Şriftiň ölçegi:
A
A
A
A
Reňk sazlaşygy:
A
A
A
Suratlar:
Saýtyň asyl görnüşi
Birža söwdalarynda geleşikleriň 20-den gowragy hasaba alyndy
10 Mart 2026

Birža söwdalarynda geleşikleriň 20-den gowragy hasaba alyndy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 24-si hasaba alyndy. Daşary ýurtly işewürler bilen baglaşylan geleşikleriň bahasy ABŞ-nyň 14 million 611 müň dollaryndan gowrak boldy. Bu barada TDH habar berýär.


Habarda bellenilişi ýaly, Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen suwuklandyrylan gazy satyn aldylar.


Şeýle hem Türkiýäniň, BAE-niň, Hindistanyň, Serbiýanyň, Owganystanyň, Özbegistanyň, Gyrgyzystanyň telekeçilerine nah ýüplük, jins önümleri, buýan köküniň goýy ekstrakty, bugdaý uny, portlandsement we gazbeton bloklary ýerlenildi.


Ýurduň işewürleri içerki bazar üçin jemi bahasy 253 million 664 müň manatdan gowrak bolan binýatlyk ýagy, nebit ýol bitumyny, polipropileni («Türkmennebit» döwlet konserni), bugdaý ununy, nah ýüplügi, nah matany satyn aldylar.


banner
banner
banner