Türkmenistanyň Prezidentiniň «Saglyk» Döwlet maksatnamasy (rejelenen görnüşi)
Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýurdumyzyň saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamy, şypahana hyzmatlary uly ösüşlere eýe boldy. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda işlenip taýýarlanan «Saglyk» Döwlet maksatnamasy iň gowy dünýä tejribesi esasynda ilatyň saglygyny goramak babatda düýpli özgertmelere badalga berdi. Milli saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmegiň ilkinji nobatdaky maksatlaryny we wezipelerini kesgitlän maksatnamalaýyn resminama ýurdumyzyň lukmançylygyny ösüşiň täze sepgitlerine çykarmagyň özboluşly döwlet kepiline, onuň ýokary halkara ölçeglere laýyk gelýän, hil taýdan täze, netijeli nusgasyny döretmegiň meýilnamasyna öwrüldi.
Ýurdumyzda 1995-nji ýylda kabul edilen «Saglyk» Döwlet maksatnamasy üstünlikli ýerine ýetirilýär. Tapgyrlaýyn durmuşa geçirilýän bu maksatnamanyň çäklerinde adamlaryň saglygyny berkitmäge hem-de keselleriň öňüni almaga gönükdirilen milli meýilnamalar durmuşa geçirilýär. Garaşsyz ösüşimiziň guwandyryjy üstünlikleriniň birine öwrülen «Saglyk» Döwlet maksatnamasyny amala aşyrmagyň ilkinji tapgyrlarynda saglygy goraýşa täze özgertmeler ornaşdyryldy, milli derman senagatynyň binýady berkidildi hem-de şypahana-dynç alyş ulgamy döredildi. 1995 — 1997-nji ýyllarda ýurdumyzda ilkinji lukmançylyk kömegini bermegiň maşgala usuly, raýatlaryň döwlet meýletin saglyk ätiýaçlandyrmasy, hassahana orunlaryny rejeli peýdalanmak boýunça çäreler girizildi. 1998 — 2000-nji ýyllarda iň öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen döwrebap saglygy goraýyş edaralarynyň täze ulgamy döredildi, şypahana işi düýpli ösüşe eýe boldy. 2001 — 2004-nji ýyllarda ulgamyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň kämilleşdirilmegi netijesinde, esasy üns keselleriň öňüni almaga gönükdirildi. 2005 — 2010-njy ýyllarda geçirilen toplumlaýyn çäreler raýatlara lukmançylyk hyzmatyny etmekde ykdysady netijeliligi gazanmaga ýardam etdi.
Türkmenistanda halkyň durmuşynda köp ulanylýan azyk önümleriniň saglyga peýdaly täsirini artdyrmaga dünýä ýurtlarynyň arasynda ilkinjileriň hatarynda girişildi. Uny demir, foliý turşusy, nahar duzuny ýod bilen baýlaşdyrmak işi doly ýola goýuldy. Ýurdumyzda dürli ýokanç keselleriň öňi alnyp, drakunkulýoz, poliomielit, gyzzyrma, gyzamyk we gyzylja keselleriniň ýok edilendigi, unuň demir we foliý turşusy, duzuň ýod bilen baýlaşdyrylýandygy barada halkara güwänamalar berildi. 2013-nji ýylyň 3-4-nji dekabrynda ýurdumyzda ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olaryň garşysyna göreşmek boýunça BSGG-niň ministrler maslahaty geçirilip, Aşgabat Jarnamasy kabul edildi. 2010 — 2014-nji ýyllarda geçirilen özgertmeler milli saglygy goraýyş ulgamyny halkara derejä çykarmaga mümkinçilik berdi. Bu ýyllarda dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalary we ylmy-lukmançylyk merkezleri bilen gatnaşyklar giňeldildi.
Türkmenistanyň Prezidentimiziň Karary bilen 2015-nji ýylda döwrüň talaplaryndan ugur alnyp, «Saglyk» Döwlet maksatnamasy we şu maksatnamany ýerine ýetirmegiň 2015 — 2017-nji ýyllar üçin Milli meýilnamasy tassyklanyldy. Maksatnama laýyklykda, Saglygy goraýyş boýunça köpulgamlaýyn pudagara topar tarapyndan degişli işler utgaşdyrylyp, olar pudagara toplumlaýyn meýilnamalar boýunça amala aşyrylýar.
Soňky 25 ýylda saglygy goraýyşda gazanylan üstünlikleri berkitmek hem-de ýurduň sagdyn geljege tarap alyp barýan üstünlikli ösüş ýoluny batly gadamlar bilen dowam etdirmek maksady bilen, 2021-nji ýylyň 26-njy martynda Türkmenistanyň Prezidentimiziň gol çeken Karary bilen, «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň rejelenen görnüşiniň hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Meýilnamasynyň tassyklanylmagy ulgamy kämilleşdirmek ugrundaky işleriň toplumlaýyn häsiýete eýedigini görkezýär. Şunda ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olara garşy göreşmek boýunça işlere hem uly orun degişlidir. «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň rejelenen görnüşinde ilatyň saglyk ýagdaýyny has-da gowulandyrmak, ynsan ömrüniň dowamlylygyny uzaltmak, keselleriň öňüni almak üçin ähli mümkinçilikler we şertler göz öňünde tutulýan kämil hem-de ýokary netijeli saglygy goraýyş ulgamyny döretmek esasy wezipe hökmünde öňde goýulýar. Bu Maksatnama Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019–2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň, saglygy goraýşy ösdürmek, ilaty arassa agyz suwy bilen üpjün etmek, sagdyn iýmitlenmek, sporty we syýahatçylygy ösdürmek, ýokanç däl keselleriň öňüni almak, çaganyň irki ösüşi we ony mekdebe taýýarlamak boýunça degişli Döwlet we Milli maksatnamalaryň, şeýle hem Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly Ösüş Maksatlarynyň, Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň maksatnamalarynyň esasynda işlenip taýýarlanyldy.
