Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň merkezi edarasy
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugy döwlet häkimiýet edaralary we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary, ýuridik wе fiziki şahslar tarapyndan ilatyň sanitariýa-epidemiologiýa taýdan abadançylygyny üpjün etmek boýunça çäreleriň guralmagyny, utgaşdyrylmagyny, gözegçiligini we ýerine ýetirilişine gözegçilik barlagyny amala aşyrýan ygtyýarly döwlet edarasy bolup durýar. Ol öz işini Türkmenistanyň Sanitariýa kodeksine laýyklykda guraýar we alyp barýar hem-de öz ygtyýarlyklarynyň çäginde döwlet häkimiýet edaralarynyň we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň, ýuridik we fiziki şahslaryň ýerine ýetirmegi üçin hökmany bolan çözgütleri kabul edýär.
Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň merkezi edarasynyň gurluşy
Edaranyň ady: Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugy (DA we KÝGGG)
Salgysy: 744036, Türkmenistan, Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly, 20-nji jaý
Telefon belgisi: +993 (12) 40-06-09
Faks belgisi: +993 (12) 40-06-08
E-poçta salgysy: sei@saglyk.gov.tm
Iş tertibi:
Duşenbe – Anna 09:00 – 18:00 (arakesme 13:00 – 14:00)
Şenbe 09:00 – 13:00
Kabul edişlik güni:
Duşenbe 17:00 – 19:00
Gatnaw ulaglary:
Awtobuslar: 8, 19, 20, 32, 34, 35, 37, 42, 103, 105, 142
Ugur almak üçin bellik: Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi
Edaranyň kartada ýerleşýän ýeri: Ýandeks Karta