Şriftiň ölçegi:
A
A
A
A
Reňk sazlaşygy:
A
A
A
Suratlar:
Saýtyň asyl görnüşi
7-8-nji aprelde saglygy goraýyş boýunça XII Türkmen-german forumy geçiriler
01 Mart 2025

7-8-nji aprelde saglygy goraýyş boýunça XII Türkmen-german forumy geçiriler

Türkmenistanda 7-8-nji aprelde saglygy goraýyş boýunça XII Türkmen-german forumyny geçirmäge taýýarlyk görülýär. TDH-niň habar berşi ýaly, bu barada 28-nji fewralda sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer B.Orazdurdyýewanyň hasabatynda aýdyldy.

​

Hasabatda bellenilişi ýaly, forumy Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Halkara okuw-ylmy merkezinde sanly ulgam arkaly geçirmek hem-de onda pediatriýanyň, onkologiýanyň, amaly lukmançylyga sanly tehnologiýalary we intellektual-seljeriş ulgamlaryny ornaşdyrmagyň ähmiýetini ara alyp maslahatlaşmak göz öňünde tutulýar.

​

Çärä Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Saglygy goraýyş ministrliginiň we öňdebaryjy klinikalarynyň professorlarynyň, Türkmenistanyň hassahanalarynyň lukmanlarynyň, Myrat Garryýew adyndaky Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň professor-mugallymlarynyň, talyplarynyň gatnaşmagyna garaşylýar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

​

Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, milli saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmekde dünýäniň öňdebaryjy lukmançylyk merkezleri bilen hyzmatdaşlyga uly ähmiýet berilýändigini belledi.

​

Döwlet Baştutany Germaniýa Federatiw Respublikasynyň saglyk merkezleri bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, saglygy goraýyş boýunça nobatdaky Türkmen-german forumyny geçirmek baradaky teklibi makullap, wise-premýere degişli işleri alyp barmagy tabşyrdy.

​

banner
banner
banner