10 Dekabr 2025
Aşgabatda Pezeşkian bilen Putiniň arasynda gepleşikleriň geçirilmegine garaşylýar
Eýranyň Prezidenti Masud Pezeşkianyň we Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putiniň Aşgabatda duşuşmagy meýilleşdirilýär. Bu barada Eýran Yslam Respublikasynyň Moskwadaky ilçisi Kazem Jalali habar berdi.
Ozal «Turkmenportal» Wladimir Putiniň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, Halkara Bitaraplyk gününe hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan foruma gatnaşmak üçin Aşgabada geljekdigi, şol sanda daşary ýurtly kärdeşleriniň birnäçesi bilen ikitaraplaýyn gepleşikleri geçirjekdigini barada habar beripdi.
Çeşme:TURKMENPORTAL


