Aşgabat şäheriniň Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugy
Adamy we onuň saglygyny döwletiň we jemgyýetiň baş gymmatlygy diýip yglan eden, hormatly Prezidentimiz Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň her bir işinde Watanymyzyň bähbidinden ugur alynýar. Raýatlaryň saglygy hakda gije-gündiz alada edýän, ýurt baştutanymyzyň lukmançylyk ylmyna aýratyn üns bermegi uly mana eýe. Adam hakdaky alada, ilkinji nobatda saglykdan başlanýar. Sagdyn jemgyýet üçin hem sagdyn adamlar zerur.
Aşgabat şäheriniň arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň işleri Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Döwletimiziň baş gymmatlygy bolan adamlaryň saglygy Berkarar döwletimiziň berk binýadydyr!» diýen sözlerinden ugur alnyp, Türkmenistanyň «Saglyk» Döwlet maksatnamasynda goýulan wezipeleri ýerine ýetirmek maksady bilen Türkmenistanyň Sanitariýa Kodeksiniň talaplary esasynda gözegçilik astynda duran desgalarynda öňüni alyş we gündelik sanitariýa gözegçiligini ýokary derejede geçirilmegini we adam saglygyny gowulandyrmak hem-de şäherde sanitariýa-epidemiologiýa taýdan abadançylygyny üpjün etmek babatyndaky meselelerine laýyklykda gönükdirilen.
Aşgabat şäheriniň arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugy öz taryhyny 1926-njy ýylyň oktýabr aýynyň 1-inden alyp gaýdýar. Şol ýyllarda häzirki A we KÝGGG-y sanitariýa epidemiologiýa bölümi bolup, ýerli saglygy goraýyş bölüminiň tabynlygyna degişlidi. 1998-nji ýylda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Döwlet Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugy döredilenden soň Aşgabat şäheriniň A we KÝGGG-da gurluş bölümleri köpelýär, şol sanda hem 1964-nji ýylda aýry çykarylan Şäher zyýansyzlandyryş nokady, Zyýansyzlandyryş bölümi bolup birikdirilýär. Bölümleriň köpelmegi bilen Aşgabat şäheriniň A we KÝGGG-nyň ýerine ýetirýän wezipeleri hem has-da giňeldi. 2013-nji ýylyň 21-nji iýulda Aşgabat şäheriniň A we KÝGGG-y Aşgabat şäheriniň Gurbansoltan eje şaýolynyň 48-nji jaý salgysy boýunça durky täzelenen edara binasynda işläp başlady. 2016-njy ýylda Wirusologiýa barlaghanasy we Radiasion gigiýena bölümi döredildi. Aşgabat şäheriniň A we KÝGGG-y keselleriň öňüni almakda we arassaçylygyň berjaý edilmegini gazanmakda talaba laýyk işlerini döwrebap kämilleşdirmek maksady bilen dünýä ülňülerine laýyk gelýän, iň döwrebap tehnologiýalar we barlaghana enjamlary bilen üpjün edilen.
Aşgabat şäheriniň arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugy arassaçylyk-gigiýena we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek bölümlerinden ybarat bolup, olaryň düzüminde:
1. Täze gurulýan we durky üýtgedilýän desgalara arassaçylyk gözegçiligi we daşky gurşawy goraýyş bölümçesi
2. Jemagat gigiýena bölümçesi
3. Çagalar we ýetginjekler gigiýena bölümçesi
4. Zähmet gigiýena bölümçesi
5. Iýmit önümlerine döwlet gözegçiligi we barlag geçirip güwänama berýän bölümçesi
6. Iýmit gigiýena bölümçesi
7. Arassaçylyk-gigiýena barlaghanasy
8. Radiasion gigiýena bölümçesi
9. Bazarlardaky Iýmit-arassaçylyk barlaghanalary
10. Epidemiýa garşy göreş bölümçesi
11. Parazitologiýa bölümçesi
12. Bakteriologiýa barlaghanasy
13. Wirusologiýa barlaghanasy
14. Zyýansyzlandyryş bölümi
15. Aeroportdaky Arassaçylyk-karantin nokady
16. Aşgabat şäher demir ýol menzilinde ýerleşýän Sanitar-gözegçilik nokady
17. Öňüni alyş we zyýansyzlandyryş bölümi
18. Arassaçylyk gümrük gözegçilik bölümi
Innowasion tehnologiýalaryny ulanmak bilen gullugymyz tarapyndan edilýän gözegçiligiň hilini gowulandyrmak, onuň operatiw häsiýetine eýe bolmagyny gazanmak, işgärleriň bilimini artdyrmak, hünär derejesini ýokarlandyrmak, olaryň öňünde duran gündelik wezipeleriň çözgütlerini tizleşdirmek ýardam edýär.
