Mary welaýatynyň Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugy
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri her bir pudaga, her bir adama özüniň özgerdiji güýji bilen täsir etdi. Türkmenistan dünýäde uly abraýa eýe bolup, ykdysady taýdan kuwwatly döwlete öwrüldi. Bularyň hemmesi çuňňur hormatlanýan Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary bilen, Hormatly Gahryman Prezidentimiziň pähimli ýolbaşçylygynyň, halk hakynda aladalarynyň, Watanymyzy ösdürmek üçin edýän bimöçber yhlasynyň, ýadawsyz gözlegleriniň miwesidir.
Mary welaýatynyň arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň täze binasynyň gurulyp ulanylmaga berilmegi Türkmenistanyň Prezidentiniň “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň abraý bilen üstünlikli berjaý edilmeginde ýene bir ädim bolup durýar.
Bu gulluk welaýatymyzyň çäginde sanitariýa abadançylygyny üpjün etmek maksady bilen, saglygy goraýyş ulgamynyň ösüşlerinden we özgertmelerinden peýdalanyp, döwrebap iň ösen tehnologiýalary ornaşdyrylan barlaghana enjamlar hem-de dürli usuly gurallar we abzallar arkaly barlaghana barlaglaryny geçirmek işleri netijesinde adamyň saglygy üçin daşky gurşawyň, zähmet şertleriniň, iýmit önümleriniň, agyz suwunyň howpsuzlygyny we hilini gorap saklamakda arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek boýunça edara hökmünde welaýatymyzyň halkyna hyzmat edýär.
Mary welaýatynyň arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynda arassaçylyk we gigiýena, keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek, iýmit önümleriniň howpsuzlygynyň we hiliniň üpjün edilmegi ugurlarynda täze innowasion tehnologiýalar we tejribeler durmuşa girizilen. Adamlaryň saglygyny gorap saklamakda oňaýly şertleriň döredilmegi üçin esasy görkezijileri bolan iýmit barlaghanalary, daşky gurşawyň faktorlarynyň fiziki-himiki usullary arkaly barlaglary, radiasion gigiýena, toksikologiýa, bakteriologiýa, wirusologiýa, parazitologiýa barlaghanalarynyň işini sazlaşdyrmak hem-de olary yzygiderli attestatlaşdyrmak, metrologiýa taýdan üpjün etmek çäreleri amala aşyrylýar.
Mary welaýatynyň arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň düzüminde dünýä ölçeglerine laýyk gelýän döwrebap derejede sanjym we beýleki immunobiologiýa serişdelerini saklamaga niýetlenen ammaryň gurulmagy Türkmenistanda keselleriň öňüni almak boýunça milli maksatnamanyň mundan beýläk-de üstünlikli kämilleşdirilmegini şertlendirer. Ýurdumyz tutuş ilata ýokanç kesellere garşy sanjym işlerini mugt alyp barýan bütin dünýäde ilkinji we ýeketäk döwletdir.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýurdumyzyň ähli pudaklarynda sanly ulgama geçirmek işleri üstünlikli alnyp barylýar. Mary welaýatynyň arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň binasynda hem ýurdumyzda döredilýän maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň mümkinçiliklerinden giňden peýdalanyp, elektron maglumat ulgamynyň ornaşdyrylmagy hünärmenleriň işini döwrebaplaşdyrýar.
Binanyň birinji gatynda sanjym we immunobiologiýa serişdelerini saklamaga niýetlenen ammar, täze gurulýan we durky üýtgedilýän desgalara arassaçylyk gözegçiligi we daşky gurşawy goraýyş bölümçesi, iýmit önümlerine döwlet gözegçiligi we barlag geçirip güwänama berýän bölümçesi, öňüni alyş we zyýansyzlandyryş bölümi, kameralaýyn zyýansyzlandyryş we arassaçylyk geçirmek boýunça bölümçesi,
Binanyň ikinji gatynda keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek bölümi,
Binanyň üçünji gatynda arassaçylyk-gigiýena bölümi,
Binanyň dördünji gatynda gullugyň dolandyryjylyk ulgam ýerleşdirilip, gullugyň hünärmenleri üçin ýurdumyzda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan iş ýerleri bilen üpjün edilen.
