Şriftiň ölçegi:
A
A
A
A
Reňk sazlaşygy:
A
A
A
Suratlar:
Saýtyň asyl görnüşi

Halkara fiziologiýa-ylmy kliniki merkezi

Täze Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkezinde geljekde ýurdumyzda we sebitde köp duş gelýän keselleri, şol sanda süýjüli diabet, dem alyş ýollarynyň we gan aýlanyş ulgamynyň, madda çalşygynyň kesellerini, aralýaka sebitiň adamyň saglygyna oňaýsyz täsirini, dermanlyk ösümlikleriň melhemlik täsirini, allergologiýanyň we immunologiýanyň, kadaly iýmitlenmegiň, fiziki işjeňligiň, sportuň we zähmetiň fiziologiýasyny öwrenmek, şeýle hem bu ugurlar boýunça kliniki, okuw, ylmy we barlaghana işlerini alyp barmak meýilleşdirilýär.


Bu merkeziň düzüminde ylmy-kliniki barlaghana, fiziologiýa, diabet we umumy bölümler hem-de Myrat Garryýew adyndaky Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň degişli kafedralary üçin okuw otaglary we beýleki bölümleri göz öňünde tutulýar.


Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkezi bäş gatdan ybarat bolup, onuň gurluşyk meýdany 6 gektara barabar bolar. Desganyň ýanaşyk ýerinde 240 orunlyk awtoduralgany gurmak meýilleşdirilýär. Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkezi ýurdumyz boýunça arid zolagyň meselelerini öwrenýän merkezi bejeriş-öňüni alyş edarasy bolup hyzmat eder.

banner
banner
banner