Täze gurulýan we durky üýtgedilýän desgalara arassaçylyk gözegçiligi we daşky gurşawy goraýyş bölümçesiniň hünärmenleri tarapyndan täze gurulýan we durky üýtgedilýän desgalaryň taslamalaşdyryş we gurluşyk işleri geçirilende, jemgyýetçilik merkezleriniň, ýaşalýan ýerleriň, şäherleriň magistrallarynyň (köçeleriniň) meýilnamalaşdyryş taslamalary taýýarlanylanda, raýat, senagat we oba hojalyk maksatly desgalary ýerleşdirmek we olaryň sanitariýa gorag zolaklaryny bellemek, gurluşyk üçin (şol sanda hususy) ýer böleklerini saýlamak meseleleri çözülende, şeýle hem senagat we ulag desgalary, medeni-durmuş maksatly binalar we desgalar, ýaşaýyş jaýlary, inženerçilik infragurluş we abadanlaşdyryş desgalary gurulanda, durky täzelenende, döwrebaplaşdyrylanda, tehnika bilen täzeden enjamlaşdyrylanda sanitariýa, gurluşyk kadalarynyň berjaý edilişi, gurluşyklarda işleýänleriň zähmet şertlerini gowulandyrylyşy, atmosfera howasynyň hapalanmasynyň öňüni alnyşy, gurluşygyň çäkleriniň hem-de ýanaşyk ýerleriniň kadaly saklanylyşyna sanitariýa gözegçiligi alnyp barylýar. Gurluşygy tamamlanan desgalary kabul edip almak boýunça barlaghana usullaryny, şol sanda howanyň, agyz suwunyň, örtgi materiallaryň, gurşawyň barlaghana barlaglaryny (fiziki-himiki, radiologiki, elektromagnit şöhlelenme derejesiniň görkezijileriniň) ulanmak bilen döwlet kabul ediş toparyna gatnaşýarlar.
Jemagat gigiýena bölümçesi. Türkmenistanyň Prezidentiniň “Ýurdumyzyň ilatyny arassa agyz suwy bilen üpjün etmek hakyndaky” kararyny ýerine ýetirmek maksatnamasyndan ugur alyp, şäheriň agyz suwyny sanitariýa taýdan abadançylygyny üpjün etmekde gözegçiligi alyp barylýar. Aşgabat şäheriniň ilatyny ekologiki taýdan arassa, hereket edýän 837-2016 “Agyz suwy” TDS-yň talaplaryna laýyklykda üpjün edilişine, agyz suw çeşmeleriniň ýerleşýän ýerleriniň we agyz suw arassalaýjy desgalarynyň we olaryň çäkleriniň goralyşyna gözegçiligi yzygiderli geçirilýär. Ilatly ýerleri elmydama arassa saklamak we ýokanç keselleriň öňüni almak üçin lagym we suw üpjünçilik ulgamlarynyň işiniň hilini gowulandyrylşyna gözegçilik işleri geçirilýär. Ondan başga-da daşky gurşawy sagdynlaşdyrmak (kölleriň, topragyň), sesiň, wibrasiýanyň, elektromagnit şöhleleriniň, yşyklandyrmasynyň kada laýyklylygyna getirmek çäreleriniň geçirilişini, ilatyň durmuş we dynç alyş şertlerini sagdynlaşdyrmak, şeýle hem ilatyň arasyndaky keselleri azaltmak boýunça geçirilýän öňüni alyş çärelere Döwlet arassaçylyk gözegçiligini amala aşyrýarlar.