Arassaçylyk gigiýena bölümi:
Jemagat gigiýena bölümçesi - halkymyzy dünýä standartlaryna laýyk gelýän arassa agyz suwy bilen üpjün edilmegine gözegçilik işlerini alyp barmak, ilaty agyz suwunyň hilini mikrobiologiki we himiki barlaghana usullary arkaly gözegçilikde saklamak, ýokanç we ýokanç däl kesellerden goramak, welaýatyň çäginde bar bolan halk-hojalyk ähmiýetli suw çeşmelerine, kanallardyr-derýalara, akar suwly ýaplara gözegçilik etmek, bejeriş-öňüni alyş edalarynyň, dermanhanalaryň arassaçylyk-tehniki ýagdaýlary boýunça arassaçylyk düzgünleriniň berjaý edilşine gözegçilik etmek, hassahanalarda näsaglara berilýän iýmit önümleriniň, agyz suwunyň hiliniň ýokary derejede bolmagyny gazanmak we bejeriş-öňüni alyş edaralarynda lukmançylyk galyndylarynyň bellenilen kadalara laýyklykda ýok edilmegine gözegçilk etmek bolup durýar.
Zähmet we ulag gigiýena bölümçesi - senagat kärhanalarynda, oba hojalykda, ulaglarda işleýän işgärleriň iş ýerlerinde howpsuz zähmet şertleriniň döredilmegine, zähmet howpsuzlygynyň üpjün edilmegine, zähmet arassaçylygynyň talaplarynyň we kadalarynyň berjaý edilmegine, hünär bilen bagly döreýän keselleriň we önümçilikde şikesleriň, zähmetiň zyýanly şertleriniň öňüni almak we olary aradan aýyrmak boýunça gönükdirilen guramaçylyk işleri alyp barýar. Oba hojalygynda ulanylýan himiki serişdeleriň ulanylşyna, adam saglygyna we daşky gurşawa howpsuzlygynyň üpjün edilmegine degişli çäreler işlenilip düzülýär we ol çäreleriň berjaý edilmegi gözegçilikde saklanylýar.
Iýmit gigiýena bölümçesi - iýmit önümçilik we jemgyýetçilik iýmiti kärhanalarynda, bazarlarda we söwda nokatlarynda halka hödürlenýän iýmit önümleriniň Türkmenistanyň Hormatly Prezidentiniň “Iýmit önümleriniň howpsuzlygynyň we hiliniň üpjün edilmegi hakynda” kanunynyň talaplarynyň berjaý edilişine arassaçylyk gözegçilik işleri alynyp barylýar. Şeýle hem welaýatyň çägindäki iýmit edara-kärhanalarynda mikroklimatyň, ýagtylygyň fiziki-himiki ölçeglerini geçirmek, taýýarlanýan iýmit önümleriniň hilini we howpsuzlygyny kesgitlemek üçin, iýmit önümlerinden nusgalyklar alynyp, arassaçylyk-gigiýena we bakteriologiki barlaglary bilen utgaşdyrylyp alnyp barylýar. Iýmit önümçilik we jemgyýetçilik iýmiti kärhanalarynda, söwda nokatlarynda we bazarlarda halka hödürlenýän undan we nahar duzundan yzygider nusgalyklar alnyp, unyň düzümindäki demir we foliý turşusynyň, duzyň düzümindäki ýodyň monitoringi ýöredilýär we gözegçilikde saklanylýar. Halkymyzy ýokary hilli we howpsuz gök önümleri bilen üpjün etmekde olary ýetişdirmekde ulanylýan nitratlaryň we pestisidleriň galyndy mukdaryna yzygiderli barlaghana synaglary geçirilýär we önümleriň hiline gözegçilik edilýär. Jemgyýetçilik iýmiti kärhanalarynda, söwda nokatlarynda we bazarlarda halka hödürlenýän iýmit önümleriniň gelip çykyşyna, saklanylyşyna, daşalyşyna we satylyşyna berk gözegçilik geçirilip, gelip çykyşy näbelli öý şertlerinde taýýarlanan, laýyklyk güwanamasy bolmadyk we ýaramlylyk möhleti geçen iýmit önümleri satuwdan aýyrylyp, gadagan edilip ýerlerde düzülen topar arkaly ýok edilýär.
Çagalar we ýetginjekler gigiýena bölümçesi - ýurdumyzda çagalaryň bagtyýar durmuşda ýaşamagy, ruhy we beden taýdan sagdyn ösüşi, döwrebap bilim almagy, watansöýüjilik we ynsanperwerlik ruhunda terbiýelenmegi ugrunda edilýän uly aladalardan ugur alyp, welaýatymyzda ýerleşen çagalar we ýetginjekler edaralarynda çagalaryň sagdyn iýmitlenmegine, ýaş nesilleriň sagdyn bedenli, belent ruhly, bagtyýar ýaşamagyna gönükdirilen arassaçylyk düzgünleriň berjaý edilişine gözegçilik işleri amala aşyrýar.
