Şriftiň ölçegi:
A
A
A
A
Reňk sazlaşygy:
A
A
A
Suratlar:
Saýtyň asyl görnüşi
Ärdogan Serdar Berdimuhamedowa gutlag hatyny iberdi
22 Sentýabr 2025

Ärdogan Serdar Berdimuhamedowa gutlag hatyny iberdi

Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa doglan güni mynasybetli gutlag hatyny iberdi. Ol hatynyň başynda türkmen kärdeşini doglan güni bilen tüýs ýürekden gutlap, berk jan saglyk, uzak ömür arzuw edýär.


"Halklarymyzyň umumy dil, taryh we medeni köklerine daýanýan gadymdan gelýän dost-doganlyk gatnaşyklarynyň häzirki wagtda has-da pugtalandyrylýandygyna buýsanýaryn. Bilelikdäki tagallalaryň netijesinde hyzmatdaşlyk gatnaşyklarymyzyň ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn görnüşde, şol sanda Türki Döwletleriň Guramasynyň çäklerinde mundan beýläk-de ösdüriljekdigine berk ynanýaryn" diýip, Prezident Rejep Taýyp Ärdogan "Türkmenistan" gazetinde çap edilen gutlag hatynda nygtaýar.


Türk Lideri gutlag hatynyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidentini doglan güni bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlap, berk jan saglyk, abadançylyk, Türkmenistanyň gülläp ösüşiniň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri, doganlyk türkmen halkyna bolsa rowaçlyk, bagtyýarlyk arzuw edýär.


banner
banner
banner