Çagalar we ýetginjekler gigiýena bölümçesi. Çagalar we ýetginjekler edaralarynda çagalaryň saglygyny goramak kanunçylygynyň ýerine ýetirilişine, çagalaryň iýmitlendirilişine, berilýän iýmit önümleriniň daşalşyna, saklanylşyna, taýýarlanylyşyna, sanitariýa-epidemiologiýa kadalarynyň berjaý edilişine, suw üpjünçilik we lagym ulgamlarynyň işleýişine, zyýansyzlandyryjy serişdeleri bilen üpjün edilişine yzygiderli gözegçilik edilýär. Bilim işgärleriniň arasynda sanitariýa-epidemiologiýa kadalary we düzgünleri, çagalaryň arasynda ýokanç keselleriň öňüni almak, şahsy gigiýena, zyýansyzlandyryş düzgünleri barada, çagalaryň sagdyn iýmitlenmek endiklerini ösdürmek usullary barada wagyz-nesihat işleri geçirilýär.
Zähmet gigiýena bölümçesi. Aşgabat şäheriniň çäklerindäki senagat, gurluşyk we ulag kärhanalarynda işleýänleriň iş şertlerini sagdynlaşdyrmak, hünär bilen baglanyşykly keselleriň öňüni almak maksady bilen arassaçylyk gözegçilik barlaglary amala aşyrylýar. Kärhanalarda işgärleriniň saglygyna zyýan ýetirýän ýaramaz önümçilik täsirleriniň öňüni almaga we aradan aýyrmaga gönükdirilen çäreleriň gurnalşyna we ýerine ýetirilişine gözegçilik edýärler. Senagat kärhanalarynda mineral dökünleriniň we himiki serişdeleriniň saklanyş we daşalyş şertlerine, ulanyş usullaryna gözegçiligi alyp barýarlar.
Iýmit önümlerine döwlet gözegçiligi we barlag geçirip güwänama berýän bölümçesi. Iýmit önümleri öndürilende, ýurduň çägine getirlende, daşalanda we satylanda tehniki şertleriň arassaçylyk – gigiýena kadalaryň berjaý edilişi barada resminamalary taýýarlaýar. «Türkmenistanda iýmit önümleriniň hiline we güwänamalaşdyrylmagyna döwlet gözegçiligi hakyndaky Düzgünnama» laýyklykda ýurdumyzyň çägine getirilýän we ýerli öndürilýän iýmit önümlerini güwänamalandyrmakda iýmit önümleriň hiline döwlet gözegçiligini geçirip, güwänama bermek işlerini amala aşyrýar. Aşgabat şäheriniň çägindäki iýmit önümçilik kärhanalarynda iýmit önümleriniň ylalaşylan düzümi boýunça taýýarlanylyşyna, saklanylyşyna we gatnadylyşyna barlaglary geçirýär. Ýurduň çägine getirilýän we öndürilýän ýerli iýmit önümlerinde iýmit goşundylarynyň we reňkleýjileriň ulanylyşyny berk gözegçilikde saklamak hem-de iIýmit önümleriniň önümçiliginde ulanylmagy gadagan edilen iýmit goşundylaryny ýurduň çägine getirilmezligini gazanmak babatynda gözegçiligi alyp barýar.
Iýmit gigiýena bölümçesi. Türkmenistanyň “Iýmit önümleriniň howpsuzlygynyň we hiliniň üpjün edilmegi hakyndaky” Kanunynyň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmek maksady bilen ilatyň iýmitleniş şertlerini gowulandyrmaga, rejeli iýmitlendirmegi girizmäge, iýmit zäherlenmeleri we iýmit arkaly döreýän keselleriň öňüni almaklyga gönükdirilen çäreleriň geçirilmegine arassaçylyk gözegçiligini amala aşyrylýar. Döwlet we hususy eýeçilikdäki jemgyýetçilik iýmiti we azyk söwda nokatlarynda arassaçylyk barlaglary iýmit önümleriniň nusgalyklarynyň, jemgyýetçilik iýmit desgalarynda ýuwundylaryň alynmagy bilen we laborator-enjamly ölçegleriň geçirilmegi bilen gündelik sanitariýa gözegçiligi alnyp barylýar.