Täze gurulýan we durky üýtgedilýän desgalara arassaçylyk gözegçiligi we daşky gurşawy goraýyş bölümçesi - ilatly ýerleriň ýa-da aýry-aýry desgalaryň gurluşygy ulgamynda arassaçylyk kadalarynyň we talaplarynyň ýerine ýetirilşini üpjün etmekde işler alnyp barylýar. Täze bina daşky gurşawyň dürli ýagdaýlarynyň adam bedenine ýaramsyz täsire ýol bermeýän şertleri üpjün ediji arassaçylyk kadalary işläp taýýarlamakda, arassaçylyk kadalarynyň we talaplarynyň goşulmagy bilen taslamak we gurmak boýunça döwlet standartlarynyň, kadalarynyň we gözükdirijileriniň işlenip taýýarlanmagynda, ýer böleginiň gurluşyga berilmegi üçin saýlamakda, esaslandyrmakda we ylalaşmakda, taslanylanda we gurluşykda arassaçylyk kadalarynyň berjaý etmekde, täze gurulan desga ulanyşa girizilende arassaçylyk kadalarynyň berjaý edilmeginde, gurluşygyň taslamalryna seljerme geçirilende, ilatyň arassa agyz suw üpjünçiligine, daşky gurşawy, topragy zyýanly şertlerden goramakda, işgärleriň we ilatly ýerleriň adamlara zyýanly faktorlaryň täsir etmegi sebäpli keselçiligiň öňüni almakda barlaghana barlaglary bilen utgaşdyrylyp, degişli işleri gözegçilikde saklamaga mümkinçilik berýär.
Iýmit önümlerine döwlet gözegçiligi we barlag geçirip güwänama berýän bölümçesi - ýerli öndürilýän, daşary ýurt döwletlerine eksport edilýän, daşary ýurt döwletlerinden getirilýän iýmit önümlerine sertifikatlaşdyrmak boýunça işleri amala aşyrýar we hususy telekeçiler, ýuridiki şahslar tarapyndan iýmit önümlerini öndürýän önümçilik kärhanalarynda önümleriň hiline döwlet gözegçilik barlaglary geçirýär. Eýeçiligine we raýatlygyna garamazdan, edaralar, kärhanalar, guramalar, fiziki we ýuridiki şahslar tarapyndan önüm öndürilende, getirilende, daşalanda we ýerleşdirilende standartlaryň talaplaryna, tehniki şertlerine, arassaçylyk-gigiýena kadalaryna we düzgünlerine laýyklygyny kesgitlemek üçin döwlet gözegçiligini amala aşyrýar.
Arassaçylyk-gigiýena barlaghanasy
Arassaçylyk gigiýena barlaghanasy baş bölümçeden ybarat:
Iýmit gigiýena bölümçesi - barlaghanada häzirki zaman enjamlary ornaşdyrylyp, döwletimizde ösdürilip ýetişdirilýän ýerli we daşary ýurtlardan getirilýän iýmit önümlerine we azyklyk çig mallaryna döwrebap täze usullar bilen hil we howpsuzlyk görkezijileriniň organoleptiki, fiziki-himiki, toksikologiki barlaglary geçirilýär.
Toksikologiýa bölümçesi - iýmit önümlerinde pestisidleriň galyndy mukdary, gök önümlerinde nitratlary, iýmit önümlerinde we iýmit bilen galtaşýan materiallarda agyr metallaryň duzlary kesgitlemek üçin barlaglar geçirilýär.
Jemagat gigiýena bölümçesi - daşky gurşawyň faktorlaryny anyklap, ilatyň zähmet şertleriniň gowulanmagyna, halkymyzy hil taýdan arassa we howpsuz agyz suwy bilen üpjün edilişine gözegçilik etmäge ýardam berýär.
Zähmet gigiýena bölümçesi - daşky gurşawyň, atmosfera howasynyň, iş ýerleriniň howasynyň düzümini, jemgyýetçilik we önümçilik jaýlaryň howasynyň basyşyny, tozanlylygyny we gazlylygyny ölçemeklik has kämil usullaryndan peýdalanylyp spektrofotometriýa, titrometriýa, fotometriýa usullaryndan peýdalanylyp barlaglar amala aşyrylýar.
