Şriftiň ölçegi:
A
A
A
A
Reňk sazlaşygy:
A
A
A
Suratlar:
Saýtyň asyl görnüşi
Aşgabatda saglygy goraýyş, bilim we sport ulgamlarynyň halkara sergisi açyldy
10 Oktýabr 2025

Aşgabatda saglygy goraýyş, bilim we sport ulgamlarynyň halkara sergisi açyldy

10-njy oktýabrda Aşgabatda Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergi hem-de ylmy maslahat öz işine başlady.


Forumy Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Bilim ministrligi, Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti hem-de Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilelikde guraýar.


3 günläp dowam etjek Sergä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň hünärmenleri, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary, türkmen işewürleri, şeýle hem daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleri gatnaşýar.


Sergi 10-11-nji oktýabrda 10:00-dan 18:00-a çenli, 12-nji oktýabrda bolsa 15:00-a çenli işlär.


Çeşme:
banner
banner
banner