Arassaçylyk-gigiýena barlaghanasy fiziki-himiki, toksikologiýa we pestisidleriň galyndy mukdaryny kesgitleýän, iýmit gigiýena, jemagat gigiýena, zähmet gigiýena bölümçelerinden ybarat. Barlaghanada iýmit önümleriniň hiline we howpsuzlygyna, hojalyk-agyz suwuň standartlaryna laýyklylygyna, çagalar iýmitiniň ýokumlylygyna, agyz suwunyň, hojalyk-durmuşy we önümçilik lagym suwlaryň sanitar-gigiýeniki barlaglary, fiziki-himiki derňewleri geçirilýär, zähmet şertleriniň ýagdaýyna we beýlekiler boýunça barlaghana gözegçiligi amala aşyrylýar, ýaşaýyş we jemgyýetçilik otaglarynda mikroklimatyň, tebigy we emeli yşyklandyryşyň barlaglary geçirilýär.
Toksikologiýa bölümçesinde gurnalan Atom adsorbsion spektrofotometrinde adam bedeni üçin howply hem-de zäherli maddalaryň hataryna girýän agyr metallaryň duzlaryny anyklamak üçin takyk netijeleri görkezýän ýokary tehnologiki häzirki zaman enjamy arkaly iýmit önümleriniň hiline we howpsuzlygyna gözegçilik etmek maksady bilen şol zyýanly maddalaryna barlaglary amala aşyrylýar.
Radiasion gigiýena bölümçesi.
Radionuklidleriň, radioaktiw maddalaryň we radioizotop gurallaryň alynmagy üçin berlen tabşyryknamalaryň ýerine ýetirilişine gözegçilik edýär. Ionizirleýji şöhle çeşmelerini ulanýan kärhanalaryň we rentgen-flýuorografiýa otaglarynyň täzeden gurmak we durkuny üýtgetmek boýunça taslamalaryna seretmek, degişli teklipleri bermek we berlen teklipleriň ýerine ýetirilişine gözegçilik edýär. Iýmit önümlerini we olaryň gaplanylmagy üçin materiallary güwänamalaşdyrmak boýunça nusgalaryň radiometriki barlaglaryny geçirýär. Ionizirleýji şöhle çeşmelerini ulanýan kärhanalaryň we rentgen-flýuorografiýa otaglarynyň arassaçylyk we radiodozimetriki barlaglaryny geçirýär. Ýerli önümçiliklerden iýmit önümleriniň nusgalyklaryny alyp, radiometriki barlaglaryny geçirýär. Gurluşyk-gurnama işleri geçirilmezden öň, ýer parçasy bölünip berilende dozimetriki ölçeglerini geçirýär. Beýleki, dürli pudaklara degişli edara-kärhanalarynda iş otaglarynyň we barlaghanalarynyň arassaçylyk we radiodozimetriki barlaglaryny geçirýär.
Bazarlardaky Iýmit-arassaçylyk barlaghanalary. Iýmit-arassaçylyk barlaghanalary eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, şahsy adamlar we edara görnüşindäki taraplar tarapyndan bazarlaryň çäklerinde ilata ýerlenilýän iýmit önümleriniň, azyklyk çig malyň hiline we howpsuzlygyna gözegçilik edýärler, süýt önümlerinde biohimiýa, gök önümlerinde nitratlara, etde keselçilige barlaghana derňewlerini geçirýärler. Döwlet standartlaryna we düzgünnamalara laýyklykda barlaghana synaglarynyň wagtynda hem-de takyk ýerine ýetirilmegini üpjün edýärler. Bazarlaryň dolandyryş edarasy bilen bilelikde bazarlaryň çäklerinde ilata ýerlenilýän iýmit önümleriniň, aýratyn hem çalt zaýalanýan iýmit önümleriniň - etiň, süýdiň, balygyň we beýleki önümleriniň saklanylyşyna, ýerlenilişine gözegçilik edýärler.
