabat» ýod zawodyna birleşdirilýär. Öz işine ussat hünärmenleriň 730-a golaýynyň tutanýerli zähmet çekýän kärhanasy bolan «Balkanabat» ýod zawody Uzboý şäherçesiniň töwereklerinde ýodly-bromly guýularyň 52-sini, Hazar şäheriniň töwereginde şeýle guýularyň 260-syny bu gymmatly çig maly almak üçin peýdalanýar.
Hawa, şöhratly taryha eýe türkmen ýodunyň juda uzaklary nazarlaýan geljegi bar. Ýakyn ýyllarda Balkanda ýod, brom hem-de olardan alynýan önümleri öndürýän kärhanalaryň kuwwatlylygyny artdyrmak meýilleşdirilýär. Welaýaty 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyna laýyklykda, 2025-nji ýylda tehniki ýoduň Türkmenistanda öndürilýän möçberi 1 müň 30 tonna ýeter. Senagatyň dürli ugurlarynda we lukmançylykda uly isleg bildirilýän türkmen ýodunyň öndürilişi, daşarky bazarlara eksporty has-da artar.
Edaranyň ady: «Türkmendermansenagat» birleşiginiň Ýod önümçiligi kärhanasy
Salgysy: 745130, Balkan welaýaty, Bereket etraby, Suwçylar köçesi, 7-nji jaýy
Telefon belgisi: +993 (247) 3-35-99
Faks belgisi: +993 (247) 3-35-93
E-poçta salgysy:
Iş tertibi:
Duşenbe – Anna 08:00 – 17:00 (arakesme 13:00 – 14:00)
Gatnaw ulaglary:
Awtobuslar: 1
Ugur almak üçin bellik: «Demirýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň 17-nji şahamçasy
Edaranyň kartada ýerleşýän ýeri: Ýandeks Karta