Şriftiň ölçegi:
A
A
A
A
Reňk sazlaşygy:
A
A
A
Suratlar:
Saýtyň asyl görnüşi

Ahal welaýatynyň Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugy

  Edara ilkinji gezek 1993-nji ýylyň 05-nji maýyndaky Türkmenistanyň Saglygy goraýyş ministrliginiň №135 belgili buýrugy esasynda, şeýle hem, 1994-nji ýylyň 25-nji fewralynda 21724 belgili şahadatnama esasynda, Baş hasaplaýyş merkezi tarapyndan Ahal welaýatynyň arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugy ady bilen hasaba alyndy. 

          

  TSG we DSM-niň 03.03.1998-nji ýyldaky 50 belgili “Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek inspeksiýasyny döretmak baradaky” buýrugy bilen döredilen.


   Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Daşary maýa goýumlary baradaky döwlet gullugynyň Edaralary döwlet tarapyndan hasaba alyş gullugynda 2003-nji ýylyň sentýabr aýynyň 24-ne №25422016 belgili hasaba alynan Ahal welaýatynyň sanitariýa-epidemiologiýa inspeksiýasynyň miras hakly edarasy bolup, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň 2003-nji ýylyň iýul aýynyň 8-ne tassyklanan 94 belgili “Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Döwlet sanitariýa-epidemiologiýa inspeksiýasynyň guramaçylyk taýdan düzümini kämilleşdirmek hakyndaky” buýrugy bilen Ahal welaýatynyň arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugy diýip atlandyryldy.


  Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe saglygy goraýyş ulgamynda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugy tarapyndan keselleriň öňüni almakda giň göwrümli işler alynyp barylýar.


   Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň Ahal welaýatynyň arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugy Ahal welaýatynyň çäginde sanitariýa-gigiýena gözegçiligi, keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek çärelerini alyp barmaklyga ygtyýarlandyrylan edarasydyr.

   

Düzümi:


-Dolandyryş bölümi;


-Hojalyk bölümi;


-Arassaçylyk-gigiýena bölümi;


- Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek bölümi;


- Arassaçylyk-gigiýena barlaghanasy;


- Bakteriologiýa barlaghanasy;


- Wirusologiýa barlaghanasy;


- Barlaghanaly radiasion gigiýena bölümçesi;


- Güwänama bölümçesi;


Gullugyň barlaghanalary we Güwänama bölümçesi Aşgabat şäheriniň Aba Annaýew köçesiniň 18-nji jaýynda ýerleşýär.


  Ahal welaýatynyň Tejen etrabynyň Tejen şäherinde, Ak bugdaý, Babadaýhan, Bäherden, Gökdepe, Kaka, Sarahs, Tejen etraplarynda Ahal welaýatynyň  arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň tabynlygyndaky ýerli  arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gulluklary hereket edýär.


  Wezipesi: Türkmenistanyň Sanitariýa kodeksine, “Saglyk” döwlet maksatnamasyna we öz düzgünnamasyna laýyklykda ilatyň sanitariýa-epidemiologiýa taýdan abadançylygyny üpjün etmek üçin degişli işleri amala aşyrýar.


   Ahal welaýatynyň arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugy döwlet edaralar, kärhanalar, guramalar, ýerli häkimlikler, wezipeli adamlar we raýatlar, daşary ýurt edara görnüşindäki taraplar, şeýle hem hususy telekeçiler tarapyndan arassaçylyk-keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek taýdan abadançylygyny üpjün etmek boýunça çäreleriniň guralyşyna, ýerine ýetirilişine döwlet arassaçylyk-keselleriň ýaýramagyna garşy gözegçiligini amala aşyrmaga, şu ugurdaky işleri utgaşdyrmaga Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň ýörite ygtyýarlandyrylan edaralarynyň hataryna girýär.


   Edara özbaşdak edara görnüşli ýuridiki tarap bolup durýar, onuň edara görnüşindäki ýuridiki taraplaryň ähli hukuklary we borçlary bar. Bellenilen tertipde tassyklanan çykdajylar sanawy bar, bankda hasaplaşyk we beýleki hasaplary, döwlet gerbli tegelek möhüri bar, aýratyn emläge eýe bolýar.


  Edara Kärhanalaryň we Guramalaryň Birbitewi Döwlet Ýazgysynda hasaba alynandan soň ol ýuridiki tarapyň hukugyny alýar. Edara merkezi býujetden hem-de hojalyk hasaplaşygyndan maliýeleşdirilýär.


   Ahal welaýatynyň arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň esaslandyryjysy Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Daşary ýurt maýa goýumlary baradaky döwlet gullugynyň Edaranyň döwlet tarapyndan hasaba alyş gullugy tarapyndan 2006-njy ýylyň fewral aýynyň 6-na berilen 23930001 şahadatnama esasynda hasaba alynan Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugy bolup durýar.


  Edara öz işinde Türkmenistanyň kanunlaryna, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň kada resminamalaryna, Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň buýruklaryna we çözgütlerine hem-de öz Düzgünnamasyna gollanýar.


Edaranyň ady: Ahal welaýatynyň Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugy


Salgysy: 745205, Ahal welaýaty, Ak bugdaý etraby, Gurbansoltan eje köçesi, 6-njy jaý


Telefon belgisi: +993 (137) 3-35-09, +993 (12) 59-43-28


Faks belgisi: +993 (137) 3-35-09


E-poçta salgysy: ahalepid@.sanly.tm


Iş tertibi:

Duşenbe – Anna 08:00 – 16:00 (arakesme 13:00 – 14:00)

​Şenbe 08:00 – 12:00


Gatnaw ulaglary:

Awtobuslar: 49, 80, 83


Ugur almak üçin bellik: Türkmenistanyň «Senagat» PTB-niň Ahal welaýat şahamçasy


Edaranyň kartada ýerleşýän ýeri: Ýandeks Karta

banner
banner
banner