Epidemiýa garşy göreş bölümçesiniň alyp barýan işleri ýokanç, parazitar keselleriň öňüni almagyna, ýüze çykmagyna, ýaýramagyna we olaryň ýok edilmegine gönükdirilen çäreleri geçirmekden ybaratdyr. Aşgabat şäheriniň ilatynyň arasynda ýokanç we parazitar keselleri boýunça epidemiologik abadançylygynyň üpjün etmek maksady bilen, öňüni alyş, wagyz-nesihat işleri güýçlendirilen, ýüze çykan ýokanç keselleriň, ýagny ýiti respirator, ýokanç içege keselleri we beýleki nozologiki görnüşleriň hasabatlary alnyp barylýar, ýokanç keseller ojaklarynda epidemiologiki yzarlamalary geçirilýär, şeýle hem epidemiýa garşy çäreler gurnalýar.Ýokanç we parazitar keselleriň öňüni alyş we epidemiýa garşy çäreler barada degişli edaralaryň jogapkär işgärleriniň arasynda okuw maslahatlary geçirilýär. Ilatyň arasynda birnäçe ýokanç kesellere garşy öňüni alyş sanjym çärelerini gurnaýarlar we geçirilişine gözegçilik edýärler. «Türkmenistanda Immuno-öňüni alyş» Milli Maksatnamasyna laýyklykda keseliň öňüni alyş sanjymlar arkaly kesellerden goramaklyk esasy wezipeleriň biri bolup, ýokanç kesellerden ygtybarly gorag bolan öňüni alyş sanjymlarynyň Aşgabat şäheri boýunça meýilnamalary hem taýýarlanylýar we şol meýilnamalaryň ýerine ýetirilişine gözegçilik işleri hem alynyp barylýar. Häzirki wagta çenli öňüni alyş sanjymlaryň düzüminde 14 ýokanç kesellere garşy sanjymlar girýär.
Aşgabat şäheriniň arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň düzüminde Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň ölçeglerine laýyk gelýän uly göwrümli ýöriteleşdirilen immunobiologiki serişdeleri saklanylýan ammar bar. Onda waksinalary talaba laýyk saklamak üçin ýöriteleşdirilen sowadyjy we doňduryjy enjamlar göz öňünde tutylypdyr.
Aşgabat şäheriniň bejeriş-öňüni alyş edaralaryna öňüni alyş sanjymlaryny geçirmek üçin waksinalary goýberilýär we ýerlerde sowuklyk zynjyrynyň her bir basgançagynda saklanylyşyna, sanjymlar tertibine laýyklykda geçirilişine, resminamalaryň ýöredilişine we waksina bilen dolandyryp bolýan ýokanç keselleriň ählisine epidemiki gözegçiligi amala aşyrylýar.
Aşgabat şäheriniň bejeriş-öňüni alyş edaralarynyň saglygy goraýyş işgärleriniň karantin ýokanç keselleri boýunça bilim derejesini ýokarlandyrmak, karantin ýokanç keseline şübheli näsaglar ýüze çykarlanda gyrgyna garşy gorag eşigini geýmek, çykarmak düzgünleriniň berjaý edilişi boýunça maslahat okuwlary we türgenleşik okuwlary gurnalýar.
Kesel bejeriş-öňüni alyş edaralarynda sanitariýa-epidemiologiýa we zyýansyzlandyryş düzgünleriniň ýerine ýetirilişine barlaghana usullary bilen gözegçilik edilýär, şeýle hem lukmançylyk galyndylary bilen howpsuz işlemek berk gözegçilikde saklanýar.