Fiziki-himiki barlaglar bölümçesi - daşky gurşawyň, atmosfera howasynyň, iş ýerleriniň howasynyň düzümini, ýaşaýyş, jemgyýetçilik we önümçilik jaýlaryň howasynyň mikroklimatyny, temperaturasyny, çyglylygyny, basyşyny, elektromagnit meýdanyny, güwwüldini, sandyramany, gohy, howanyň hereket tizligini ölçemek işleri alnyp barylýar; daşky gurşawyň faktorlary boýunça barlagdan geçirilýän nusgalyklaryň fiziki-himiki görkezijileri analizatorlar enjamlarynyň kömegi bilen gysga wagtda anyklanylýar.
Radiasion gigiýena barlaghana bölümi - ilatly nokatlaryň ýaşaýyş we jemgyýetçilik jaýlarynda we açyk ýerlerde howanyň, agyz suwunyň, topragyň, gurluşyk we durmuş harytlaryň, rentgen enjamlaryň dozimetriýa, radiohimiýa barlagy geçirilýär. Alfa, beta, gamma we rentgen spektrometriýa, radonometriýa usullary barlaghana gurallary arkaly alnyp barylýar.
Daşky gurşawyň howasynyň düzümindäki gamma şöhlelenmesiniň ekspozisiýa möçberiniň kuwwatyny kesgitlemekde ýokary duýujylykly gamma detektorly göçme enjamlary ulanylýar.
Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek bölümi:ilatymyzyň arasynda köpçülikleýin ýokanç keselleriň ýüze çykyp ýaýramagynyň öňüni almak, halkymyzyň sagdyn durmuşda ýaşamagy we geljekde ýaş neslimiziň sagdyn ösüp ýetişmegini gazanmak, ýokanç keselleri möwsüme laýyklykda öwrenmegi, köptaraplaýyn pudagara iş meýilnamalary esasynda dahylly edara-kärhanalar bilen utgaşdyryp, iş çärelerini alyp barýar. Ilatyň arasynda her bir hasaba alynýan ýokanç keselleriň hasaba alynyşy we keselleriň ýaş aýratynlyklary, ýüz tutmalary we ojaklaýyn hasaba alynyşy boýunça giňişleýin seljermeler geçirýär, monitoring edilip, dinamikasyny öwrenilýär.
Ilatyň arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek taýdan abadançylygyny üpjün etmek, ýokanç keselleriň getirilmeginiň we ýaýramagynyň öňüni almak maksady bilen yzygiderli gözegçiligi alnyp barylýar.
Barlaghanaly parazitologiýa bölümçesi: parazitar we tropiki keselleri dörediji ýönekeýjileri we gelmintleri öwrenmekde, parazitar keselleriň ýaýramagynyň öňüni almakda, epidemiýa garşy çäreleri gurnamakda, keselleriň ojaklaryny ýüze çykarmakda, parazitar keselleriň möwsümine laýyklykda öňüni alyş çärelerini gurnamakda, köptaraplaýyn pugdagara iş meýilnamalary esasynda dahylly edara-kärhanalar bilen utgaşdyrylyp iş çäreleri alnyp barýar. Bejeriş öňüni alyş edaralarynda, mekdeplerde we mekdebe çenli edaralarda gelmintlere barlaglary geçirmekde gözegçilik işleri alyp barýar.
Aýratyn howply ýokanç keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek bölümçesi - ilatymyzyň arasynda aýratyn howply ýokanç we karantin ýokanç keselleriň ýüze çykmagynyň, getirilmeginiň we ýaýramagynyň öňüni almak boýunça işleri alyp barýar. Bejeriş-öňüni alyş edaralarynyň aýratyn howply ýokanç kesellerine taýýarlygyna, anyklanylşyna we öňüni alyş çäreleriniň geçirilşine gözegçilik edýär. Ilatyň arassaçylyk abadançylygyny saklamak we goramak boýunça ilatyň arasynda aýratyn howply ýokanç kesellerini ýüze çykaryp biljek şertleriň, eýeçiligine garamazdan öňüni almakda keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek kada- kanunlaryna esaslanyp dahylly pudaklar bilen bilelikde meýilnamalary taýýarlaýar we ýerine ýetirilişine degişli guramalar bilen toparlaýyn barlaglary gurnaýar.
