Şriftiň ölçegi:
A
A
A
A
Reňk sazlaşygy:
A
A
A
Suratlar:
Saýtyň asyl görnüşi
Ýurdumyzda böwrek transplantasiýa operasiýalary yzygiderli geçirilýär
20 Iýun 2023

Ýurdumyzda böwrek transplantasiýa operasiýalary yzygiderli geçirilýär

Ýurdumyzda näsagda böwrek çalyşmak boýunça ilkinji operasiýanyň üstünlikli geçirilendigi baradaky hoş habar öň halkymyzyň dykgatyna uly şatlyk bilen ýetirilipdi. Şol wagt böwrek transplantasiýa operasiýasy birnäçe ýyllardan bäri dowamly böwrek ýetmezçilikli näsaga özüniň ýakyn garyndaşynyň böwregi alnyp, ýerine ýetirilipdi. Şol çylşyrymly operasiýa ýerli hünärmenlerimiz tarapyndan amala aşyrylyp, örän üstünlikli geçirilipdi. Häzirki döwürde böwregini beren adamyň we böwrek oturdylan näsagyň ýagdaýy kanagatlanarly, olar lukmanlaryň gözegçiliginde saklanýar. Şondan bäri hem şeýle operasiýalar diýarymyzyň dürli-dürli iri lukmançylyk merkezlerinde ak halatly lukmanlarymyz tarapyndan ökdelik bilen yzygiderli geçirilýär. 

Şeýle çylşyrymly işler milli lukmanlarymyzyň hem-de saglygy goraýyş ulgamynyň gazanan uly üstünlikleridirMilli kanunçylygymyza laýyklykda, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan ýurdumyzda adamyň beden agzalaryny ýa-da dokumalaryny transplantasiýa etmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen, häzir wagtda ýurdumyzda beden agzalarynyň ýa-da dokumalarynyň transplantasiýasy operasiýasyny amala aşyrmaga doly mümkinçilikler döredildi. Bu ugurda dünýä tejribesini öwrenmek maksady bilen milli hünärmenlerimiz daşary ýurtlaryň öňdebaryjy klinikalarynda hem yzygiderli hünär kämilleşdiriş okuwlarynda bolýarlar we böwrekleri transplantasiýa etmegiň tärlerini öwrenip, amaly endikleri ele alýarlar. Ýurdumyzyň hirurgiýa ugurly merkezi bejeriş-öňüni alyş edaralarynyň hünärmenleri we Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň professor-mugallymlary Halkara okuw-ylmy merkezinde böwrekleri transplantasiýa etmegiň tejribe-synag operasiýalaryny yzygiderli geçirip durýarlar.


Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň 

Saglygy goraýşyň habarlar merkezi

banner
banner
banner