Stomatologiýa merkezi
Paýtagtymyzyň «Köşi» ýaşaýyş toplumynda guruljak 80 orunlyk täze Stomatologiýa merkezi agyz boşlugynyň keselleriniň öňüni almak, olary irki döwürde anyklamak we netijeli bejermek, bu ugurda işleýän lukmanlar üçin okuwlary guramak, olaryň bilim derejelerini hem-de hünär kämilligini ýokarlandyrmak üçin ähli mümkinçiliklere eýe bolar. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýygnananlary bu şanly waka bilen gutlap, 1995-nji ýylda kabul edilen «Saglyk» Döwlet maksatnamasynda dürli keselleriň diňe bir bejerilmeginiň däl, eýsem, öz wagtynda öňüniň alynmagynyň hem ilkibaşdan ileri tutulýan wezipe hökmünde kesgitlenendigini nygtady. Stomatologiýa häzirki zaman lukmançylygynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Çünki dişleriň we agyz boşlugynyň keselleriniň mümkin bolan gaýra üzülmeleri köp sanly beýleki kesellere getirýär. Merkezde häzirki zaman lukmançylygynyň iň döwrebap enjamlary we tehnologiýalary ulanylar. Hyzmatlar agyz boşlugynyň dürli keselleri bilen kesellän hassalaryň adaty durmuşa gaýdyp gelmegine, ýaşaýşynyň hiliniň gowulanmagyna we işe ukybynyň dikelmegine oňyn täsir eder.