Arkadagly Gahryman Serdarymyz milli miraslarymyza uly üns berýär
    Netijeli dikeldiş bejergileri alýan çagalara Gahryman Lukman Arkadagymyzyň  halypa lukman maslahaty we teklipleri boýunça  Arkadag şäheriniň Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde adaty dikeldiş bejergileri  bilen bir hatarda tebigy dikeldiş bejergisi bolan  ippoterapiýa bejergileri üstünlikli amala aşyrylýar.Gahryman Arkadagymyz öz ylmy eserlerinde belleýşi ýaly  milli mirasymyza degişli bolan ahalteke bedewleriň aýratynlyklary, olaryň gözelligi, ýyndamlygy, owadanlygy, gelip çykyşy tebigatyň täsinligi bolup, diňe bir milli mirasymyza, tebigy gözelliklere degişli bolmagy bilen çäklenmän eýsem tebigy güýçli bejeriji häsiýete eýedir. Ahalteke bedewlerimiz, diňe milli mirasymyza degişli bolmak bilen çäklenmän eýsem olaryň adamyň saglygyna hem ýetirýän peýdaly täsiri örän uludygyny       we  onuň  ähmiýetini  lukmançylykda meşgurlyk gazanan alymlarymyz  bolan Gippokrat, Abu Ali ibn Sina hem beýan edipdirler. Arkadagly   Gahryman Serdarymyz milli miraslarymyza uly üns bermegi bilen, milli tebigy mirasymyzy aýawly saklap,ony nesillerimize miras galdyrmakda we tebigy bejeriji güýjüni netijeli, rejeli peýdalanmakda döwlet derejesinde hemme zerur bolan amatlyklary döredýär.