Parazitologiýa bölümçesi. Parazitar keselleri ýok etmekliginiň çäreler meýilnamasyna laýyklykda işini gurnaýarlar. Entomologik görkezmesi boýunça transmissiw keselleriň ojaklarynda dezinseksiýa çärelerini geçirýärler we gan sorujy mör-möjekleriň köpçülikleýin köpelýän ýerlerine gözegçilik edýärler. Yzygiderli parazitar kesellerini (gelmintozlar, gyzzyrma, deri we wisseral leýşmanioz, içege protozoý keselleri, toksoplazmoz, gijilewük) öwrenýärler we derňeýärler, şolaryň esasynda parazitar keselleriniň ýaýramagynyň öňüni almagyň, ýok etmegiň, epidemiýanyň garşysyna geçirmeli çäreleriň meýilnamasyny düzýärler. Ýokarda görkezilen keselleriň ojaklaryny ýüze çykaryp, epidemiki barlaglary geçirýärler, bejeriş öňüni alyş we beýleki edaralar bilen bilelikde parazitar keselleriniň ýaýramagynyň öňüni almak we ýok etmek boýunça çäreleri gurnaýarlar.
Bakteriologiýa barlaghanasy. Bakteriologiýa barlaghanasynda içege ýokanç kesellerine, aýratyn howply ýokanç kesellerine, howa-damja ýokanç kesellerine anyklaýyş barlaghana synaglary, serologiýa barlaglary, parazitologiýa barlaglary şeýle hem sanitariýa-bakteriologiýa barlaglary geçirilýär. Suwa düşülýän suw howdanlaryndan, agyz suwuň çeşmeleri bolan açyk we ýapyk suw howdanlaryndan, dynç alyş zolaklaryň suw nusgalarynyň, mekdebe çenli çagalar edaralarynyň, bejeriş-öňüni alyş edaralarynyň howa nusgalarynyň, çaga oýnaýan meýdançalarynyň, dynç alyş meýdançalaryň toprak nusgalarynyň, iýmit önümleriniň bakteriologiki barlaglaryny geçirýärler.
Barlaghanada şäherde öndürilýän we daşary ýurtlardan getirilýän iýmit önümleriniň, şol sanda gök önümleriň, mekgejöweniň, soýanyň, ýer almanyň, tüwiniň, tomatyň, şugundyryň, şeýle hem, ösümlik gelip çykyşly iýmit önümleriniň düzüminde genetiki modifisirlenen çeşmeleriň hil we mukdar barlaglary polimeraz zynjyrly reaksiýasy usuly bilen doly awtomatlaşdyrylan enjamlary arkaly geçirilýär. Ösümlik gelip çykyşly iýmit önümlerde genetiki modifisirlenen organizmleriň hil barlagyny ýerine ýetirýär.
Zyýansyzlandyryş bölümi. Ýokanç kesel bilen kesellänler, ýokanç keseline şübhelenýän adamlary we olar bilen gatnaşykda bolan adamlary bejeriş öňüni alyş edaralara ýerleşdirýärler. Ýokanç keselli ojaklarynda jemleýji zyýansyzlandyryş işlerini geçirýärler. Gurnalan täze dezinfeksiýa kameralary arkaly goşlary, egin-eşikleri, keselleriň ýaýramagyna garşy göreş maksat bilen kameralarda zyýansyzlandyrmak işlerini geçirýärler. Sanitar geçirijide – adamlar bilen epidemiki we sanitar görkezme boýunça arassaçylyk taýdan işleýärler. Halkyň arasynda mekdep ýaşyna ýetmedik çagalaryň arasynda, mekdep okuwçylarynyň arasynda bejeriş öňüni alyş bölümlerinde pedikulýoza garşy zyýansyzlandyryş işlerini geçirýärler.
Aeroportdaky Arassaçylyk-karantin nokady. AKN-niň esasy meseleleri Türkmenistanyň çäkleriniň sanitar goragy baradaky düzgünleri esasynda ýokanç we parazitar keseller boýunça durnuksyz we beýleki ýurtlardan gelýän ýolagçylar we üstaşyr geçýän ýolagçylaryň arasynda aýratyn howply ýokanç keselleri ýüze çykarmak we olaryň ýaýramagynyň öňüni almak we Halkara howa menzilinde, uçarlarda, degişli zolaklarynda sanitariýa-epidemiologiýa kadalarynyň berjaý edilişine hem-de arassaçylyk we zyýansyzlandyryş işleriniň geçirilişine gözegçilik edýär. Halkara howa menzilinde gelýän we üstaşyr geçýän ýolagçylary gurnalan termoskaner arkaly gözegçilik edilýär. Aýratyn howply ýokanç keselleri howa ulaglary bilen girizmeginiň we ýaýramagynyň öňüni alyş çärelerini gurnaýar we ýerine ýetirýär.