Welaýatyň çäginiň sanitariýa taýdan goralmagyny üpjün etmekde serhet geçelgeleriň gözegçilik geçiriş ýerlerinde aýratyn howply ýokanç we karantin ýokanç keselleriň daşyndan getirilmeginiň we ýaýramagynyň öňüni alyş we epidemiýa garşy çäreleriniň hem-de sanitariýa-epidemiologiki gözegçiligiň geçirilmegine gözegçilik edýär.
Aýratyn howply ýokanç keselleriň barlaghanasy - barlaghananyň esasy maksady ýurdumyzyň çägini aýratyn howply karantin ýokançlaryň getirilmeginden we ýaýramagyndan goramak çärelerinden ybaratdyr. Barlaglar ygtybarly we döwrebap usullar arkaly geçirilýär.
Bakteriologiýa barlaghanasy - ýokanç keselleriň öňüni alyş çäreleri bilen baglanyşykly geçirilýän bakteriologiýa barlaglarynyň, iýmit önümleriniň we azyklyk çig malynyň, suwuň, topragyň düzüminde we adamyň ýaşaýan gurşawynyň beýleki obýektlerinde, bejeriş öňüni alyş edaralarynyň içinde ýaýraýan ýokanç kesel dörediji mikroorganizmleriň ähli görnüşlerini anyklamaga mümkinçilikler berer.
Wirusogiýa barlaghanasy-wirusologiýa ugry boýunça merkezi barlaghana bolup, onda dümew keseliniň wiruslaryny, gepatitleri, gyzamyk, gyzylja we dürli görnüşli wirus kesellerini anyklamakda mikroskopiýa, immunoferment, polimeraz yzygiderli reaksiýasy, DNK-nyň sekwenirlenme usullary bilen awtomatlaşdyrylan enjamlary arkaly barlaglar amala aşyrylar.
300 orunlyk Mejlisler zaly
Mary welaýatynyň arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň binasynda 300 orunlyk mejlisler zalynyň gurulmagy Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarmyzyň türkmen halkyna peşgeş beren kitaplarynyň, saglygy goraýyş ulgamynda il saglygy ýurt abadançylygy ugrunda kabul eden kanunlarynyň, permanlarynyň tanyşdyryş dabaralaryny giňden geçirmäge mümkinçilik döredýär.
Okuw otaglary
Gullugyň hünärmenleriniň arasynda kämilleşdiriş okuwlaryny, Lukmançylyk orta hünär okuw mekdebiniň talyplarynyň arasynda nazary okuw sapaklaryny geçirmek üçin birnäçe okuw otaglary gurnalan. Bu okuw otaglarynda lukmançylykda ylmyň täze gazananlary bilen tanşyp, iş ýerlerinde ulanmak üçin peýdaly maglumatlary öwrenmek maksady bilen inreaktiw-multimediýa enjamlary hem-de sanly tehnologiýalar ornaşdyrylan.
Göçme barlaghana -dünýä ülňülerine laýyk gelýän barlaghana enjamlar toplumy bilen enjamlaşdyrylan «Mercedes-Benz» kompaniýasynyň ulagy bolup, fiziki, himiki we bakteriologiýa bölümlerden ybaratdyr. Göçme barlaghana daşky gurşawdaky zyýanly maddalaryň, topragyň, howanyň, agyz suwunyň, iýmit önümleriniň hem-de raýatlaryň iş şertleriniň fiziki, himiki, bakteriologiýa, toksikologiýa, radiologiýa barlaglaryny gysga wagtda geçirmek üçin niýetlenendir.Bu bolsa lukmanlaryň iş wagtyny tygşytlap, barlaglary ýokary netijede geçirmäge mümkinçilik berýär.
Edaranyň ady: Mary welaýatynyň Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugy
Salgysy: 745400, Mary welaýaty, Mary şäheri, Güljemal han köçesi, 5-nji jaý
Telefon belgisi: +993 (522) 5-06-66
Faks belgisi: +993 (522) 5-06-66
E-poçta salgysy: marysei@sanly.tm
Iş tertibi:
Duşenbe – Anna 08:00 – 16:00 (arakesme 13:00 – 14:00)
Şenbe 08:00 – 13:00
Gatnaw ulaglary:
Awtobuslar: 1
Ugur almak üçin bellik: Mary welaýat Köpugurly hassahanasynyň Göz keselleri bölümi
Edaranyň kartada ýerleşýän ýeri: Ýandeks Karta