Aşgabatda 500 orunlyk köpugurly hassahananyň düýbi tutuldy
Şu gün Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli, Aşgabatda 500 orunlyk köpugurly hassahananyň düýbüni tutmak dabarasy boldy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Bellenilişi ýaly, ir bilen paýtagtyň günorta künjeginde baýramçylyk ýagdaýy emele geldi. 500 orunlyk Aşgabat şäher köpugurly hassahanasynyň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşmak üçin bu ýere Mejlisiň Başlygy, Hökümet agzalary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, şeýle hem köp sanly daşary ýurtly myhmanlar, saglygy goraýyş işgärleri ýygnandylar.
Dabarada aýdym-saz we tans toparlarynyň şowhunly çykyşlary ýaýbaňlandyryldy.
Çäräniň barşynda ýadygärlik ýazgy ýazylan ýörite gutujyk 500 orunlyk Aşgabat şäher köpugurly hassahanasynyň gurluşyk meýdançasynyň düýbüne atyldy we desganyň gurluşygyna resmi taýdan badalga berildi.
Hassahanada häzirki zaman lukmançylygynyň iň döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrylyp, onda adamlaryň saglygyny berkitmekleri hem-de ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlaryndan peýdalanmaklary üçin şertler dörediler.