Aşgabadyň A. S. Puşkin adyndaky teatrynda «Şemaly ozup» atly spektaklyň premýerasy görkezildi
Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli A.S. Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatrynyň döredijilik topary Wladislaw Dawydowyň pýesasynyň esasynda taýýarlanan «Обгоняя ветер» («Şemaly ozup») atly spektakly tomaşaçylara hödürledi.
Spektaklda beýan edilýän wakalara görä, seýis-aganyň Kuwwatly diýen ne gözelligi, ne-de ýyndamlygy boýunça deňi-taýy bolmadyk bedewi bolupdyr. Bu at bir iňlise diýseň ýarapdyr we ol her näme bolsa-da ony satyn almak kararyna gelýär — diýip, «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiri bu spektaklyň näme hakynda barýandygyny habar berýär.
Ser Jonuň arzuwyny amala aşyrmaga iňlis zenanyna aşyk bolan terjimeçi Ýelken kömek etmegi öz üstüne alýar. Ýelken at üçin uly möçberde pul teklip edýär, emma seýis-aga onuň teklibini ret edýär. Şeýlelikde, bu ýagdaý dartgynly wakalaryň ýüze çykmagyna getirýär.
Aktýorlar öz keşplerini ýokary derejede ýerine ýetirdiler: Kerim Ataýew (seýis-aga), Igor Abdrimow (Ýelken), Türkmenistanyň at gazanan artisti Swetlana Troiskaýa (goňşy aýal), Mariýa Durdyýewa (seýisiň gyzy), Swýatoslaw Lawin we Aýlara Baýramowa (iňlisler).
Režissýor Baýram Garajaýew:
«Pýesa aktýorlary şeýle bir ruhlandyrdy welin, olaryň hemmesi öz keşplerini kemsiz ýerine ýetirdiler. Diňe bir kynçylyk ýüze çykdy, ol hem at bilen bagly boldy. Hakykata mümkin boldugyça ýakyn butafor at döretmek aňsat iş bolmady. «Şemaly ozup» spektaklynyň terbiýeçilik mazmuny sebäpli, onuň uzak ýyllaryň dowamynda teatryň iň köp tomaşaçy çekýän eserleriniň biri boljakdygyna umyt edýäris».


