Şriftiň ölçegi:
A
A
A
A
Reňk sazlaşygy:
A
A
A
Suratlar:
Saýtyň asyl görnüşi
2025-2026-njy okuw ýylynyň ikinji ýarym ýyllygynyň ilkinji okuw sapagy
31 Ýanwar 2026

2025-2026-njy okuw ýylynyň ikinji ýarym ýyllygynyň ilkinji okuw sapagy

    “Garaşsyz, Baky  bitarap  Türkmenistan – Bedew  batly At – myradyň  mekany”  diýilip  yglan  edilen  2026-njy  ýylda  ösüp  gelýän  ýaş  nesli  Watanyna  çäksiz  buýsanç,  söýgi  we  hormat  goýmak  ruhunda  terbiýelemek, babatda 2025-2026-njy  okuw  ýylynyň  ikinji  ýarymýyllygy  guramaçylykly  başlandy.  Berkarar  döwletiň  täze  eýýamynyň  Galkynyşy  döwründe   Hormatly Gahryman Prezidentimiziň bilim  we saglygy  goraýyş  ulgamlaryny  özgertmek  we  ösdürmek  ugrunda  alyp  barýan  döwlet  syýasatyny  wagyz-nesihat  etmek  maksady  bilen,  I.Gandi  adyndaky  Aşgabat  lukmançylyk  orta  okuw  mekdebiniň  mugallymlary  we  talyp  ýaşlary “Garaşsyz, Baky  bitarap  Türkmenistan – Bedew  batly At – myradyň  mekany” ady  bilen,  ikinji  ýarymýyllygynyň  ilkinji  okuw  sapagyny  geçdiler.


    Bu  syýasy  ähmiýetli sapagynyň  dowamynda  Gahryman  Arkadagymyzyň  howandarlygynda we  Arkadagly  Gahryman  Serdarymyzyň   baştutanlygynda döwletimizde  milli  bilim  ulgamyny ösdürmek,  döwrebaplaşdyrmak  babatda  edilýän  ähli  tagallalary  barada  aýratyn  bellenildi. Gahryman  Arkadagymyzyň  we  Arkadagly  Gahryman  Serdarymyzyň  paýhasyndan  kemal  tapan  ylmy-ensiklopedik  eserleri,  filosofik  kitaplary, syýasy  ýörelgeleri  içgin  beýan  edildi,  pedagogik  we  terbiýçilik  ugrunda milli  mirasymyzyň  tükeniksiz  hazynasy  bolýandyklary  barada  uly  buýsanç  bilen  beýan edildi.

​​

    Ýaşlary  edep- ekramly, ruhy  taýdan taplanan  bolup  ýetişmekleri,  bilim  almaklary, geljeki  hünärine  höwesli, Watanyna we  Prezidentine,  Gahryman Arkadagymyza wepaly bolmaklary,    ýurdumyzyň  bähbidi üçin  tutanýerli  zähmet  çekip,  abraýyny  belentliklere  ýetirmek  ugrunda alnyp  barylmaly  işlerde mugallymlaryň  örän  möhüm  ornunyň  bardygy  barada  aýdyldy.


    Gahryman  Prezidentimize we Gahryman  Arkadagymyza  çäksiz  sagbolsunlar  aýdyldy,  olara  berk  jan  saglyk,  uzak  ömür,  tükeniksiz  bagtyýarlyk  we  işlerinde  rowaçlyk  arzuw  edildi.


banner
banner
banner