Şriftiň ölçegi:
A
A
A
A
Reňk sazlaşygy:
A
A
A
Suratlar:
Saýtyň asyl görnüşi

Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkezi

500 orunlyk Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkezi Aşgabadyň demirgazyk bölegindäki «Çoganly» ýaşaýyş toplumynyň çäginde — beýleki lukmançylyk merkezleriniň ýakynynda bina ediler. Ýewropada we dünýäniň ösen döwletlerinde öndürilen döwrebap lukmançylyk enjamlary bilen üpjün ediljek bu merkezde dürli onkologiýa kesellerini öz wagtynda ýüze çykarmak, netijeli bejermek üçin anyklaýyş, bejeriş, saglygy dikeldiş boýunça birnäçe bölümler hereket eder. Merkezde anesteziologiýa we reanimasiýa, gatnaw şertlerinde himiýa bejergi berilýän bölümler, operasiýa, neýroonkologiýa, kelle we boýun çiş keselleri, aýal onkologiýa keselleri, süýt mäzleriniň onkologiýa keselleri, döş kapasasy we garyn hirurgiýasy, bagyr-aşgazanasty mäziň onkologiýasy, umumy onkologiýa, himiýaterapiýa we şöhle bilen bejeriş, agyr onkologiki näsagyň ýagdaýyny ýeňilleşdirmäge kömek bermek ýaly bölümlerde ýokary derejeli bejeriş-öňüni alyş çäreleri geçiriler.


Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň düzümine gematologiýa merkezi, barlaghana, anyklaýyş we maslahat beriş hem-de rentgen arkaly anyklaýyş bölümleri, sitologiýa, molekulýar-genetika bölümleri, dermanhana, kömekçi we beýleki bölümler giriziler.


Bu ýerde Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň onkologiýa, şöhle bilen bejeriş we anyklaýyş kafedrasy hem ýerleşdiriler. Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkezinde dünýäniň öňdebaryjy hassahanalary bilen hyzmatdaşlyk etmek, onkolog lukmanlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak, kliniki ordinatorlary, ylmy işgärleri taýýarlamak boýunça okuwlary guramak, ylmy-barlag işlerini ýerine ýetirmek meýilleşdirilýär.

banner
banner
banner