Aşgabat şäher demir ýol menzilinde ýerleşýän Sanitar-gözegçilik nokady. Demirýol menzilinde, ýolagçy otlylarda, taýýarlaýyş nokatlarynda we ýolagçy gatnawlary bilen bagly bolan beýleki desgalarda arassaçylyk-gigiýeniki we keselleriň ýaýramagyna garşy göreş çärelerine gözegçiligi amala aşyrýar. Ýolagçy otlylarynda we gözegçilikdäki desgalarda ýokanç keselli (şübhelenýän) syrkawlary, iýmit zäherlenmeleri ýüze çykaran ýagdaýynda ilkinji keselleriň ýaýramagyna garşy göreş çärelerini guraýar we geçirýär. Demir ýol menzilinde ýolagçylara dynç alyşy, iýmit bilen üpjün edýän, suw üpjünçilik, hojalyk we beýleki hyzmatlaryny amala aşyrýan desgalarynda sanitar-gigiýena kadalarynyň we düzgünleriniň, ýokanç keselleriniň öňüni alyş we keselleriň ýaýramagyna garşy göreş çäreleriniň ýerine ýetirilişine döwlet sanitariýa gözegçiligini amala aşyrylýar.
Öňüni alyş we zyýansyzlandyryş bölümi.
Bejeriş-öňini alyş, çagalar we ýetginjekler, jemagat edaralarynda, ýaşaýyş jaýlarynda, iýmit desgalarynda, we beýleki desgalarda mör-möjekleri we gemrijileri ýok etmek boýunça öňüni alyş zyýansyzlandyryş çärelerini guraýar we geçirýär. Kärhanalar, edaralar we guramalar bilen mör-möjekleri we gemrijileri ýok etmek boýunça öňüni alyş zyýansyzlandyryş işleri geçirmek babatda şertnamalary, ylalaşyklary baglaşýar. Kärhanalardan, edaralardan we raýatlardan mör-möjekleri we gemrijileri ýok etmek boýunça öňüni alyş zyýansyzlandyryş işleri geçirmek üçin gelen ýüzlenmeleri kabul edip, öňüni alyş zyýansyzlandyryş işleri geçirýär.
Arassaçylyk gümrük gözegçilik bölümi. Türkmenistanyň gümrük serhedinden geçirilýän harytlaryň, beýleki zatlaryň we ulag serişdeleriniň kanunydygyny anyklaýarlar (takyklamak). Getirmegi, alnyp gidilmegi (çykarylmagy) gadagan edilen, Türkmenistanyň gümrük serhedinden geçirilmegi diňe bellenilen düzgünleriň ýerine ýetirilmegi bilen ýol berilýän (rugsat berilýän) harytlary we beýleki zatlary ýüze çykarmak we olaryň Türkmenistanyň gümrük serhedinden bikanun geçirilmeginiň öňüni alyş çärelerini amala aşyrýarlar.
Salgysy: 744000, Aşgabat şäheri, Gurbansoltan eje şaýoly, 48-nji jaý
Telefon belgisi: +993 (12) 28-14-47
Faks belgisi: +993 (12) 28-14-47
E-poçta salgysy: asgabatsanepid@sanly.tm
Iş tertibi:
Duşenbe – Anna 09:00 – 18:00 (arakesme 13:00 – 14:00)
Şenbe 09:00 – 13:00
Gatnaw ulaglary:
Awtobuslar: 12
Ugur almak üçin bellik: Aşgabat gurluşyk orta hünär okuw mekdebi
Edaranyň kartada ýerleşýän ýeri: Ýandeks Karta