Ýurdumyzyň halkara abraýynyň barha artmagy diňe bir syýasy-ykdysady, ylym-bilim, medeniýet ulgamlarynda gazanylan üstünlikler däl-de, eýsem, saglygy goraýyşdaky öňegidişlikler bilen hem baglanyşyklydyr. Ýurdumyzda lukmançylygyň dünýä derejesinde ähmiýetli wajyp meselelerine bagyşlanan halkara ylmy-okuw maslahatlarynyň birnäçesi geçirilýär. Aşgabat ýurdumyzyň we beýleki döwletleriň lukmançylyk ulgamynyň ösüşini görkezýän halkara sergileriň paýtagtyna öwrüldi. Türkmenistan halkyň saglygyny goramak boýunça halkara çärelere işjeň gatnaşýar.
Ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynda has belent sepgitlere tarap ugur alynýar. Munuň subutnamasy sanardan kändir. Milli Liderimiziň baştutanlygynda «Türkmenhowaýollary» agentliginiň buýurmasy boýunça Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Kazan dikuçar zawody tarapyndan öndürilen lukmançylyk maksatly täze tiz kömek dikuçarlary ýurdumyza getirildi. Munuň özi ata Watanymyzyň şanly Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy we paýtagtymyz Aşgabadyň 140 ýyllygy mynasybetli Gahryman Arkadagymyzyň ähli saglygy goraýyş işgärlerine, ýurdumyzyň ýaşaýjylaryna peşgeş beren ajaýyp toý sowgady boldy. Dikuçar ýokary hilli gaýragoýulmasyz tiz kömek hyzmatlaryny ýerine ýetirmäge, ýöriteleşdirilen hassahanalara gysga wagtyň içinde näsaglary eltmäge mümkinçilik berýän iň döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyrylandyr.
Ýurdumyzda beden agzalarynyň ýa-da dokumalarynyň transplantasiýasy operasiýasyny amala aşyrmaga doly mümkinçilikler döredildi. Bu ugurdan dünýä tejribesini öwrenmek maksady bilen milli hünärmenlerimiz daşary ýurtlaryň öňde baryjy klinikalarynda hünär kämilleşdiriş okuwlarynda boldular hem-de böwrekleri transplantasiýa etmegiň tärlerini öwrenip, amaly endikleri ele aldylar. Ýurdumyzyň hirurgiýa ugurly merkezi bejeriş-öňüni alyş edaralarynyň hünärmenleri we Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň professor-mugallymlary Halkara okuw-ylmy merkezinde böwrekleri transplantasiýa etmegiň tejribe-synag operasiýalarynyň birnäçesini geçirdiler.
Ýurdumyzyň saglygy goraýyş edaralarynda beden agzalarynyň ýa-da dokumalarynyň transplantasiýasy operasiýasyndan soňky döwürde näsaglara gözegçilik etmek, zerur barlaglary geçirmek üçin ähli mümkinçilikler döredilip, degişli bejeriş-öňüni alyş edaralary zerur derman we saglygy goraýyş maksatly serişdeler bilen doly üpjün edilýär.
Saglygy goraýyş ulgamynda näsagda böwregi çalyşmak boýunça ilkinji operasiýanyň üstünlikli geçirilendigi diýseň begendiriji ýagdaýdyr. Böwrekleriň transplantasiýasy operasiýasy birnäçe ýyllardan bäri dowamly böwrek ýetmezçilikli näsagda onuň ýakyn garyndaşynyň böwregi alnyp, ýerine ýetirildi. Bu çylşyrymly operasiýa ýerli hünärmenlerimiz tarapyndan amala aşyryldy. Munuň özi saglygy goraýyş ulgamynda uly öňegidişlikleriň gazanylýandygyna ýene-de bir gezek şaýatlyk edýär.
Saglygy goraýyş ulgamynda ýetilen sepgitler, şeýle-de, sagdyn durmuş ýörelgesi baradaky düşünjäni köpçüligiň aňynda berk ornaşdyrmak maksady bilen geçirilýän wagyz-nesihat işleri ilatyň ömrüniň dowamlylygyny uzaltmaga, keselçiligiň derejesini peseltmäge, keselleriň ýaýramagynyň öňüni almaga ýardam edýär. Munuň özi döwletiň berk binýady bolan sagdyn jemgyýetiň kemala gelýändigine şaýatlyk edýär.
Garaşsyz Watanymyzda her ýylyň 10-njy oktýabrynda Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni bellenilýär, saglygy goraýyş işgärleriniň durmuş goraglylygyny pugtalandyrmak hakynda uly aladalar edilýär. Bularyň ählisi ýurdumyzda milli saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmek boýunça wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändigine şaýatlyk edýär.