Şriftiň ölçegi:
A
A
A
A
Reňk sazlaşygy:
A
A
A
Suratlar:
Saýtyň asyl görnüşi
Arkadag şäherindäki çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň işi boýunça maslahat geçirildi
06 Mart 2025

Arkadag şäherindäki çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň işi boýunça maslahat geçirildi

5-nji martda Arkadag şäherinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewanyň we Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda maslahat geçirildi.

​

Onuň barşynda çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde alnyp barylýan işler barada pikir alşyldy. Şeýle hem bu ýerde gaznanyň işini mundan beýläk-de ýokary derejede ýola goýmak bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada TDH habar berýär.

​

Bellenilişi ýaly, gün tertibi boýunça Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezi tarapyndan degişli döwürde alnyp barlan işler, merkezde döredilen mümkinçilikler, bejergi alýan çagalaryň saglyk ýagdaýy baradaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

​

Maslahatyň dowamynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýardam bermeginde operasiýa geçirilen çagalaryň bu ýerde degişli dikeldiş bejergilerini alýandyklary barada aýdyldy.

​

Şu ýyl ynsanperwer ýörelgeleri esasy ugur edinýän gaznanyň döredilmegine 4 ýyl bolýar. Şoňa görä, maslahatda bu şanly sene mynasybetli guraljak çäreler boýunça özara pikir alyşmalar boldy. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň direktory häzirki wagtda lukman Arkadagymyzyň tagallasy bilen işlenip taýýarlanylan “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň rejelenen görnüşine laýyklykda, çagalaryň sazlaşykly ösüşine, sagdyn nesiller bolup ýetişmeklerine döwlet derejesinde uly ähmiýet berilýändigini nygtady.

​

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti häzirki döwürde sagdyn ýaş nesli kemala getirmegiň döwletimiziň hemişelik üns merkezinde saklanýandygyna ünsi çekdi.

​

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň çagalar bakja-bagyna we bejeriş binasyna hem baryp gördi.

​

banner
banner
banner