Şriftiň ölçegi:
A
A
A
A
Reňk sazlaşygy:
A
A
A
Suratlar:
Saýtyň asyl görnüşi
Aşgabatda gümrük işinde özara hyzmatdaşlygy güýçlendirmek boýunça halkara forumy geçirildi
01 Maý 2026

Aşgabatda gümrük işinde özara hyzmatdaşlygy güýçlendirmek boýunça halkara forumy geçirildi

29-30-njy aprel aralygynda Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy tarapyndan guralan «Sebitleýin okuw merkeziniň sebitara özara baglanyşygy berkitmekdäki orny» atly halkara maslahat geçirildi.


Çärä Gazagystan, Gyrgyzystan we Russiýa Federasiýasyndaky Bütindünýä gümrük guramasynyň Sebitleýin okuw merkezleriniň wekilleri, hem-de wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly Ýaponiýanyň we Wengriýanyň Sebitleýin okuw merkezleriniň wekilleri, şeýle hem Bütindünýä Gümrük Guramasynyň Sekretariatynyň wekili, bu guramanyň Baku şäherindäki Mümkinçilikleri ösdürmek boýunça sebitleýin edarasynyň müdiri we wekili, Gruziýanyň, Täjigistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň we Özbegistan Respublikasynyň (onlaýn) gümrük edaralarynyň wekilleri gatnaşdylar.


Maslahatyň açylyş dabarasyna Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň hem-de halkara guramalaryň Türkmenistandaky wekilhanalaryň wekilleri gatnaşdy.


Maslahatda gümrük edaralarynyň işgärleriniň hünär mümkinçiliklerini ösdürmek, işgärleri taýýarlamak boýunça tejribe alyşmak hem-de sebitleýin okuw merkezleriniň arasynda amaly hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meseleleri maslahatlaşyldy.


Maslahatyň ikinji güni BGG-niň Türkmenistandaky Sebitleýin okuw merkeziniň binýadynda geçirildi. Bu ýerde gatnaşyjylar mejlisleriň çäklerinde işlerini dowam etdirip, Okuw merkeziniň mümkinçilikleri bilen tanyşdylar. Maksatnama laýyklykda, çärä gatnaşyjylar Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň Merkezi edarasyna hem baryp gördüler.


Maslahatyň çäklerinde Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygynyň orunbasarynyň Azerbaýjan Respublikasynyň Döwlet gümrük komitetiniň başlygynyň orunbasary bilen ikitaraplaýyn duşuşygy geçirildi. Bu barada Gümrük gullugynyň resmi saýtynda habar berildi


banner
banner
banner